Ï «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylara

view-icon 831
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Eziz ildeşler!


Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, ýurdumyzyň energetika pudagyny has-da ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, energetika senagatynyň ösdürilmegi üçin hem zerur şertler döredildi. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013—2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, geljekde elektrik energiýasynyň öndürilişi düýpli artdyrylar. Ýakyn wagtlarda obalarda, şäherçelerde, etrap merkezlerinde energiýa paýlaýjy ulgamlaryň, transformator beketleriniň durky täzelener.

Biz energetika pudagyny durnukly ösdürmek bilen, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny yzygiderli artdyrýarys. Gysga döwürde uly we döwrebap elektrik stansiýalarynyň, täze elektrik geçirijileriniň gurulmagy netijesinde energetika pudagy barha kuwwatlanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara yzygiderli artýan möçberde ibermäge mümkinçilik berýär. Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Atamyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň serhedine çenli çekilen ýokary güýjenmeli howa elektrik geçirijisi goňşy ýurda iberilýän elektrik energiýasynyň hilini gowulandyrdy. Ýolöten—Tagtabazar aralygynda gurlan 220 kilowolt güýjenmeli howa elektrik geçirijisi bolsa, Ymamnazar—Andhoý ugry boýunça Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Gadyrly dostlar!

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013—2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, ýakyn geljekde Türkmenistanyň energetika pudagynyň önümçilik desgalarynyň hataryna ýurdumyzyň welaýatlarynda guruljak dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalary hem goşular. Döwrebap we ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi bilen, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalanar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we olaryň täzelerini gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçirijileri, paýlaýjy ulgamlar gurulýar. Paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda energiýa üpjünçilik we daşky yşyklandyryş ulgamlaryny täzelemek işleri alnyp barylýar. Energetika senagatynda pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde iň täze, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak ýurdumyzyň energetika pudagynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistan energetika senagatynda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygideri durmuşa geçirmek bilen, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Daşary ýurtly sarp edijilere energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek öňde goýan esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar.

Hormatly myhmanlar!

Şu gün geçirilýän halkara sergisinde we ylmy maslahatda Türkmenistanyň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň ýollary we mümkinçilikleri barada maglumatlary almaga, şeýle hem täze, geljegi uly taslamalary hödürlemäge, pudakda ýetilen sepgitleri görkezmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, energiýanyň täzelenýän çeşmelerini netijeli ulanmagyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň kärhanalaryna we köp sanly daşary ýurt kompaniýalaryna özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleriň dörejekdigine ynanýaryn.

Mähriban adamlar!
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar!


Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde mydama rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow