Daşary ýurtly wekiliýetleriň Türkmenistana amala aşyrýan köpsanly saparlary, işewür duşuşyklar hem-de syýasy geňeşmeler, halkara sergileri, maslahatlary we medeni çäreler ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda geçirýän işleriniň görkezijisi bolup durýar.
Awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki toparyň iş maslahaty geçirildi. Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.
BMG-niň edaralarynyň we düzümleriniň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşan duşuşygynyň çäklerinde ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň esasynda kesgitlenilen maksatlar, pudaklaýyn meýilnamalar we olara goşulyşmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
3-nji awgustda HHR-iň wekiliýeti bilen bolan duşuşykda dostlukly ýurduň aýry-aýry welaýatlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine garaldy. Hytaýyň wekiliýeti Şansi welaýatynyň daşary aragatnaşyklar we migrasiýa boýunça söwda müdirliginiň başlygynyň orunbasary jenap Szýuý Çženiň ýolbaşçylygynda Aşgabada geldi.
Awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň “Erteki gürrüň berijilik sungaty” Aziýa komitetiniň maslahaty halkymyzyň ajaýyp ruhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge, aýawly saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge, sebitiň halklarynyň milli eposlaryny, rowaýatlaryny ýygnamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen duşuşyga Koreýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň alymlary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
Her ýyl geçirilýän Hazar deňziniň güni hem Türkmenistanyň tebigaty goraýyş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrmaga, ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. Däp bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda bellenilýän baýramçylyk Daşary işler ministrligi, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan gurady.
Dabaralaryň maksatnamasyna medeni köpçülikleýin hem-de sport çäreleri, şeýle hem “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: Hazar deňziniň gurşawyny goramak ulgamynda gazanylanlar” atly ylmy –amaly maslahat girdi. Maslahata ekologlar, tebigaty goraýyş düzümleriniň, işi Hazar deňzi bilen baglanyşykly pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň we halkara guramalarynyň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň /BMGÖM/, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň /ÝHGG/, Bütindünýä bankynyň we beýlekileriň wekilleri bar. Deňiz ýakasynyň çagalar döredijilik toparlarynyň konserti baýramçylyk gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi, olar şu sebitiň milli tanslaryny hem-de aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bahasyna ýetip bolmajak taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, saklamak we gaýtadan dikeltmek boýunça işleriň ähmiýeti has-da artýar. Biziň ýurdumyz şeýle ýadygärliklere örän baýdyr. Olar türkmen halkynyň ruhy durmuşy üçin uly ähmiýete eýedir hem-de dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.
Abraýly halkara guramalary we gaznalary, şol sanda “ABŞ-nyň ilçisiniň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasy” bilen hyzmatdaşlyk etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu Gazna ýurdumyzda eýýäm dürli taslamalaryň 20-sini durmuşa geçirmäge gatnaşdy. Şu ýyl onuň goldaw bermeginde Lebap welaýatynda ýerleşýän, orta asyrlara degişli Daýahatyn kerwensaraýynda hem-de Daşoguz welaýatyndaky Ysmamytata binagärlik toplumynda dikeldiş işleri tamamlandy. Şolaryň birinjisinde dikeldiş işleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri, beýlekisinde bolsa Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
12-nji awgustda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň ýüz tarapyndaky XV asyra degişli mozaikalary dikeltmek boýunça işleriň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu taslama üç ýyl mundan ozal badalga berildi hem-de muzeýiň işgärleri we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndaky kärdeşleri tarapyndan üstünlikli amala aşyryldy. Taslamanyň netijeleriniň tanyşdyryşynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Allan Mastard çykyş etdi. Ol türkmen rejeleýjileriniň zähmetine ýokary baha berdi hem-de milli gymmatlyklary aýawly saklamak işinde olara täze üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fransua Delaus bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tomsuň soňky aýynda türkmen-hytaý gatnaşyklary üçin hem ähmiýetli wakalaryň ençemesi bolup geçdi. 15-nji awgustda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.
Şeýle hem hytaý wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň barşynda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky kiçi komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. 21-24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Týanszin şäherine (Hytaý Halk Respublikasy) iş saparyna iberildi, şol ýerde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 4-nji mejlisi geçirildi.
15-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ysraýylyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini nygtap, yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň köpugurly türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygyny ilerletmäge ýardam edýän ähmiýetli gurallaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Ysraýyl wekiliýetiniň agzalary bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda tejribe hem-de işgärleri alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Iki ýurduň Medeniýet günlerini we türkmen hem-de ysraýyl işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahatlaryny geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
22-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Roseli bin Abdula bilen geçirilen duşuşykda syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.
Ýangyç-energetika toplumynda, ykdysadyýetde, işewürlikde, syýahatçylykda, bilim, medeni- ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam eder. Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýakupitiýa Kuruppu Araççige Rohanjitha kabul edildi. Taraplar şu ýylda iki dostlukly döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýandygyny nazara almak bilen, bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça teklipleri öňe sürdüler. Diplomat ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesinde duşuşyklary geçirdi, olaryň barşynda söwda-ykdysady, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda, nebitgaz hem-de beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
22-nji awgustda DIM-de Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oktawino Alimudyn bilen bolan duşuşygyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy hem-de ony has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.
Şol gün, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany hanym Şahin Nilofer bilen duşuşyk boldy. Şonda taraplar köpýyllyk netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllaryň döwri üçin hyzmatdaşlyk boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň Ýurt maksatnamasynyň şu ýylyň martynda tassyklanmagy şol gatnaşyklar ösdürmek üçin iş gollanmasyna öwrüldi.
23-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda geçen döwürde toparyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi we bu düzümiň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Duşuşygyň çäklerinde Ženewa (Şweýsariýa) şäherinde geçirilen Halkara zähmet guramasynyň 105-nji mejlisiniň jemleri hakynda maglumat aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, oňa ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.
Şol gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi.
“Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetýaka dolandyryşy” ady bilen geçirilen duşuşyk ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Oba we suw hojalyk ministrligi, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýeti maksatnamasy (GIZ) tarapyndan guraldy. Oňa gatnaşan köpsanly daşary ýurtly wekilleriniň hatarynda Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy pudaklarynyň, daşary syýasat edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, MBG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebit ekologiýa merkeziniň, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ählumumy suw gatnaşyklary boýunça Sebit guramasynyň, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, ösüş we hyzmatdaşlyk baradaky Şweýsar agentliginiň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň wekilleri bar.
Bellenilişi ýaly, Araly hallas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň meýilnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak meseleleriniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini we berkidilmegini, sebitiň döwletleriniň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG, onuň daşky gurşaw we durnukly ösüş babatdaky ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de edaralary bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi ugur edinýär.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi iki ýurduň halklarynyň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Onuň açylyşy 24-nji awgustda Moskwanyň iri teatrlarynyň biri bolan “Altyn halka” milli saz we aýdym teatrynda boldy. Şol gün türkmen wekiliýetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ozal gazanylan hökümetara ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda guralan giň möçberli medeni çäre netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Onuň maksatnamasyna konsertler, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşygy girizildi.
Moskwada we Russiýanyň Ýewropa böleginiň iri taryhy merkezleriniň biri bolan Wladimir şäherinde geçirilen döredijilik forumy dostluk baýramçylygyna öwrülip, Russiýanyň ilatyna türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi. Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen ähli çäreler Russiýanyň täzelikler ýaýlymlarynda hem-de meşhur metbugat we elektron habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.
25-nji awgustda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň senagat hem-de işewür düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürler maslahaty şanly wakalaryň birine öwrüldi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, gatnaşyklaryň has möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň meseleleri girizildi. Dostlukly ýurduň Aşgabada gelen wekilçilikli toparynyň düzüminde Gazagystanyň eksport we maýa goýum boýunça “Kazneks Inwest” milli agentliginiň ýolbaşçylary we dürli ugurlarda ýöriteleşen belli kompaniýalaryň 40-a golaýynyň wekilleri bar.
Duşuşygyň dowamynda tebigy serişdelere baý hem-de ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän bazarynyň geljegi barada gürrüň berildi. Daşary ýurtly myhmanlar öz kompaniýalary barada aýtmak bilen, ýurdumyzda milli we sebit ähmiýetli durmuşa geçirilýän möhüm taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýarlygyny mälim etdiler. Myhmanlaryň Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri hem-de telekeçileri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalar we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyny açmak hakyndaky” Permana we Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça milli utgaşdyryjy edarany kesgitlemek hakynda Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynda gelip çykýan Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işler Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň üstüne ýüklendi.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 2-nji martynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Dolandyryjylar geňeşi (Wena şäheri) Türkmenistanyň Hökümetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň agzalygy hakyndaky arzasyny kabul etdi. Şol ýylyň 14-nji sentýabrynda bu ýerde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş maslahatynyň 59-njy mejlisi geçirildi. Şonda Türkmenistany bu halkara gurama kabul etmek hakynda kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, ýurdumyz 2016-njy ýylyň 16-njy fewralynda Atom engergiýasy boýunça halkara agentliginiň doly hukukly agzasy boldy.
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralan “Türkmengurluşyk—2016” halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda gazanan üstünliklerini we ýeten derejesini wagyz etmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.
Sergä 122 kompaniýa gatnaşdy. Olaryň hatarynda dünýäniň 16 döwletinden 90-dan gowrak kompaniýa bar. Sergä ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Ispaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Eýrandan, Wengriýadan, Polşadan, Gazagystandan, Belarusdan we Ukrainadan wekiller gatnaşdy.
Söwda-ykdysady hem-de işewür we ylmy-tehniki gatnaşyklary ösdürmegiň has peýdaly ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri kesgitlemek meselesi Türkmen-german işewürler maslahatynyň baş maksadyna öwrüldi. Ol 29-njy awgusda Berlin şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde geçirildi.
Oňa Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, söwda-senagat edarasynyň hem-de beýleki düzümleriň wekilleri, banklaryň we bank, energetika, maşyn gurluşygy ulgamlarynda, nebit, gaz, gurluşyk serişdeleri, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag hem-de aragatnaşyk, söwda, syýahatçylyk medeniýet ulgamlarynda, neşirýat ugrunda işleýän 100-den gowrak kompaniýanyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Bu ýerde döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleri tarapyndan gol çekilen resminamalardan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de GFR-iň hyzmatdaş kompaniýalarynyň arasynda ähtnamalaryň we ylalaşyklaryň 13-sine gol çekilendigini aýratyn bellemek gerek.
28-nji awgustda DIM-de Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Takahiko Kasumata bilen duşuşyk geçirildi. Özara bähbitli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilmegi dürli derejede geçirilýän gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisiniň, bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijesidigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan oňa 2015-2016-njy ýyllarda başlyklyk edýär.
31-nji awgusta şol ýerde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Motome Takisawanyň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde geçen ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitara we halkara häsiýetdäki meseleler, umumy wehimlere we howplara garşy göreşde tagallalary utgaşdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem şol gün DIM-de Katar Döwletiniň Türkmenistana iş sapary bilen gelen daşary işler ministri şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jassim Al-Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky, sport, bilim we ylym ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygy bellenildi.
Mahlasy, awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly halkara guramalary bilen geçiren dürli ugurly iri çäreleri ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar—aýry-aýry ýurtlar, abraýly dünýä we sebit guramalary bilen netijeli syýasy gatnaşyklary hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini işjeň giňeldýän özygtyýarly Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň ýokary derejesini görkezdi.