Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisi geçirilýär. Şu ýyl Türkmenistanyň ýolbaşçylyk edýän Geňeşiniň bu mejlisiniň çäklerinde oba hojalyk we oba statistikasy boýunça maslahat hem geçirilýär. Foruma gatnaşmak üçin GDA döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri ýurdumyzyň paýtagtyna geldiler.
Geňeşiň nobatdaky mejlisiniň barşynda GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň geçen döwürde hem-de Geňeşiň 2016-njy ýylda alyp baran işleri baradaky meselelere garalýar hem-de geljek ýyl üçin iş meýilnamasy kesgitleniler. Mundan başga-da, oba hojalygynda usulyýet we düzüm barlaglaryny geçirmek meseleleri boýunça tejribe alyşmak üçin maslahat geçirilýär. Maslahat BMG-niň Oba hojalyk we azyk boýunça guramasy bilen bilelikde guraldy.
Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşi 1992-nji ýylyň 6-njy fewralynda döredildi. Geňeşiň esasy ýerine ýetirýän işleri Arkalaşygyň çäklerinde statistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekden, statistika meselelerinde bilelikde hereket etmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan we çözgüdini tapmakdan, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň iş maksatnamasyny hem-de onuň alyp baran işleriniň hasabatyny tassyklamakdan, statistika usulyýetiniň meselelerine garamak boýunça degişli düzümleri we toparlary döretmekden hem-de olar barada düzgünnamalary tassyklamakdan, halkara guramalary bilen bilelikde iş alyp barmakdan hem-de onuň ygtyýarlygyna degişli beýleki meselelere seretmekden ybaratdyr.
Häzirki zaman jemgyýetinde Statistika maglumatlary şol bir wagtyň özünde hem önüm, hem serişde bolup durýar. BMG-niň Statistika toparynyň kesgitlemegine görä, resmi statistika maglumaty ykdysady, demografiýa, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara tanyşlyk we söwda gatnaşyklary üçin esas bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hut statistika sanlaryň kömegi bilen ýurtlaryň arasynda aragatnaşygy ýola goýmagyň özboluşly ugrudyr.
Bu maslahatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy sebitinde oba hojalyk we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň ählumumy strategiýasynyň meselelerine, GDA-nyň Statistika komiteti, Arkalaşygyň ýurtlarynyň statistika gulluklarynyň hem-de Ýewraziýa ykdysady toparynyň arasynda statistikanyň şu görnüşi boýunça maglumat alyşmagynyň çäklerini giňeltmegiň geljegine, oba hojalyk we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň ählumumy strategiýasynyň çäklerinde barlag geçirmek ýörelgelerine aýratyn üns berilýär.
Maslahatyň aýry-aýry bölümleri oba hojalygynda düzüm we seçip alyş barlaglaryny geçirmegi guramakda milli statistika gulluklarynyň tejribesine bagyşlanýar. Onda statistika gulluklarynyň wekilleri öz işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça pikir alyşýarlar.
Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüşi, ozaly bilen durnukly hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalar esasynda ulgamlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yzygiderli üstünlikleriň gazanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň strategiki ugruna laýyklykda ösüşlere beslenen özgertmeler netijesinde amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek bilen netijeli sazlaşykda ösdürilýän bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly milli nusgasy kemala getirilýär. Bu meseleleri toplumlaýyn çözmäge, hemmetaraplaýyn esaslandyrylan dolandyryş çözgütlerini tapmaga, beýleki pudak edaralary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň statistika gullugy hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Hünärmenler statistikanyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna baha bermekde wajypdygyny nygtaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, statistika maglumatlarynyň halkara guramalary, şol sanda BMG hem-de onuň düzüm bölekleri, Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy hem-de beýlekiler tarapyndan, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek üçin giňden peýdalanylýandygy bellenilýär.
Ertir Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisi öz işini dowam eder.