Ï Türkmen-hytaý ylmy-gumanitar gatnaşyklary berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-hytaý ylmy-gumanitar gatnaşyklary berkidilýär

view-icon 911
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň döredilmeginiň 60 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagy Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky nyşany boldy. Türkmen Lideri Gutlagynda umumy taryhy hem-de medeni kökleri, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary bolan döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň oňyn halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Sinpiniň mynasyp ykrar edişleri ýaly, gadymy döwürlerden bäri berk dost-doganlyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak gatnaşyklary bilen baglanyşykly bolan iki beýik halkyň häzirki zaman taryhynda täze tapgyryň başyny başlan döwlet saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň Hormatly professory” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabarasy boldy. Bu okuw binasy hytaý lukmançylygy ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan, şeýle hem agyr we çylşyrymly keselleriň öňüni almak hem-de bejermek babatda ýurduň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan iň oňat ýokary okuw mekdepleriniň biridir.

Bu ajaýyp waka bilimiň, lukmançylyk ylmynyň hem-de işiniň ösmegine, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki tapgyrynda onuň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlyga uly üns berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly hyzmatlarynyň we ajaýyp şahsy goşandynyň ykrar edilmesine öwrüldi.

Şu mynasybetli şol günler halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri öz beren maglumatlarydyr habarlarynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň ylmy işlerini dowam edip, dünýäniň ylmy toparlarynda, şol sanda HHR-de giň seslenme döreden birnäçe ajaýyp ylmy işleriniň, şol sanda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işiň awtory bolup durýandygyna ünsi çekdiler.

Döwlet Baştutanymyz Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň döredilmeginiň 60 ýyllygy mynasybetli gutlag hatynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-gumanitar gatnaşyklaryň iri halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini hem-de hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtady. Saglygy goraýyşda, şol sanda häzirki zaman lukmançylygyna öňüni almagyň, anyklamagyň hem-de keselleri bejermegiň täze usullaryny, adaty lukmançylygyň tejribesini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda täze bilimleri özleşdirmek babatda özara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär hem-de giňeldilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde adaty hytaý lukmançylygy köpasyrlyk gadymy tejribä, ýagny akupunktura, akupressura, sigun-bejeriş, taýszi sagaldyş maşklary hem-de biziň günlerimize çenli saklanyp galan we bütin dünýäde giňden meşhur bolan beýlekileri ulanmaga esaslanýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýygjam ikitaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge çagyryp, öňdebaryjy ylmy usullary we tejribäni alyşmagyň örän peýdaly boljakdygyny nygtady. Munuň özi talyplarymyza we ýaş alymlarymyza öz hünär derejelerini görnetin ýokarlandyrmaga kömek eder.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ösdürmäge we giňeltmäge bolan gyzyklanmalar barada aýdylanda, türkmen talyplarynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine okuwa yzygiderli kabul edilýändiginiň, türkmen mugallymlarynyň bolsa hytaý lukmançylygynyň nusgawy esaslaryny okatmak ulgamynda tejribe alyşýandygynyň möhümdigini bellemek gerek.

Hünärmenleri alyşmak, talyplaryň okuw geçip gelmegi, düýpli we amaly barlaglaryň meseleleri boýunça okuw maslahatlarynyň hem-de geňeşmeleriniň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki netijeleri bolup, iki halkyň arasyndaky, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.