Ï Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

view-icon 681
Paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýyl Türkmenistan tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Geňeşiniň 55-nji mejlisi öz işini tamamlady. Onuň işine GDA ýurtlarynyň milli statistika gulluklarynyň, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň, halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde şeýle hem statistika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nazara almak bilen, GDA-nyň düzümini kämilleşdirmek, GDA sebitinde ilat ýazuwlarynyň 2020-nji ýyldaky tapgyryna taýýarlygyň barşy, halkara deňeşdirmesi boýunça işleriň maksatnamasy, GDA ýurtlarynda 2015-nji ýyl üçin jemi içerki önümiň görkezijilerini hasaplamagyň tejribesine, durnukly ösüşiň maksatlaryna teklip edilýän baha beriş görkezijileriniň sanawynyň emele getirilmegi, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň 2017-nji ýyl üçin iş maksatnamasynyň taslamasy, GDA gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşine 2017-nji ýylda başlyklyk etmek baradaky meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşiň işiniň tertibine laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de GDA-nyň Döwletara statistiki komitetiniň 2016-njy ýylda ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de tassyklanyldy.

Geňeş GDA sebitinde “Oba hojalyk we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň ählumumy strategiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşyna hem-de GDA-nyň statistika düzümini kämilleşdirmegiň taslamasy hakyndaky maglumata garady.

Mejlise gatnaşyjylar Arkalaşyga gatnaşýan döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň GDA-nyň ýokary edaralarynyň ykdysady ösüşiň seljermesini güýçlendirmek we goşulyşmak çärelerini kämilleşdirmek, umumy ykdysady ýagdaý, Arkalaşyga gatnaşýan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi we ugurlary hakyndaky seljerme we maglumat-çaklama materiallaryny taýýarlamak baradaky çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerine oňyn baha berdiler.

Mundan başga-da, şu forumyň çäklerinde usulyýet hem-de oba hojalygynda düzümleýin barlaglary geçirmek babatda tejribe alyşmak boýunça maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde guraldy.

Gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Geňeşiň agzalary milli statistikalaryň ösdürilmegine, statistika edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine täsir edýän ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam etjek mejlisleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Geňeşiň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Aşgabat forumyna gatnaşyjylar myhmansöýerlik hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň okgunly ösüşi hakyndaky statistik maglumatlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellediler.