Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijelerine garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasyny we beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, mukaddes Gurban baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Mübärek Gurban baýramy ýurdumyzda her ýyl ählihalk baýramy hökmünde döwlet derejesinde giňden we dabaraly bellenýär. Gurbanlyk türkmen halkynyň milli däplerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp baýramdyr. Gurban baýramy ynsanperwerligi we ruhy päkligi ündeýär, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary we dost-doganlygy has-da berkidýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Gurban baýramy mynasybetli metjitlerde Baýram namazy okalýar. Garaşsyz Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baý mazmunly, milli däp-dessurlarymyza esaslanýan dabaralar geçirilýär. Ýurdumyzda Gurban baýramynyň giňden bellenmegi mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, agzybirligini we jebisligini, eziz Diýarymyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. «Mübärek Gurban baýramy günlerinde beriljek sadakalar, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2016-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10 göterim, söwda pudagynda 15,6 göterim, oba hojalygynda 9,3 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9,8 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüş depgini 3,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri 16,6 göterim ýokarlandy.
2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe ortaça aýlyk haky 9,5 göterim artdy.
Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 90,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90 göterim ýerine ýetirildi. Ähli düzümlerde aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde tölenildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň mukdary hasabat döwründe 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,6 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň depginleri barada hasabat berildi. Şu ýylyň sekiz aýynda durmuş maksatly desgalaryň 40-synyň gurluşygy tamamlandy. 2451,3 kilometr inženerçilik ulgamy çekildi we 790,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Häzirki döwürde suw we arassalaýyş desgalarynyň 25-siniň, durmuş maksatly binalaryň 70-siniň, 790,2 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem birnäçe inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 1 milliard 480,2 million manada deň boldy.
Welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, 204 desganyň gurluşygy tamamlandy, 116-synda bolsa gurluşyk işleri dowam edýär. Täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi goşmaça iş orunlaryny döredýär we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän maliýe-ykdysady toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Baş döwlet salgyt gullugynyň işinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz işleri doly seljerip, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý. Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebitiň, gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň tehniki-ykdysady görkezijileri barada hasabat bermek bilen, bu meýilnamanyň hasabat döwründe 102,6 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Dürli görnüşli nebit önümlerini öndürmekde oňyn netijeler gazanyldy. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, polipropileni öndürmegiň ösüş depgini 100,5 göterime, çalgy ýaglarynyňky 100 göterime deň boldy. Şeýle hem suwuklandyrylan gazyň önümçiligi boýunça meýilnama iki esse ýerine ýetirildi.
Tebigy gazy daşary ýurtlara eksport etmek boýunça meýilnama 100,8 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda buraw işleri boýunça meýilnama 100,5 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen bölegi boýunça gurluşygynyň barşy barada aýdyldy. Bu ýerde işler bellenilen tertipde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen anyk çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 göterim artdy. Şol sanda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 5,5 göterim, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 8,3 göterim, “Türkmen Atlary” döwlet birleşiginde 25,4 göterim ýokarlandy. Azyk senagaty döwlet birleşiginde bolsa ösüş depgini 2015-nji ýylyň degişli döwründäki derejede saklandy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň öndürilişiniň ösüş depgini 2 göterime, etiňki 1,4 göterime, süýdüň öndürilişi 1 göterime, ýumurtganyňky 6,6 göterime, gök önümleriňki 15,7 göterime, bakja önümleriniňki 28,7 göterime, ir-iýmişleriňki bolsa 2,8 göterime deň boldy. Oba we suw hojalyk ministrligi we pudak edaralary maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamany 157,8 göterim ýerine ýetirdiler.
Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde güýzlük bugdaý ekişiniň barşy hakynda maglumat berildi.
Mundan başga-da, wise-premýer 7-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynda pagta hasylyny ýygnamaga girişilendigini habar berdi. Şu güne çenli ýurdumyz boýunça 123 müň 297 tonna pagta ýygnaldy. Häzirki döwürde ýygymyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda birnäçe işleriň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi hem-de işleriň depginini güýçlendirmegiň we oba hojalyk pudagynda işleri degişli derejede guramak üçin anyk teklipleriň girizilmeginiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmek boýunça maksatnamany işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna çenli bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny tamamlamak babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Senagat ministrligi boýunça şu döwürde umumy öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,5 göterim berjaý edildi. Şunda önümçiligiň ösüş depgini 2,1 göterime barabar boldy. Bu görkeziji keramzitiň öndürilişinde 0,1 göterim, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişinde 2,4 göterim, demirbeton gurnamalarynyň öndürilişinde bolsa 6,1 göterim ýokarlandy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim boldy. Umumy ösüş 1,3 göterim derejesinde bellige alyndy. Hususan-da, nah matalaryň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwründäkisi ýaly boldy. Nah ýüplügiň we aýakgabyň öndürilişi boýunça 0,1 göterim, gön önümleriň gaýtadan işlenen möçberi boýunça 0,2 göterim, tikin we örme önümleriň öndürilişi boýunça 0,9 göterim, örme matalaryň öndürilişi boýunça 6,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şu döwürde 898 million 300 müň manatlyk dokma önümleri ýerleşdirilip, alnan girdeji 39 million 200 müň manat boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim ýerine ýetirildi. Pudagyň ähli kärhanalarynda şu döwürde 29 müň 300 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,2 göterim ýokarydyr.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe meýilnama 111,4 göterim ýerine ýetirildi. Önümçiligiň ösüş depgini 17,3 göterime deň boldy. Mineral dökünleriniň öndürilişi boýunça 5,8 göterim, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 171,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Tehniki ýoduň we tehniki uglerodyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwründäki möçberinde berjaý edildi.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwrüniň önümçilik meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş depgini 56,2 göterime barabar boldy. Tutulan balyk boýunça 34,6 göterim, gaýtadan işlenip gaplanan balyk önümleri boýunça 20,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektron senagatyny we bu ugurdaky bilelikdäki kärhanalary döretmegiň depginleriniň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Kärhanalarda enjamlara hyzmat edilişi degişli derejä laýyk gelmeýär. Şonuň netijesinde bolsa işleýän enjamlar yzygiderli hatardan çykýar. Milli Liderimiz senagat desgalarynyň birnäçesiniň doly güýjünde işlemeýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerden ýolbaşçylary seçip almak we kemçilikleri gyssagly düzetmek hem-de işleri ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Paýtagtymyzyň häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalarynda 2016-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň 216 million 112,6 müň manat bolandygy bellenildi. Meýilnama 113,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 114 göterime barabar boldy. Aşgabat şäher häkimligi boýunça maýa goýumyň ähli çeşmeleriniň hasabyna 5 milliard 401 million 13 müň manatlyk maýa goýumy özleşdirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 103,2 göterime deň boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň umumy möçberi 102 million 304 müň manada barabar boldy. Degişli döwrüň meýilnamasy 115,9 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 102,9 göterime deň boldy.
Energetika ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň umumy möçberi 720 million 814,9 müň manada deň boldy, degişli döwrüň meýilnamasy 123,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 113,8 göterime barabar boldy. 2016-njy ýylyň sekiz aýynda 15 milliard 822 million 183 müň kWt sagat elektrik energiýasy öndürilip, ösüş depgini 105,14 göterime deň boldy. Daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň möçberi 2 milliard 461 million 140 müň kWt sagada barabar bolup, ösüş depgini 118,7 göterim üpjün edildi.
Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberi 130 million manatdan gowrak boldy. Degişli döwrüň meýilnamasy 112,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 110,9 göterime barabar boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberi 482 million 456,6 müň manada deň boldy, şeýlelikde, meýilnama 102,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 103,3 göterime barabar boldy. Hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Häzirki wagtda paýtagtymyzda awtomobil ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek, inžener-tehniki ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyna az wagtyň galandygyny aýdyp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, şol sanda telekeçiler tarapyndan geçirilýän işleri gysga wagtda tamamlamak, baýrama çenli ähli ýerde arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Atdaýew şu ýylyň sekiz aýynda söwda toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar — awgust aýlarynda umumy haryt dolanyşygynyň möçberi 2 milliard 975,1 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,5 göterim artdy, peýdanyň jemi möçberi 393,5 million manat bolup, onuň ösüş depgini 2,3 göterime ýetirildi. Ministrligiň kärhanalary tarapyndan 125,8 million manat maýa goýumlary özleşdirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan degişli döwürde söwdalaşyklaryň 165-sinde geleşikleriň 10821-si hasaba alyndy, olaryň umumy bahasy 17 milliard 120,5 million manada deň boldy. Hasaba alnan şertnamalaryň eksport we import bahasy 9,6 milliard manada, gurluşyk boýunça şertnamalar 4,4 milliard manatdan gowrak boldy. Hasabat döwründe 32,8 million manat maýa serişdeleri özleşdirildi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 65,8 göterim köpdür. Söwda-senagat edarasy boýunça degişli döwürde hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň ösüş depgini 14,1 göterime deň boldy. Girdeji 4,6 million manada ýetirildi. Hasabat döwründe 16 sergi we 18 maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 386,7 million manatlyk senagat önümleri öndürilip, 36,4 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň 541,2 million manatlygy öndürilip, 34,3 göterim ösüş gazanyldy. Garalýan döwürde 3 milliard 924,4 million manatlyk gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi, söwda dolanyşygy 7 milliard 147,6 million manada (ösüş depgini 7,5 göterim) deň boldy. Hyzmatlar ulgamynda 591,2 million manatlyk (ösüş depgini 5,6 göterim) işler ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ahyryna çenli birnäçe möhüm çäreleriň, şol sanda halkara maslahatlarynyň, döwlet derejesinde baýramçylyklarynyň geçiriljekdigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda merkezleriniň hem-de dükanlarynyň ýokary hilli azyk we senagat harytlary bilen doldurylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak, ilaty zerur bolan hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän harytlar bilen üpjün etmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ähli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we neşirýat işini, syýahatçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler, milli mirasy aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, ilatyň göwnejaý dynç almagy üçin şertleri döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen giň möçberli çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Olaryň hatarynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleri we ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçiren şeýle çäreleri bar. Şunuň bilen baglylykda, 24—27-nji awgustda Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.
Wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işi barada aýdyp, hasabat döwründe haryt öndürmegiň möçberiniň 94 million 964 müň manada deň bolandygyny, meýilnamanyň 148,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Kitap önümleriniň umumy sany 5 million 837 müň 911 nusgalykdaky 225 görnüşi, şol sanda 135 görnüşli okuw kitaplary çap edildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan tele we radiogepleşikleriň ýokary hilini üpjün etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri halk köpçüligine öz wagtynda ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ýylyň başyndan bäri Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 29 million 767 müň 900 manada deň boldy. Hasabat döwründe 78 müň 467 syýahatça hyzmat edildi we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 104,2 göterim ösüş gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek medeni çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly ýagdaýda geçirilmelidir. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen belent sepgitleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda giňden beýan edilmelidigini nygtady.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 21—23-nji sentýabrda “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XI halkara sergi-ýarmarkasyny we ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýtdy hem-de bu foruma dünýäniň köp ýurtlaryndan wekilleriň, şol sanda neşir önümlerini öndürijileriň, degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň, meşhur şahyrlaryň hem-de ýazyjylaryň gatnaşmaga isleg bildirýändiklerini habar berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda her ýyl geçirilýän halkara kitap forumynyň milli ruhy mirasy, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde hem-de neşirýat ulgamynda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedigini nygtap, wise-premýere bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamynda sekiz aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri hakynda hasabat berdi.
Hasabat döwründe 7300 orunlyk orta mekdepleriň 14-si, jemi 2010 orunlyk çagalar baglarynyň 11-si ulanylmaga berildi, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açyldy. Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 269-sy taýýarlanyldy we olaryň 144-si neşir edildi.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň 14-sinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň 19 müňüsi, Awazada 9 müň 786-sy, welaýatlaryň çagalar sagaldyş merkezlerinde 5 müň 223-si hem-de mekdepleriň ýanyndaky dynç alyş meýdançalarynda 93 müň 740-sy dynç aldy.
Şu ýylyň sekiz aýynda halkara ders bäsleşiklerinde türkmenistanly mekdep okuwçylary 77 medala, talyplar bolsa 23 medala mynasyp boldy. Mundan başga-da, olar halkara internet bäsleşiklerine gatnaşyp, 342 baýrakly orunlary eýelediler.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi boýunça döwlet meýletin saglygy ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 103 göterime, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 110 göterime, derman önümçiliginde 106 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe ýurdumyzda 110 ýaryş hem-de 66 sany köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 108-sine gatnaşyp, 420 medala, şol sanda 142 altyn, 131 kümüş we 147 bürünç medala mynasyp boldular.
Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim we ylym, saglygy goraýyş ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, bu möhüm ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sporty ösdürmek, munuň üçin bar bolan kuwwatlyklardan hem-de mümkinçiliklerden doly peýdalanmak boýunça mundan beýläk-de zerur işleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we bu babatda anyk görkezmeler berdi.
Hormatly Prezidentimiz degişli ulgamlaryň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň, dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl Gurban baýramy 12—13—14-nji sentýabrda bellenilip, şol günler iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu nurana baýramyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we rehimdarlyk taglymyna ygrarly türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň üýtgewsizdigine şaýatlyk edýändigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Satlykow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hyzmatlaryň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi. Şunda ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça degişli döwrüň meýilnamasy 124,8 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji ýük daşamakda 100 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 102,7 göterime barabar boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 101,2 göterime deň boldy. Şunda, ösüş depgini ýük daşamakda 103,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,7 göterime barabar boldy.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 112,9 göterime deň boldy. Ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hasabat döwründe ýurdumyz boýunça 334,7 müň, şol sanda 298,2 müň öýjükli belgi we 36,5 müň ýerli telefon nokady gurnaldy.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 115,4 göterime barabar boldy. Ösüş depgini ýük daşamakda 100,4 göterime we ýolagçy gatnatmakda 101,2 göterime deň boldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,4 göterime we ýolagçy gatnatmakda 136 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda ägirt uly işleriň we köp sanly çäreleriň meýilleşdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň we Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol hem-de awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata görülýän taýýarlyga ünsi çekip, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen bilelikde maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, şu ýylyň sekiz aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Belarus Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň netijeleriniň milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň hem-de parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistana saparlaryň birnäçesi amala aşyryldy.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrligiň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň jemi 300-si döwletimize sapar bilen geldi. Umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän halkara ähmiýetli çäreleriň, şol sanda maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 128-si guraldy. Hasabat döwründe halkara resminamalarynyň 71-sine gol çekildi.
Şu ýylyň başyndan bäri daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň 24-si, bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 10-sy geçirildi. Olaryň işi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Işewürler maslahatlarynyň 12-siniň gün tertibine netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygy bellenildi.
Ýylyň başyndan bäri Türkmenistana işlemäge iberilen daşary ýurt ilçileriniň 15-si ynanç hatlaryny gowşurdy. Şol döwürde Türkmenistanyň 16 ilçisi daşary ýurtlarda we halkara guramalarynyň ýanynda öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň beýleki döwletler hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guraýandygyny nygtap, iş ýüzünde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýä ösüşiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary, şol sanda şu ýyl göz öňünde tutulan halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli görkezmeleri berdi. Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
2016-njy ýylyň başyndan bäri milli parlamentiň maslahatlarynyň üçüsiniň geçirilendigi, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 58-siniň hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 58-siniň kabul edilendigi bellenildi. Milli parlamentiň 12-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen maslahatyň gün tertibine birnäçe täze kanunçylyk namalarynyň taslamalary giriziler, olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň we jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ulgamlarynyň okgunly ösmeginiň ýolunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge ýardam eder.
Milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ulgamlaryny okgunly ösdürmäge ýardam etjek täze kanunlarynyň taslamalarynyň ençemesi giriziler.
Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyna we degişli resminamalaryny içgin işläp taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň işiniň möhümdigini nygtap, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bellenilýän ýylda geçirilýän Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli şertleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde ýakyn geljek üçin durýan möhüm wezipeleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, käbir kemçilikleriň bardygyna garamazdan, umuman, oňat netijeleriň gazanylandygyny görkezýär. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilip kabul edilen maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy hem ýokary derejede saklanýar. Nebitgaz pudagyndan başga ähli pudaklarda diýen ýaly, bellenen tabşyryklar doly ýerine ýetirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bol galla hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnalyp alyndy.
Ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni bellenen ähli çäreleri öz wagtynda we talabalaýyk derejede geçirmäge çekdi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli. Ýurdumyzyň baş baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly ýubileýini giňden we dabaraly belläp geçmäge düýpli taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Göz öňünde tutulan ähli desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmelidigini aýdyp, milli Liderimiz şu ýyly ýokary netijelere besläp, uly üstünlikler bilen tamamlamak üçin, ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda ýakynda ýene-de bir kitaby — «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseri ýazyp gutarandygyny habar berdi. Bu eserde türkmen aýdym-saz sungatynyň beýik ussatlarynyň biri, meşhur sazanda Şükür bagşynyň durmuşy we döredijiligi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp beýan edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şükür bagşy türkmen halkynyň iň kyn we çylşyrymly meseleleri hem hemişe diňe parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşandygyny aýdyň görkezýändigini belläp, milli Liderimiz meşhur bagşynyň ajaýyp keşbini ussatlyk bilen döredip, türkmen edebiýatynyň abraýyny ýene-de bir gez beýgelden beýik ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň milli medeniýetimiziň we edebiýatymyzyň öňünde bitiren bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryny aýratyn nygtady. Türkmen halky bütin taryhynyň dowamynda parahatçylygyň we agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň tarapdary hökmünde ykrar edilip gelnen halkdyr. Merdana ata-babalarymyzyň bu ýol-ýörelgesine we kadalaryna çäksiz wepaly bolup, şol ýörelgeleri we kadalary dowam etmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz özüniň täze kitabyny ýakyn günlerde Aşgabat şäherinde geçiriljek umumymilli foruma gatnaşyjylara sowgat bermek isleýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna çenli bu kitabyň çap edilip, mähriban halkymyza tanyşdyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.