Ï Aşgabatda halkara energetika forumy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda halkara energetika forumy açyldy

view-icon 758
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde iri pudaklaýyn forum bolan halkara sergi we “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly maslahat öz işine başlady.

Energetika senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda bellenilýän we sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde dabaralandyrylýan baýramçylygyň öňüsyrasynda guralýan bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň energetika kuwwatlyklaryny we onuň ösüşiniň geljekki ugurlaryny, ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňligini äşgär edýär.


Senagat ministrligi bilen Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän nobatdaky gözden geçirilişe 126 bölüm gatnaşdyryldy. Dünýäniň energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň sergä bolan ýokary gyzyklanmalary bu pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini we daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň işewür düzümleriniň özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny alamatlandyrýar.


Dünýäniň 13 ýurdundan 52 kompaniýanyň gatnaşmagy serginiň ähmiýetlidigini aňladýar. ABŞ-dan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Türkiýeden, Eýrandan we başga ýurtlardan 40-dan gowrak täze, türkmen bazarynda öz tutýan orunlaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýän gatnaşyjylar üçin sergi has-da ähmiýetli boldy. Onda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maýa goýum we energetika taslamalary görkezildi. Şeýlelikde, Türkmenistan ykdysady ösüşiň ýokary depginine eýe bolmak bilen dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ynamly giňeldýär. Şunlukda energetika pudagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu möhüm pudagyň sazlaşykly ösüşi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegini şertlendirýär.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.


Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda täze elektrik beketleriniň gurulmagyna we ozal bar bolanlarynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçiriji we paýlaýjy ulgamlary çekilýär. Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda energiýa üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak işi alnyp barylýar. Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, giň möçberli pudaklaýyn taslamalaryň gurluşygynda ygtybarly enjamlaryň ulanylmagy ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar.


Şeýle hem Gutlagda iri halkara ähmiýetli energetika senagatyna degişli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ägirt uly goşant goşýandygy, daşary ýurtly sarp edijilere energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly ugradylmagynyň üpjün edilýändigi, bu bolsa ulgamyň öňünde durýan möhüm wezipelerdigi bellenilýär. Şeýle hem bu halkara serginiň we ylmy maslahatyň Türkmenistanyň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary hakynda maglumat alyşmak, täze taslamalar bilen tanyşdyrmak, ulgamda gazanylan netijeler bilen tanyşmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirilýär.


Türkmenistanyň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektroenergiýany eksport etmegiň möçberlerini yzygiderli artdyrmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gysga wagtyň içinde döwrebap elektrik beketleri gurulýar. Täze elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär. Bu bolsa pudagyň kuwwatlyklarynyň artmagyny üpjün edýär. Şunlukda, ýurdumyzyň elektroenergiýany sarp edijileri doly üpjün edilýär we onuň daşary ýurtlara ugradylýan möçberleri artdyrylýar.

Marynyň döwlet elektrik bekedinden Atamyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň serhedine çenli çekilen ýokary woltly elektrik geçiriji ulgam goňşy ýurda ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrdy we hilini gowulandyrdy. Ýolöten bilen Tagtabazaryň aralygynda gurlan 220 kilowolt kuwwaty bolan elektrik geçiriji ulgam Ymamnazar — Andhoý ugry boýunça Owganystana iberilýän elektrik energiýanyň mukdaryny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän we elektrik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we podstansiýalaryň, transformator gurnamalarynyň, paýlaýjy ulgamlaryň gurulmagyna, elektrik geçiriji ulgamyň eksport ugurlarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bir bitewi kuwwatly energetika ulgamynyň döredilmegi dünýäniň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we köpugurly esasda ösdürilmeginiň möhüm ugry bolup durýar. Bu bolsa şu gün açylan ykdysady gözden geçirilişde dolulygyna äşgär edildi.


Energetika ministrliginiň, “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň, “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň, “Türkmenenergoabatlaýyş” önümçilik birleşiginiň, “Türkmenenergotaslama” ylmy-barlag institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň bölümleri ýurdumyzda energetika ulgamynyň ýeten derejesini we geljekki ugurlaryny has aýdyňlygy bilen beýan etdi.

Ýurdumyzyň energetika ulgamynyň ösüşine elektrik beketleriniň, podstansiýalaryň gurluşygynda, elektrik geçiriji ulgamlary çekmekde, transformator desgalaryny gurnamakda, abatlaýyş-gurnama we goýberiş işlerini ýerine ýetirmekde özüni görkezen hususy kärhanalar mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly enjamlary getirýän kompaniýalaryň alyp barýan işleri pudaklaýyn düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär. Olaryň hatarynda “Salkyn tomus”, “Türkmen ýyldyzy”, “Kuwwat toplum”, “Halys”, “Sary daş”, “Energotehnohyzmat”, “Eýýam” we beýlekiler bar.


Desgalaryň gurluşygyny, olaryň enjamlaşdyrylyşyny öz içine alýan doly hyzmatlar ulgamyny hödürleýän daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleri türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga çalyşýarlar. Dünýäniň öňdebaryjy işläp taýýarlaýjylary we elektroenergetika enjamlaryny öndürijiler ýeten derejelerini, bu ugurdaky toplumlaýyn çözgütleri, täzeçil usullary we energotygşytlaýjy tehnologiýalary hödürleýärler. Olaryň hatarynda “General electric” (ABŞ) “Schneider electric” (Fransiýa), “Siemens” (Germaniýa), “Çalik Enerji”, “Metro elektrik” (Türkiýe), “Sumitomo” (Ýaponiýa), “Baltrusenergo”, “Unako group” (Russiýa), “Sanergi group” (Eýran), “Minskiý elektrotehniçeskiý zawod” (Belarus) we beýlekiler bar.

Forumyň çäklerinde halkara ylmy maslahat açyldy. Ol Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşine bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlaryň hünärmenleri, daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary, dünýäniň köp ýurtlarynyň bilermenleri, menejerleri we söwda wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, döwrebaplaşdyrylyşy, elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyndaky iri maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi, transformator beketleriniň gurluşygynda we olary döwrebaplaşdyrmakda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, elektroenergiýanyň ulanylyşynyň hasabatyny awtomatlaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn çözgütler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Energetikanyň alternatiw çeşmelerini ösdürmek, düýpli ylmy işleriň, çuňňur we hemmetaraplaýyn seljermegiň, enjamlaryň, energodesgalaryň, dolandyryş ulgamyň ýagdaýyna syn bermegiň esasynda innowasion energo ulgamlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.

Ykdysady gözden geçiriliş 10-njy sentýabra çenli dowam eder.