Ï Türkmen wekiliýeti Hazar media forumy — 2016-a gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Hazar media forumy — 2016-a gatnaşdy

view-icon 911
22-23-nji sentýabrda Astrahanda ikinji Hazar media forumy geçirildi, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Soňky ýyllarda halkara meýdançalarynda, şol sanda umumy habarlar giňişligine goşulmak bilen, media meýdançalarynda öz ornuny giňeldýän Türkmenistan üçin bu forum hünär, diplomatik we adam gatnaşyklaryny ösdürmekde ýene bir ädim boldy. Olar köp babatda döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady gatnaşyklaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ruhuny we häsiýetini kesgitleýär.

Umumy deňiz bilen birleşen, diýmek, oňa dahylly meseleler bilen bagly bolan Hazarýaka ýurtlary üçin özünde ägirt uly taryhy we etnografiki gatlagy, sebitiň halklarynyň, onuň köptaraplaýyn kowçumlarynyň hoşniýetli erkiniň ägirt uly güýjüni özünde jemleýän bu ugur häzir tutuş dünýä bilen gatnaşyklary gurmakda esasy ugur bolup durýar. Bu geografiki aýratynlyk bolsa ýurduň daşary ugrunyň ýörelgelerini öňünden kesgitleýär.

Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Hazar ýurtlary balykçylygy, ulag, nebitgaz çykaryjy, syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, deňziň täsin ekoulgamyny goramalydyr we aýawly saklamalydyr hem-de bilelikde beýleki möhüm meseleleri çözmelidir.


Türkmenistan Hazar deňzini ylalaşyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi diýip atlandyrmak bilen, bu ugurda yzygiderli çäreleri öňe sürýär we amala aşyrýar. Muňa garamazdan, wagt täze çözgütleri talap edýär. Biziň ýurdumyz bolsa ähli taraplar üçin kabul ederlikli görnüşleriň gözlegine girişdi, şolaryň biri açyk habarlar gatnaşyklarydyr.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenleriniň 250-den gowragynyň gatnaşan Hazar media forumynda sebitiň ýurtlarynyň media bileleşikleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin ugurlar, habarlar ulgamynda gatnaşyklaryň serişdelerini we gurallaryny döretmegiň ugurlary, onuň konsepsiýasy, strategiýasy we taktikasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Biz biri-birimiz bilen gyzyklanýarys. Bize şeýle hem beýlekileriň, ilkinji nobatda goňşularyň biz hakynda näme pikir edýändikleri wajypdyr” — şeýle pikir 200-300 ýylyň dowamynda ýüzden gowrak milletleriň, şol sanda türkmenleriň ýaşaýan, köp medeniýetleriň jemlenen şäheri bolan Astrahandaky forumda ençeme gezek nygtaldy.

Media-forumyň işi barada aýdylanda bolsa, onuň täsiri oňa gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tiz wagtda şöhlelenmelidir. Bu foruma gatnaşyjylar durmuş-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurly gatnaşyklary alyşmagyň zerurdygyny ykrar etdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň wekilleri döwletleriň her biriniň gün tertibini nazara alyp, çap ediş, elektron we radioteleýaýlymlar görnüşindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň özara gatnaşyklarynyň geljegine biziň ýurdumyzyň garaýşyny beýan etdiler.

Mowzuklaýyn gürrüňdeşlikleri goşmagyň hem-de gatnaşyjy ýurtlarda ylym-bilim babatda gatnaşyklar binýadyny döretmegiň hasabyna özara hereketleriň çäklerini giňeltmek baradaky çözgüt media-forumyň netijeleriniň biri boldy. Bu, mysal üçin, bilermenler jemgyýetçiligidir, ýaş žurnalistler üçin mekdeplerdir, esasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde okuw geçmekdir we hünäri ýokarlandyrmak okuwlarydyr.

Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň her birinde dürli ugurlara — syýahatçylyga, bilime, ekologiýa degişli çäreleri geçirmek teklibi girizildi. Mundan başga-da, forumda internet arkaly beýan etmegiň daşary ýurt dillerindäki ýaýlymlaryň giňelmegi nazarda tutulyp, terjimeleriň we olaryň hiliniň meseleleriniň üstünde durlup geçildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary forumyň maglumat syýasaty, internet-žurnalistikasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, media-işewürligi meseleleri boýunça “tegelek stollar” hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak ýaly çärelerine gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde “Hazar arzuwy—2016” atly žurnalistleriň Halkara bäsleşiginiň jemi jemlendi. “Goňşuçylygyň hoşniýetliligi” diýen makala üçin “Türkmenistan” žurnaly bäsleşigiň baýrak eýeleriniň biri boldy.