Ï Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi

view-icon 777
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Gurban baýramyny bellemek hakynda


halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, karar edýärin:

1.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2016-njy ýylyň 12—13—14-nji sentýabrynda Gurban baýramyny bellemeli we şol günleri iş güni däl diýip yglan etmeli.

2.Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň 8-nji sentýabry.