Şu gün agşamara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy. Olara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglar gowşuryldy.
Döredijilik işgärleriniň her ýyl döwlet derejesinde sylaglanylmagy Hazaryň kenarynda geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýaýylyp gidýän künjeginde özgertmeleriň döredijilik ruhuny alamatlandyrýar. Şu gün bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda dynç alyş düzümleriniň täze desgalary açyldy. Olary döretmegiň maksadynda durmuşyň hil taýdan täze ölçegleri—galkynyşa, ösüşiň kuwwatyna hem-de batyrgaý pikirleriň amala aşyrylmagyna beslenen durmuşy döretmek goýlandyr.
Şu gün Awazanyň deňiz kenarynda aýdym-sazlar ýaňlanýar, öwüsýän şemala baýdaklar pasyrdaýar, gül-gülzarlyklar owadan öwüşginler bilen göwnüňi galkyndyrýar, ýaş agaçlaryň bagy-bossanlygynda görünýän ak mermerli belent binalar, suw çüwdürimleri ruhuňy göterýär. El bilen döredilen bu gözellikleriň ählisi her bir adamy iň ýagşy duýgulara besleýän baýramçylygyň tolgundyryjy ruhuna atarýar.
Ýaşyp barýan Günüň tolkunlaryň üstünden gämi kimin ýüzüp barýana meňzeýän altynsow şöhlelerinde Awazanyň açyk asmanyň astyndaky baş sahna meýdançasy ör boýuna galýar. Amfiteatra hökümet agzalary, Mejlisiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Bu ýere çagyrylanlaryň arasynda Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy amfiteatryň öňündäki meýdança gelýär. Toý lybasyndaky gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar.
Döwlet Baştutanymyz amfiteatra geçýär. Dabara gatnaşyjylar we myhmanlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar.
Milli Liderimiz özi üçin bellenen orna geçýär. Alypbaryjylar döwlet Baştutanymyzy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky täze desgalaryň dabaraly açylandygy bilen gutlap, sahna çagyrmak bilen söz berýärler.
Döwlet Baştutanymyz münbere geçip hem-de bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, hemmeleri ýetip gelýän beýik baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem döredijilik işgärlerini mynasyp bolan hormatly atlarynyň we “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileriniň abraýly sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ýokary depginler bilen ösdürmäge, merdana halkymyzyň hal–ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilip kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän wakalar eziz Diýarymyzyň ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny subut edýär.
Dünýäde parahatçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we dost-doganlygyň mekany hökmünde giňden tanalýan Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy hem yzygiderli artýar. Şoňa görä-de, merdana halkymyzyň asuda, abadan, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de öňe gitmegine gönükdirilen giň gerimli we beýik işleri belentden wasp etmek hem-de dünýä ýaýmak medeniýet, sungat we ähli döredijilik işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Taryhy müňýyllyklara uzap gidýän türkmen halky adamzadyň medeni ösüşine uly goşant goşdy. Baý we özboluşly medeni mirasy bilen asyrlaryň dowamynda tanalyp geldi. Merdana halkymyzyň täze eýýamynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz täze öwüşgin, özboluşly many-mazmun bilen baýlaşdy.
Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge hemişe uly ähmiýet berip gelýäris. Bu ugurda alyp barýan işlerimiziň medeniýeti we sungaty täze derejä çykarmakda, ýaş nesillerimizi ata – babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda arassa ahlakly, giň düşünjeli, zähmetsöýer we watansöýüji adamlar edip terbiýelemekde hyzmaty uludyr.
Garaşsyzlyk eýýamynyň belent ruhuna laýyk gelýän täze, ilhalar eserler döretmek, ata Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýolunda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen dünýä halklaryny ýakyndan tanyşdyrmak häzirki döwürde möhüm wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Şeýle netijeler halkymyzyň egsilmez medeni mirasyny, maddy hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak we yzygiderli baýlaşdyrmak üçin örän amatly şertleri döredýär.
Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda, şäherdir etraplarda we obalarda medeni-durmuş maksatly binalar giň gerim bilen gurulýar.
Bu täze desgalar eziz Diýarymyzyň keşbini has-da gözelleşdirýär.
Döwrebap teatrlar, kitaphanalardyr muzeýler, sungat mekdepleri hem-de medeniýet köşkleri bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyzyň we ýurdumyza gelýän myhmanlaryň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrülýär. Özara bähbitli halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär. Milli sungatymyzy täze belentliklere çykarmaga şert döredýär.
Ata Watanymyzda we beýleki ýurtlarda özara Medeniýet günlerini geçirmek hem asylly däbe öwrüldi. Şeýle baýramçylyklar halklaryň ýakynlaşmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine, medeniýetleriň baýlaşmagyna, halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösmegine mümkinçilik berýär.
Biz eziz Diýarymyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça hem netijeli işleri amala aşyrýarys. Ak şäherimiz Aşgabatda bina edilen özboluşly Medeniýet şäherçesi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu şäherçede medeniýet we sungat işgärleriniň netijeli işlemegi we döretmegi, gowy dynç almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.
Nesip bolsa, biz ýene-de biraz wagtdan Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçeris.
Berkarar Watanymyzyň täze taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we beýleki döwletlerde köp sanly möhüm ähmiýetli medeni çäreler geçirilýär. Şeýle dabaraly çärelere medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolan 2016-njy ýyl ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly wakalara örän baý boldy. Şu ýyl Daşoguz şäheri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly üstünlik bilen geçirildi diýip belledi.
Nesip bolsa, geljek ýyl ýurdumyzyň taryhynda has-da şöhratly ýyllaryň biri bolar. 2017-nji ýylda biz paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçireris. Häzirki wagtda Aziýa oýunlary mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda guralýan atly ýörişler dowam edýär. Ýatdan çykmajak şeýle wakalar berkarar Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar! Milli Liderimiz bu wakalaryň döredilýän eserlerde-de has-da joşgunly wasp ediljekdigine berk ynam bildirdi.
Garaşsyz ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenmegi medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly üns berilýändiginiň, döredijilik işgärleriniň sarpasynyň belent tutulýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Biz milli medeniýetimizi has-da ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça geçirýän işlerimizi geljekde hem giň gerim bilen dowam ederis.
Halkymyzyň medeni mirasyny düýpli öwrenmek, ýaş nesillerimize ýetirmek, medeniýet we sungat ussatlarynyň täze neslini ýetişdirmek üçin yzygiderli tagalla ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Siziň bilşiňiz ýaly, biz indi birnäçe ýyl bäri Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeniýet we sungat ussatlaryna mynasyp bolan sylaglaryny, şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşurýarys. Bu çäreler medeniýet we sungat işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Olaryň uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetine döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýändigini görkezýär. Egsilmez ruhy baýlygymyz bolan milli medeniýetimizi ösdürmegiň berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Şu günki dabaranyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň öňýanynda geçirilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Sebäbi, «Awaza» ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň we suratkeşleriň zehinini joşdurýan, olary täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan ylham mekanyna öwrülýär. Döredijilik işgärleriniň durmuşynda bolup geçýän, ýatdan çykmajak bu dabaralar Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna aýratyn öwüşgin berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň medeniýet, sungat we ähli döredijilik işgärleriniň täze, döwrebap eserleri döredip, geljekde hem belent sepgitlere ýetjekdiklerine, ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzyň her bir üstünligine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Men häzir milli medeniýetimizi we sungatymyzy, çeper edebiýatymyzy ösdürmäge, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly goşant goşandyklary, häzirki döwrüň örän möhüm meselelerine bagyşlanan kämil eserleri döredip, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hormatly atlara mynasyp bolan, şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiş gazanan medeniýet we sungat işgärleriniň birnäçesine sylaglary we baýraklary gowşuraýyn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler hem-de onuň dowamynda ençeme gezek şowhunly el çarpdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly atlary dakmak hakynda Permany hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” umumymilli bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karary okady.
Şu ýyl hem hemişe bolşy ýaly, sylaglanýanlaryň hatarynda beýleki döwletleriň wekilleriniň bardygy hem bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň hem-de milli medeniýetimiziň, bu ulgamda işjeň ösdürilýän halkara gatnaşyklarynyň açykdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu sylaglar biziň dostlarymyzyň diňe bir zehininiň we üstünlikleriniň ykrar edilmegi bolman, bu şeýle hem medeni aragatnaşyklary, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge hem-de hyzmatdaşlyga goşan şahsy goşantlary üçin hoşallygyň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri zähmetine beren ýokary bahasy, döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkymyzyň ruhy mirasyny gaýtadan dikeltmek we ösdürmek ugrunda edýän ýadawsyz aladasy we berýän ünsi, ýurdumyzda doly bahaly döredijilik bilen meşgullanmaga hemme şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini, ussatlygyny we ylhamyny Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.
Daşary ýurt sungat işgärleriniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezident orkestriniň bag dirižýory Wiktor Babarikin çykyş edip, esasynda biziň halklarymyzyň dostlugynyň we doganlygynyň berk kökleri ösüp ýetişen we pugtalanjak medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine Belarusyň döredijilik toparynyň goşandyna berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Häzir medeni aragatnaşyklar halkara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegine öwrüldi, özara hereketleriň çäklerini giňeldýän hem-de ony baýlaşdyrýan gepleşikleriň we ylalaşyklaryň özeni boldy.
Çykyş edenleriň ykrar edişleri ýaly, olar bu sylagy diňe bir belent hormat hökmünde däl-de, eýsem, öz ähli milli aýratynlyklary bilen umumadamzat häsiýetine eýe bolan sungatyň dörediji we birleşdiriji güýjüniň ýene-de bir subutnamasy hökmünde kabul edýärler.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri özbaşdak Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlap, sylaglananlara çekýän asylly zähmeti, umumy işlere goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmelere saglyk, parahat we bagtyýar durmuş, Garaşsyz Watanymyzyň we edermen halkymyzyň ýeňişlerini şöhratlandyrmakda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda milli Liderimiz özi üçin taýýarlanan ýere geçýär. Amfiteatryň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň—dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň oňat tans we folklor-etnografiýa aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlanýar.
Nurana aýdym-saz çykyşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Watanymyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge, täze gözýetimleri açan milli Liderimiziň durmuşda ajaýyp beýanyny tapan başlangyçlaryna özboluşly sena bolup ýaňlandy.
Ýurdumyzyň şöhrat gazanan döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki joşgunly tanslar köp sanly tomaşaçylara uly lezzet berip, hemmelere hakyky şatlyk we ruhy galkynyş paýlady. Tomaşaçylar halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijileriň, şeýle hem halk döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna agzybirlikli el çarpyşmalaryny bagyşladylar. Çykyş edenler häzirki wagtda milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam edýärler.
Many-mazmunly döredijilik çykyşlarynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, onuň giň görnüşleri hem-de ýerine ýetirijilik mekdepleri, döredijilik däpleriniň nesilden-nesle geçijiligi şöhlelendi. Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna, şeýle hem “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Belarus Respublikasynyň Prezident orkestriniň çykyşy girdi. Öz ýurdunyň çäklerinden has uzaklarda meşhur bolan orkestr öz çykyşlarynda belarus sazyny hem-de ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň eserleri boýunça sazlary ýerine ýetirdi.
Ýurdumyzyň tans we halk döredijilik toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen “Küştdepdi” gadymy türkmen tansy halkymyzyň öz ruhy-medeni köklerine ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi.
Aýdymçylar we konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan milli Liderimize bagyşlanylyp, ýerine ýetirilen aýdym döredijilik agşamynyň joşgunly jemlenmesi bolup ýaňlandy. Bu aýdym parahatçylykda we abadançylykda ýaşamak, ajaýyp ýurtda döretmek bagtyna eýe edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hoşallyk duýgulary bilen dabara gatnaşyjylaryň kalbyny doldurdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugur aldy.
Milli Liderimiz Aşgabada ugramazynyň öň ýany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaraly garşylamaga hem-de şanly taryhy senä bagyşlanan köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň ýolbaşçylar toparynyň wekilleri bilen iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bular baradaky hasabatlary diňläp, hökümet agzalaryna we beýleki jogapkär adamlara dabaralary ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berip, olaryň pikir-mazmun taýdan baý bolmagyna, şowhunlylygyna hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ählisi üçin iň oňat şertleriň döredilmegini üpjün etmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.
Iş maslahatyny tamamlansoň, hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, özüne garaşyp duran uçara mündi hem-de Aşgabada gaýtdy.