Ï Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärlerine

view-icon 905
>Hormatly energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyzda giňden bellenýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Energetika senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda energetika pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, gysga wagtyň içinde iri taslamalar amala aşyryldy, täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileriniň birnäçesi abatlandy, täze energetika enjamlary oturdyldy. Senagat taýdan geljegi uly bolan «Galkynyş» gaz käniniň, Amyderýanyň sag kenaryndaky nebitgazly ýataklaryň, şeýle hem beýleki iri senagat kärhanalarynyň daşky elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirildi. Bu işleriň ählisiniň türkmen energetikleriniň öndürijilikli zähmeti netijesinde durmuşa geçirilendigi bu baýramçylyk gününde aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň işgärleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini, paýtagtymyz Aşgabat şäherini we welaýatlarymyzyň edara-kärhanalaryny hem-de ilatly ýerlerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin gurlan döwrebap elektrik stansiýalaryny dolandyrmakda we olara tehniki hyzmat etmekde uly tejribe topladylar.

Biz ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, energiýa serişdelerini halkymyzyň bähbitlerine, her bir raýatymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirýäris. Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny has-da ösdürmek, ähli baýlyklarymyzy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirmek babatda entek öňümizde uly wezipeler durýar.

Ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň halkalaýyn energiýa ulgamyny emele getirmek, energiýa tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleri bilen baglylykda elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artjakdygy göz öňünde tutulyp kabul edilen «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda gurulmaly elektrik stansiýalary, ýokary güýjenmeli elektrik geçirijileri öňümizde goýýan maksatlarymyzy durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen energetikleriniň göz öňünde tutulan işleri üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen elektrik energiýasyny öndürmekde, energetika desgalaryna hyzmat etmekde hem-de olardan netijeli peýdalanmakda öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn!

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Täze elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligi has-da gowulanýar, energetika pudagynyň kuwwatlylygy barha artýar. Bu bolsa artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara hem ibermäge mümkinçilik berýär.

Biziň ýurdumyz häzirki wagta çenli elektrik energiýasyny Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna barha artýan möçberlerde iberýär.

«Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisi bilen ugurdaş ýokary güýjenmeli howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň hem geljegi uly bolup, onuň durmuşa geçirilmegi türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam berer.

Häzirki döwürde bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişi has-da artýar. Şonuň üçin hem, dünýäniň birnäçe döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, ykdysadyýetimizi ösdürmekde energetika senagatynyň uly ähmiýetli orny eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Sizi Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow