Ï Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi

view-icon 1002
>Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça belent sepgitler gazanylyp, ýurdumyzy has-da ösdürmäge, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda eziz Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da kämilleşdirmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän çärelerde medeniýet we sungat işgärleri üstünlikli çykyş edýärler. Bagşy-sazandalarymyzyň, kompozitorlarymyzyň, žurnalistlerimiziň, suratkeşlerimiziň kämil eserleri döretmekleri, bagtyýar ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, ýokary derejede çeper nakgaşçylyk eserlerini döredendikleri üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Näzik Meredowna Gurbanowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça aýdymçy artisti Nury Hudaýgulyýewe,

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň medeniýet merkeziniň «Güller» halk tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Söýünmämmet Hudaýberdiýewe,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň I derejeli artisti Akjagül Arnageldiýewna Ananowa;

«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Çarymyrat Saryýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Gurbandurdy Rahymowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň I derejeli kitaphanaçysy Galina Arkadýewna Çuprowa;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Olga Wladimirowna Wolkowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy Atajan Beşimowiç Berdyýewe,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Şöhrat Akmuhammedowiç Saparowa;

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Almagül Kakabaýewna Nazarowa;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Osman Aýmuhammedowiç Güjimowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Fortepiano bölüminiň mugallymy Aýna Daňatarowna Öwezowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Saparmämmet Hojamämmedowiç Hanmämmedowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi Döwrangeldi Agalyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň 8-nji sentýabry.