Ï Hepdäniň wakalary: Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, bagtly durmuşynyň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, bagtly durmuşynyň bähbidine

view-icon 2047
Türkmenistanyň syýasy durnuklylygy, ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy döwlet ösüşiniň özboluşly we netijeli nusgasynyň iň gowy subutnamasy bolup durýar. Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň okgunly innowasion ösüşini hem-de döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri, ilaty durmuş taýdan goldamagyň ýokary derejesini, demokratik esaslaryň berkarar bolmagyny, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara abraýynyň artmagyny hem-de daşary syýasy başlangyçlarynyň üstünligini aýdyň şöhlelendirdi.

9-njy sentýabrda Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berlen 3 müň orunlyk döwrebap awtoduralganyň we Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana künjeginiň çäginde gurlan bäş ýyldyzly “Gämi” myhmanhanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

3 müň orunlyk täze awtoduralga Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça gurdy. Bu toplumyň ulanmaga berilmegi Türkmenbaşy şäherine we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelýänler üçin amatly awtoduralgalaryň üpjünçiligini şertlendirýär.

Bu ýerde hakyky türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy, munuň özi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan bu ýere gelen ýaş çatynjalaryň alty jübüti üçin bu gün ýatdan çykmajak güne öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenip, olara döwür bilen aýakdaş gitmegi, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolmagy we halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen däplerini we paýhaslaryny öz çagalaryna geçirmeklerini, ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny arzuw etdi. Ululara we ene-ata hormat goýmak asylly däpleriň biridir. Ene-atalar öz çagalaryny terbiýelemek bilen, olaryň bagtly bolmagy ugrunda alada edýär. Maşgala gurmak bilen ýaşlar ygtybarly daýanç bolmalydyrlar, gelinler bolsa öý-ojagy saklaýjylardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu ýerde geçirilen toýuň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda guralmagynda aýratyn many bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ýaşlary täze taryhy eýýam bolan Garaşsyzlyk eýýamynyň nesilleridir. Täze eýýam biziň ýaşlarymyza öz mümkinçiligiňi we ukybyňy açyp görkezmek, taýýarlan meýilnamalaryňy durmuşa geçirmek, mähriban Watanymyzy has-da şöhratlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri eçildi. Garaşsyz Türkmenistanyň täze döwri bilen ykbalyny baglan ýaşlar köp zada ukyplydyrlar. Hut şonuň üçin hem olar ýurdumyzyň kuwwaty, döredijilik güýji we täze ýeňişlere, belentliklere hyjuwly erkiň ruhy bolup durýarlar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda maşgala we ýaşlar meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldawy, şol sanda ýaşaýyş jaýyny edinmek üçin ýeňillikli uzakmöhletleýin ipoteka karzlary berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we durmuş üpjünçiligine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa maşgala ojaklarynyň pugtalanmagyny üpjün edýän durmuş mümkinçilikleriniň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Milli Liderimiz durmuş gurýan ýaşlara söýgi, agzybirlik, abadançylyk we bilelikdäki bagtyýar durmuş arzuw etdi. Olara "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin ýollamalary gowşurdy. Durmuş gurýan ýaşlar hormatly Prezidentimize Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň abadançylygy, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän belent ruhy ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, maşgalany berkitmek ugrunda edýän ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşini ýurdumyzyň geljegi bilen üznüksiz baglanyşyklydygyndan ugur alyp, olaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Ýaşlar jemgyýetde esasy orna, has ähmiýetli orna eýedirler. Bilim, ilatyň ösüşi, ylmyň ösdürilmegi, köp derejede telekeçiligiň kemala gelmegi ilkinji nobatda ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde hem döwlet Baştutanymyz adam maýasynyň kemala gelmegine, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň – Garaşsyzlyk eýýamynda doglan we ösüp ýetişen ýaşlaryň terbiýesine ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Ýaşlar ulalyp, maşgala döredýärler, ene-ata bolýarlar, Garaşsyz Watanymyzyň täze neslini –ýaş raýatlary terbiýeläp ýetişdirýärler.



Şol gün döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen 350 orunlyk, bäş ýyldyzly “Gämi” myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz myhmanhana bilen tanyşlygyň barşynda syýahatçylyk ulgamy, myhmanhana işi we şypahana düzümi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmeginiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hem-de pudagyň ösüşine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu taslamany durmuşa geçirmegiň üstünde işlänleriň ählisine minnetdarlyk bildirip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, innowasiýalary we täsin döredijilik çözgütlerini iş ýüzünde ulanmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy iri işewür, medeni we sport merkezi hökmündäki derejesini berkidip, halkara derejedäki dürli çäreleriň, ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. 9-njy sentýabrda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, çeper höwesjeňleriň we zehinli çagalaryň arasynda guralýan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini, hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerini sylaglamak dabarasy hem hut şu ýerde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň täze, döwrebap eserleri döredip, geljekde hem belent sepgitlere ýetjekdiklerine, ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her bir üstünligine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi. Ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri zähmetine beren ýokary bahasy, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gaýtadan dikeltmek we ösdürmek ugrunda edýän ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini, ussatlygyny we ylhamyny Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine sarp etjekdiklerine ynandyrdylar. Daşary ýurt sungat işgärleriniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezident orkestriniň baş dirižýory Wiktor Babarikin çykyş edip, esasynda biziň halklarymyzyň dostlugynyň we doganlygynyň berk kökleri ösüp ýetişen we pugtalanjak medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine Belarusyň döredijilik toparynyň goşandyna berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hem-de döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak dabarasy Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde dowam etdi.

Amfiteatryň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň—dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň oňat tans we folklor-etnografiýa aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlanan dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlarda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň we ýerine ýetirijilik mekdepleriniň dürli görnüşi, döredijilik däpleriniň yzygiderliligi şöhlelendi. Ýurdumyzyň tans we döredijilik toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy küştdepdi tansy türkmen halkynyň öz ruhy-medeni köklerine ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi.

Aýdymçylaryň we konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren, milli Liderimize bagyşlanan aýdym döredijilik agşamynyň joşgunly jemlenmesine öwrüldi. Ol dabara gatnaşyjylaryň kalbyny parahatçylykda we abadançylykda ýaşamak, ajaýyp ýurtda döretmek we gurmak bagty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk duýgusyndan doldurdy.

“Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri hem-de hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleri döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edip, döredijilik işgärlerine berilýän üns hem-de hemmetaraplaýyn goldaw üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Watanymyzy, halkymyzy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň ruhlandyryjysy bolan Arkadagymyzy wasp etmek bilen hormatly Prezidentimizi öz ylhamyny, tejribesini we ussatlygyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz Aşgabada ugramagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara we şanly taryhy senä bagyşlanan köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, hökümet agzalaryna we beýleki jogapkär işgärlere dabaralary ýokary derejede guramak barada anyk tabşyryklar berdi hem-de olaryň many-mazmunyna, şüweleňliligine hem-de çärelere gatnaşýan ähli ildeşlerimiz we myhmanlar üçin iň oňat şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermeklerini talap etdi.

Ýaşulularyň maslahatyna we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji sentýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Mejlisiň Başlygy we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri gatnaşdy.

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Polisiýanyň howa gullugy merkeziniň täze edara binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi. 1-nji sentýabrda badalga berlen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler mejlisde garalan aýratyn meseleleriň biri boldy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň howa gullugyny Polisiýanyň howa gullugy merkezi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kazylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak, olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-tehniki üpjünçiliginiň täze görnüşleri bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen harbylaryň dabaraly toý lybaslary ünsüňi özüne çekdi, harby gullukçylar, şol sanda atly polkuň harby gullukçylary bu egin-eşiklerde Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli oktýabr aýynda geçiriljek harby ýörişe gatnaşarlar.

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijelerine garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasyny we beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10 göterim, söwda pudagynda 15,6 göterim, oba hojalygynda 9,3 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9,8 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüş depgini 3,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri 16,6 göterim ýokarlandy.

2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe ortaça aýlyk haky 9,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 90,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90 göterim ýerine ýetirildi. Ähli düzümlerde aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde tölenildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň mukdary hasabat döwründe 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,6 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny" ýerine ýetirmegiň depginleri barada habar berildi. Şu ýylyň 8 aýynyň maglumatlaryna laýyklykda, özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 1 milliard 480,2 million manada deň boldy. Welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, 204 desganyň gurluşygy tamamlandy, 116-synda bolsa gurluşyk işleri dowam edýär. Täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi goşmaça iş orunlaryny döredýär we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permana gol çekip, bu nurana baýramyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we rehimdarlyk taglymyna ygrarly türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň üýtgewsizdigine şaýatlyk edýändigini belledi. Geçen hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guralan “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýörite uçary bilen türkmen zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 188-si bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşular. Olar şu sahawatly günlerde Mekgä we Medinä barýarlar.

Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen Türkmenistan sebit we ählumumy işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär hem-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Žan Asselborny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we onuň myhmany ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygynyň Hökümetiniň howa gatnawy baradaky Ylalaşygy, biziň ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmäge ýardam berer. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda, senagat, oba hojalygy, medeniýet, ylym we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gyrgyzystana iş sapary bilen barmak meýlini beýan etdi. Mälim bolşy ýaly sentýabr aýynyň başyna meýilleşdirilen sapar milli Liderimiziň Samarkantda geçirilen matam çärelerine gatnaşmagy bilen baglylykda goýbolsun edilipdi. Döwlet Baştutanymyz gyrgyz kärdeşi bilen boljak duşuşygyň hem-de türkmen telekeçileriniň tagallasy bilen, Yssykkölüň kenarynda guruljak sagaldyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň uzakmöhletleýin we birek-biregiň bähbidine hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň döredilmeginiň 60 ýyllygy mynasybetli iberen Gutlagy Türkmenistany Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky nyşany boldy. Türkmen Lideri Gutlagynda umumy taryhy we medeni kökleri, däp-dessurlary hem-de ruhy gymmatlyklary bolan döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň oňyn halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň başlygy Si Szinpiniň mynasyp ykrar edişleri ýaly, gadymy döwürlerden bäri berk dost-doganlyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak gatnaşyklary bilen baglanyşykly bolan iki beýik halkyň häzirki zaman taryhynda täze tapgyryň başyny başlan döwlet saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurduň iň oňat ýokary okuw mekdepleriniň biri "Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň Hormatly professory" diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara boldy.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ösdürmäge we giňeltmäge bolan gyzyklanmalar barada aýdylanda bolsa, türkmen talyplarynyň Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetine okuwa yzygiderli kabul edilýändiginiň, türkmen mugallymlarynyň bolsa hytaý lukmançylygynyň nusgawy esaslaryny okatmak ulgamynda tejribe alyşýandygynyň möhümdigini bellemeli.

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Bolboçandan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomat döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Myhman şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgamda, oba hojalygynda, azyk senagatynda, ulag aragatnaşyk ulgamynda we beýleki pudaklarda türkmen-moldowa gatnaşyklaryny giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şeýle hem taraplar ylym, bilim, medeniýet pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde Owganystan boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde "Sebitleýin düzümler" (RI-CBM) ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça syýasatynyň sebitleýin hyzmatdaşlykda ýokary netijelere eýe bolýandygyny bellediler. Hususan-da, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri ýurdumyzyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek işinde mynasyp orun eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem mejlisiň barşynda RI-CBM çäklerinde ozal tassyklanan maksatnamany ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada milli wekilleriň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurtlaryň we halkara guramalaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň meseleleri we olary durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Bu meseleler geljekki duşuşyklaryň gün tertibine girizmek üçin berilýän tekliplerde öz beýanyny tapar.

Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. oňa Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, şeýle ykdysadyýetiň nebitgaz, ulag we senagat pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hazarýaka döwletleriň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Bu resminamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwlet baştutanlarynyň IV Sammitinde beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Pudagara toparynyň mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan milli Liderimiziň hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek baradaky başlangyjyny mundan beýläk-de ilerletmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu forum Hazarýaka ýurtlarynyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrülip, dünýäniň işewürleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidir.

Türkmen tarapynyň işläp taýýarlaýan Teswirnamalarynyň ýene-de ikisiniň taslamalaryna jikme-jik garaldy. Olar 2010-njy ýylda Bakuwda (Azerbaýjan) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III Sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň üstüni ýetirer. Bu Resminamalar biologik serişdeleriň bikanun alynmagyna garşy göreşmek (brakonýerçilik) we deňiz gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda goňşy ýurtlaryň ygtyýarly edaralarynyň hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döreder.

Şu ýyl Türkmenistanyň ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisiniň gün tertibine GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň geçen döwürde alyp baran işlerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de geljek ýyl üçin iş meýilnamasyny kesgitlemek meseleleri girizildi. BMG-nyň Oba hojalyk we azyk boýunça guramasy bilen bilelikde guralan maslahatda oba hojalygynda usulyýet we düzüm barlaglaryny geçirmek meseleleri boýunça tejribe alşyldy. Garaşsyz Döwletleriň arkalaşygy sebitinde oba hojalyk we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň ählumumy strategiýasynyň meselelerine, GDA-nyň Statistika komiteti , Arkalaşygyň ýurtlarynyň statistika gulluklarynyň hem-de Ýewraziýa ykdysady toparynyň arasynda statistikanyň şu görnüşi boýunça maglumat alyşmagyň çäklerini giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi. Maslahatyň aýry-aýry bölümleri oba hojalygynda düzüm we seçip alyş barlaglaryny geçirmegi guramakda milli statistika gulluklarynyň tejribesine bagyşlanýar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Aşgabatdaky ÝHHG-nyň merkeziniň bilelikdäki taslamalarynyň çäklerinde guralan okuw maslahaty "Döwlet häkimiýetiniň onlaýn-serişdeleriniň kömegi arkaly aragatnaşygyň täze mümkinçilikleri" diýlip atlandyrylýar. Oňa Mejlisiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we Internet ulgamynyň işlerini kadalaşdyrýan, şeýle hem maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iş usullaryny düzgünleşdirýän kabul edilen kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty ýurdumyzyň energetika pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini we dünýäniň işewürler toparlarynyň hem-de maýadarlarynyň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyň görkezdi. Foruma dünýäniň 13 ýurdundan – ABŞ-dan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Türkiýeden we beýleki döwletlerden 52 kompaniýa gatnaşdy, olaryň 40-dan gowragy türkmen bazarynda täze işläp başladylar, olary ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum we energetika taslamalarynyň uly geljegi özüne çekýär.

Halkara ylmy maslahatynda bu pudagyň täzeden enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, elektrik geçirijileriniň gurluşygy ulgamynda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, transformator kiçi beketleriniň gurluşygynda hem-de olaryň durkunyň täzelenmeginde iň ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba almagy awtomatlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna esasy üns berildi. Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek we innowasiýa häsiýetli energiýa ulgamlarynyň düýpli ylmyň gazananlary esasynda döretmek, enjamlaryň, energetika desgalaryň, dolandyryş ulgamlarynyň ýagdaýyna çuňňur we hemmetaraplaýyn seljerme we syn bermek meseleleri maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşan meseleleri boldy.

Geçen hepdede Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary pagta ýygymyna girişdiler. Bu möhüm oba hojalyk çäresiniň ilkinji günlerinden başlap olar 140 müň gektar meýdandan ösdürilip ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnama üçin ähli tagallalary edýärler.

Gyrgyz Respublikasynda, Yssykköl kölüniň kenarynda Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlary tamamlandy. Oňa 60-dan gowrak ýurtdan 1 müňe golaý türgen gatnaşdy. Biziň ildeşlerimiz ýaryşlaryň dört ugry boýunça bäsleşip, jemi 16 medala – dokuz altyn, bir kümüş we alty bürünç medala mynasyp boldular.

Syn berilýän döwürde döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň gurluşy tassyklanylyp, bu agentlik “Altyn asyr” elektron gazetiniň esaslandyryjysy diýlip bellenildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistanyň geljege tarap okgunly öňe barýan, özüniň çuňňur köklerine we parasatly halk ýörelgelerine, belent ahlak gymmatlyklaryna berk ygrarly, müňýyllyklardan gelýän belent ruhy medeniýetiň dowamatyny saklaýan ýurtdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.