Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

view-icon 938
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň güýz paslynyň ilkinji günlerinde geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň agzybir jemgyýetimiziň bitewüligini has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Gurban baýramy adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, halklary dost-doganlyk gatnaşyklaryna alyp barýan ajaýyp baýramdyr. Gurban baýramynyň taryhy Gündogar halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem müňlerçe ýyllyk taryhynyň täsin sahypalarynyň biridir. Bu mukaddes baýramyň many-mazmunynda nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklarymyz, özboluşly medeni däplerimiz jemlenendir. Şoňa görä-de, uzak asyrlaryň dowamynda kemala gelen Gurban baýramyna agzybirlikde ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyz belent sarpa goýýar. Milli jebisligimizi we rowaçlygymyzy alamatlandyrýan bu mukaddes baýram aýratyn sene hökmünde ajaýyp däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza laýyklykda, döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Mukaddes Gurban baýramynda her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, gurbanlyk sadakalary berilýär, ýagşy doga-dilegler edilýär.

Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki, ähli şäherdir obalarymyzdaky belent hiňňildikli meýdançalarda we seýilgählerde birek-birege bolan sylag-hormaty we mähir-muhabbeti, arassa ahlaklylyk we päk wyždanlylyk ýaly gylyk-häsiýetleri terbiýeleýän ajaýyp, abadan we bagtyýar durmuşymyzy şöhlelendirýän baý mazmunly, köpöwüşginli dabaralar geçirilýär.

Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygyny, milletimiziň ahlak kämilligini üpjün etmek, medeni-ruhy mirasymyza sarpa goýmak, milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek, parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmak biziň esasy maksadymyzdyr. Şu maksatdan ugur alyp hem-de asylly däplerimize eýerip, halkymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek, namaz okamak, oraza tutmak ýaly mukaddes borçlary hem-de parz amallary göwnejaý berjaý etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň giňden hem-de dabaraly bellenýän ýylynda ýurdumyzyň wekillerinden ybarat zyýaratçylar doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata iberildi. Munuň özi beýik ynsanperwer däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň adamzadyň uzak asyrlyk taryhynyň köklerini özünde jemleýän, dünýäniň çar künjünde tanalýan hem-de öwrenilýän baý medeni we ruhy mirasy bar. Dünýäniň medeni-ruhy ösüşlerine ummasyz goşant goşan merdana halkymyzyň döreden bu egsilmez mirasy jemgyýetimizde beýik buýsanjy we ynsanperwer duýgyny terbiýeleýär, ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň belent düşünjeleriniň kemala gelmegine ýardam berýär.

Merdana halkymyzyň mertebesini has-da beýgeldýän baý medeni mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz döwletleri hem-de halklary ylym, bilim, medeniýet babatda baglanyşdyrmaga, köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berýär.

Dürli medeniýetleriň we sungatlaryň özara baýlaşmagyna goşant goşan milli mirasymyz, ruhy we ahlak ýörelgelerimiz, ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, akýüreklilik, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk, ýaşuly nesle sarpa goýmak ýaly ajaýyp häsiýetler halkymyzyň durmuşyna düýpli ornaşan milli baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, mirasa sarpa goýmaga, milli ýörelgelerimizi, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesini mynasyp dowam etdirip, jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, ata Watanymyzy özgertmäge biz döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris.

Häzirki döwürde eziz Watanymyz dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýar. Bu ýörelgeler we döwlet syýasatymyz baý medeniýetimizi dünýä tanadýar, döwletleriň we halklaryň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Ýer ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi üçin etjek ýagşy doga-dilegleriňiz, gurbanlyk sadakalaryňyz hem-de baýram namazlaryňyz gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow