Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

view-icon 851
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Wan şäherinde bolup geçen, adamlara şikes ýetmelere getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmekde we ony ýok etmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.