Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, biri-birini dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de türkmen we türk halklaryna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşler strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan dostlukly döwletara aragatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan taraplaryň geljekde hem ähli ugurlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin, şol sanda iki doganlyk ýurduň ykdysady rowaçlygyna hyzmat edýän täze ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin täze usullary kesgitlemek babatda hökümetara toparyň orny nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Baştutanlary ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugry boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy.
Türkmen we türk Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara syýasatynyň möhüm meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň möhüm meseleleri, şol sanda ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da gabat gelmegi halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan netijeli döwletara aragatnaşyklaryna geljekde hem ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ruhunyň mahsus boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege saglyk we üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.