Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda sözlän sözi (Aşgabat, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabry)
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda sözlän sözi (Aşgabat, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabry)

view-icon 1590
>Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly ýaşulular!
Hanymlar we jenaplar!


Biz şu gün Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şanly wakanyň — Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda ajaýyp Ruhyýet köşgünde ýygnandyk. «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion kanunda: «Türkmenistanyň garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.

Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy waka hem-de dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaý bolup durýar. Şoňa görä-de, çärýek asyr mundan ozal — 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halkynyň öz garaşsyz döwletini döretmek barada asyrlaryň dowamynda edip gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamanyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bolar.

Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir gün, her bir aý we her bir ýyl özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezdi.

Biz eziz Diýarymyzyň garaşsyzlyk eýýamynyň taryhyna buýsanmaga doly haklydyrys!

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Döwlet garaşsyzlygy bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň esasy bolup durýar.

Geçen döwürde berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we anyk delillere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi we hereket edýär.

Şu ýyllarda döwletimiziň azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi. Döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş edaralary döredildi. Biziň Garaşsyz döwletimiziň kemala gelip başlamagy Sowet Soýuzynyň dargan hem-de uruşdan soňky halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymlaşan döwrüne gabat geldi.

Şol döwürde biz döwletimiziň resmi hukuk ýagdaýy we daşary syýasatymyzyň baş ugry hökmünde bitaraplyk ýoluny saýlap almak barada ykbal kesgitleýji çözgüdi kabul etdik. Türkmen bitaraplygy halkara-hukuk tejribesinde täze ýagdaý hökmünde, ählumumy ösüşiň gurluşyny üýtgetmegiň has amatly ýoluny dünýä bileleşigine teklip etdi. Bu bolsa, hyzmatdaşlyk etmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze binýadyna öwrüldi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan goldady we kabul etdi. Bu Rezolýusiýada Milletler bileleşigi «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar» diýlip bellenilýär.

Biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan oňyn syýasatyny dünýä bileleşigi hemmetaraplaýyn makullaýar we goldaýar. Bitarap Türkmenistanyň birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda aýratyn ähmiýetli wakadyr. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz soňky ýyllarda bu iri halkara Guramasynyň abraýly düzümlerine we ykdysady edaralaryna köp gezek saýlandy.

Geçen ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Dünýäniň 47 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Rezolýusiýada biziň Garaşsyz döwletimiziň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary goldanylýar. Türkmen bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady taýdan sebit we dünýä ösüşine oňyn täsir edýändigi bellenýär.

Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge we ygtybarly ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlaryna ýene-de bir gezek goldaw bildirilýär. Şeýle hem Rezolýusiýada çylşyrymly we adatdan daşary hadysalar hem-de tebigy heläkçilikler zerarly kyn ýagdaýda galan ýurtlara we halklara ynsanperwer kömegini bermekde biziň döwletimiziň oňyn orny ykrar edilýär.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarydygynyň täze aýdyň subutnamasy boldy. Alyp barýan oňyn bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasy ugrunyň netijelidigini görkezdi. Bu syýasatyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigini we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Milletler bileleşiginiň üýtgewsiz goldaýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi. Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş — çärýek asyrlap Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny anyk häsiýetlendirip gelýän esasy düşünjelerdir.

Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!

Bitarap Watanymyz halkara derejesinde ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Merkezi Aziýa sebitinde hakyky parahatçylygy dörediji döwlete öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly ýagdaýdyr. Garaşsyzlyk ýyllary şol döwrüň çylşyrymly we aýgytly pursadynda Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Bitarap Türkmen döwleti häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan içeri we daşary syýasaty Ýer ýüzüniň döwletleri we halklary bilen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda asyrlaryň dowamynda emele gelen milli däplerimize doly laýyk gelýär.

Hormatly adamlar!

Men şu ýerde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyran beýik işlerimiz barada birnäçe mysallary getirmegi makul bildim.

Siziň özüňiz hem şu maglumatlara görä, bitirilen işleriň gerimine mynasyp baha berip bilersiňiz diýip pikir edýärin. Geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalaryň 544-si guruldy hem-de işe girizildi.

Umumy meýdany 35 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň umumy ýaşaýyş meýdany bilen üpjünçiligi 23,2 inedördül metre ýetýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyldaky görkezijiden iki esse ýokarydyr.

Ýurdumyzyň senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Geçen döwürde senagat önümleriniň möçberi ýedi esseden hem köp artdy. Geçirilen düýpli ykdysady özgertmeler netijesinde, ýerli tebigy we beýleki serişdeleri ulanýan täze pudaklar emele geldi. Bu pudaklarda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümler öndürilýär.

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda düýpli gaýtadan işlenen önümleri, hususan-da, polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerini öndürmek ýola goýuldy. Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleri hem yzygiderli artýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýylda 3,5 million tonnadan hem gowrak sement öndürilýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4 esse köpdür.

Çärýek asyryň dowamynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 55,7 göterim, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi 23 esse, mineral dökünleriň öndürilişi hem 2,8 esse artdy.

Ýurdumyzda häzirki zaman dokma senagaty düýbünden täzeden döredildi. Dokma pudagynyň kärhanalarynda 2015-nji ýylda 120 müň tonna nah ýüplük, 209 million inedördül metr nah mata öndürildi. Olaryň möçberi 1991-nji ýyldaka garanyňda degişlilikde 24,4 we 7 esse köpeldi.

Şunuň bilen birlikde, senagat pudagynyň önümçilik kuwwaty hem artýar. Bu bolsa, innowasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyna, senagat düzümlerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýar. Şeýlelikde, oba hojalyk pudagy agdyklyk edýän ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi.

Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty daşary söwda gatnaşyklarynda hem oňyn ösüşi gazanmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1995-nji ýyl bilen deňeşdireniňde häzir 8 esseden gowrak ösdi. Biziň döwletimiz dünýäniň 100-den hem köp ýurdy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy.

Oba hojalygynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Şu ýyl ýygnalan ak bugdaýyň möçberi 1 million 600 müň tonnadan geçdi. Bu bolsa 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 8 essä golaý köpdür. Häzirki döwürde Türkmenistan bugdaýy we uny daşary ýurtlara ýerleýän ýurda öwrüldi. Pagtanyň her ýylda öndürilýän möçberi hem 1 million 100 müň tonnadan geçdi. Ekerançylygyň azyk we çig mal pudaklary-da durnukly ösýär.

Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýan biziň ýurdumyz soňky ýyllarda hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalaryny durmuşa geçirdi.

Häzirki döwürde türkmen tebigy gazy «Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý» transmilli gaz geçirijisi boýunça iberilýär. Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasyna gazgeçirijiniň ikinji şahasynyň gurluşygy — amala aşyrylan beýleki bir taslama bolup durýar.

Ýene-de bir iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem girişildi. Ýurdumyzda her bir jaýy, her bir öýi elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen mugt üpjün etmek, ilata edilýän jemagat we beýleki hyzmatlaryň bahalarynyň ujypsyz bolmagy, indi biziň üçin adaty ýagdaýa öwrülip galdy.

Döwletimiz ýaşaýyş jaýyny gurmak, şol sanda ipoteka boýunça ýaşaýyş jaýlaryny almak üçin uly möçberlerde ýeňillikli karzlary berýär.

Siziň bilşiňiz ýaly, 2007-nji ýyl ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin möhüm sepgit boldy. Şol ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, maliýe we pul-karz hem-de durmuş ulgamynda özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyrmagyň zerurdygy yglan edildi. Bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny emele getirmegiň ylmy esaslary işlenip düzüldi.

Durmuş taýdan ösüşe gönükdirilen bu nusga döwletiň netijeli düzgünleşdirmegine esaslandy. Bu ugurda bellenilen döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, durmuş taýdan goraglylygy güýçlenýär. Ýurdumyzyň çäkleriniň aglaba böleginiň ekologiýa ýagdaýy gowulanýar.

Bölek haryt dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigi, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberleriniň köpelýändigi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we satyn alyş ukybynyň ýokarlanýandygyny, şeýlelikde, olaryň islegleriniň has artýandygyny görkezýär.

Biz döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary yzygiderli ornaşdyrýarys. Ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda düýpli özgertmeleri dowam edýäris. Ýaňy-ýakynda Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynyň täze ýokary okuw mekdepleriniň hasabyna giňelýändigine hem-de dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, oba hojalyk we nebitgaz pudaklarynda hem ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Biziň güneşli ülkämiziň ähli künjeklerinde köp sanly häzirki zaman desgalary we binalary giň gerim bilen gurulýar we ulanylmaga berilýär.

Meniň eýýäm belläp geçişim ýaly, häzirki döwürde «Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan» halkara demir ýolunyň, Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň, howa menzilleriniň, Türkmenbaşynyň deňiz portunyň gurluşyklary ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Iri köprüler, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, myhmanhana toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çagalar baglarydyr orta mekdepler, medeniýet öýleri, senagat kärhanalary we köp sanly beýleki desgalar bina edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda içerki bazarlarymyzy ýurdumyzda öndürilen önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça hem köp işler bitirildi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda içerki bazarda uly isleg bildirilýän köp sanly harytlar ýetmezçilik edýärdi. Biz bu harytlary daşary ýurtlardan, käbir ýagdaýlarda, özümiz üçin amatsyz şertlerde hem getirmeli bolýardyk.

Özbaşdak ösüş ýyllarynda ýurdumyzda täze önümçilik mümkinçilikleri döredildi. Öz milli senagat pudagymyz kemala geldi we ösüş ýoluna gadam basdy. Içerki bazarlarymyz biziň täze işe girizen zawod-fabriklerimizde öndürilen önümler bilen üpjün edilip başlandy.

Oba ýerlerinde kärende gatnaşyklary ornaşdyryldy. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Geçirilen şu işleriň netijesinde, bazarlarymyz azyk önümleri bilen bolelin üpjün edildi.

Hormatly adamlar!

Ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanyldy. 2015-nji ýyl öz emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylan ýyly hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly taryhyna hemişelik girer!

Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň parahatçylygy üpjün etmekde, ýagny diňe sebit däl-de, eýsem, dünýä derejesinde hem özara düşünişmegi we dostlugy berkitmekde hem, ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary netijeli bolmagyny gazanmakda hem möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda, şu ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň bu meselelerde ýardam berjekdigine ynanýaryn!

Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan yzygiderli işleriň netijesinde, ýurdumyzda durmuş üpjünçiligine gönükdirilen bazar ykdysadyýeti emele geldi.

Orta we kiçi telekeçilik, şol sanda hususy telekeçilik yzygiderli ösýär. Häzirki wagtda, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, umumy içerki önümçiligiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýy 68 göterime barabardyr. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli kärhanalaryň umumy sany 25 müňe ýetdi.

Önümçilige ylmyň we tehnikanyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän täze kärhanalar döredilýär.

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň berkemegi hem ykdysadyýetimiziň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Dürli ugurlarda özara peýdaly dostlukly gatnaşyklary saklamak biziň ýurdumyzyň milli, sebit we dünýä ösüşiniň bähbitlerine alyp barýan daşary syýasatynyň, hususan-da, halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar.

Şoňa görä-de, Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk giň gerim bilen ösdürilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär hem-de goldaw tapýar. Berkarar Watanymyzyň — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki barha artýan täsiri hem-de mynasyp orny şunuň bilen kesgitlenýär.

Şeýlelikde, ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegiň aýdyň ýoluna düşmek bilen, biz şu belent maksadymyza tarap yzygiderli barýarys. Bu bolsa, durnukly ykdysady ösüş üçin hökmany esas bolup durýar. Döwletimiziň bu möhüm ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirýän uly möçberdäki maýa goýumlary biziň geljegimiz üçin goýulýan maýa goýumlarydyr!

Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!

Garaşsyz, ýaş döwletimiziň 25 ýylynyň içinde mähriban halkymyzyň bitiren ähli işlerini, gazanan ýokary netijelerini gysga çykyşyň çäklerinde sanap geçmek mümkin däl. Ýöne bir zady, içeri we daşary syýasatda gazanan üstünliklerimize, milli ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ýokary depginler bilen öňe barýandygyna baha berip, biz hemmetaraplaýyn ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döredendigimizi uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Berkarar döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandy we gazanmagyny dowam edýär!

Men alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzy goldaýandyklary, Türkmen döwletini gurmaga işjeň gatnaşýandyklary üçin, mähriban halkyma, aýratyn-da hormatly ýaşulularymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly watandaşlar!


Biz ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri amala aşyrýandygymyzy yglan etdik. Bu özgertmeler ýurdumyzyň täze ösüş döwründe hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň özeni bolup durýar.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen wagtyndan bäri Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça uzak möhletlere gönükdirilen iri milli maksatnamalar kabul edildi. Häzirki döwürde şol maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Biziň ykdysadyýetimiziň öndüriji güýçleri ep-esli artdy. Demokratik kadalar durmuşymyza giňden ornaşdyrylýar.

Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulanýar. Şeýle hem halkymyzyň aň-düşünjesi, bilim derejesi we syýasy işjeňligi artýar. Bu bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk hem öňe gitmegini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy we şol özgertmeleri milli kanunçylygymyzda berkitmegi talap edýär. Geçirilýän özgertmeler Konstitusiýanyň aýry-aýry düzgünleriniň ýeterlik derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär.

Döwlet ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrüň talaplaryna hemmetaraplaýyn laýyk gelýän täze konstitusion ýörelgeleri we kadalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň häzirki tapgyry ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlarynyň ösüş ugurlaryny kesgitlemelidir. Şol ugurlar häzirki döwürde dünýä tejribesinde emele gelen ýagdaýlara laýyk gelmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar tarapyndan Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça uly işleriň geçirilendigini bellemek isleýärin. Bu işlere biziň jemgyýetimiz uly gyzyklanma bildirdi we ony goldady.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylandan soň, Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topara we onuň ýanynda döredilen, gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we tertipleşdirmek boýunça topara ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden, döwlet häkimiýet edaralaryndan, şeýle hem ylmy jemgyýetçilikden, hukukçylardan we halkara bilermenlerinden köp sanly teklipler gelip gowuşdy. Bu teklipler düýpli seljerildi we öwrenildi.

Taslama çap edilenden soň gelip gowşan teklipleri öwrenmegiň, düýpli seljermegiň we umumylaşdyrmagyň netijesinde, Esasy Kanunyň gutarnykly görnüşiniň taslamasy taýýarlandy. Bu taslama bütin halkymyz tarapyndan taýýarlandy diýsek, dogry bolar diýip pikir edýärin.

Siziň garamagyňyza hödürlenýän Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasy täze maddalaryň 28-sini (olardan 24-si täze maddalar bolup durýar, maddalaryň 4-sinde bolsa, hereket edýän kadalar rejelenen görnüşde beýan edildi), üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen 107 maddany we täze girizilen bir bölümi öz içine alýar.

Döwletimiziň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, hukuk, dünýewi we demokratik häsiýeti baradaky we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy beýleki düzgünleri üýtgewsiz galýar.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Biz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini Esasy Kanunymyzda berkitmegi maksat edindik. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky gaýtadan kabul edilen taryhy Rezolýusiýa aýratyn möhüm ähmiýet bermek isledik.

Şoňa görä-de, biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzy täze, aýratyn maddada beýan etmeli diýen netijä geldik. Bu teklip bütin halkymyz tarapyndan Esasy Kanunymyzyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda doly makullandy.

Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary we alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty giňden goldanylýar. Biz beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýaly daşary syýasatymyzyň möhüm ýörelgelerini Konstitusiýamyzda beýan etdik.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy baradaky düzgünleriň beýan edilendigine aýratyn üns bermek isleýärin.

Hormatly adamlar!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!


Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilen işlerde ýokary işjeňlik görkezendigi, şeýle hem Esasy Kanunymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk getirmäge uly goşant goşandygy üçin bütin halkymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar. Men şuny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin.

Hormatly adamlar!

Eger, siz garşy bolmasaňyz, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryndan şu gün biziň bilen bilelikde Mejlisiň maslahatyny geçirmeklerini we Esasy Kanunymyzyň siz tarapdan makullanan maddalaryna seretmegi haýyş etsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak barada Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň taryhynda şanly senä öwrüler.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň durmuşynda 2017-nji ýyl uly taryhy wakalaryň döwrüne öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar. Elbetde, Prezident saýlawlary raýatlarymyzyň durmuş-syýasy işjeňligini we kämilligini, döwlet Baştutanyny saýlamagyň ýurduň geljekki ykbalyny kesgitlemekde ornunyň örän uludygyna düşünýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezer diýip pikir edýärin.

Geljek ýylda Prezident saýlawlary ähli türkmenistanlylaryň ýokary raýatlyk işjeňligi ýagdaýynda geçer. Bu saýlawlara ilkinji gezek üç partiýa, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy gatnaşar. Bu partiýalaryň bäsleşigi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze, möhüm ähmiýetli öwüşgin berer. Saýlawlaryň ýokary bäsleşik derejesini üpjün eder. Bu bolsa bütin jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, halk bilen häkimiýetiň bitewüligini pugtalandyrmaga, jemgyýetimizi demokratik başlangyçlar esasynda jebisleşdirmäge ýardam berer.

Jemgyýet we döwlet işlerini dolandyrmaga gös-göni ýa-da erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmak hukugyny raýatlara bermek örän möhüm konstitusion ýörelgeleriň biri bolup durýar. Gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw esasynda döwlet edaralaryna erkin saýlamak we saýlanmak hukugy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2013-nji ýylyň maýynda kabul edilen Saýlaw kodeksinde anyk kesgitlendi.

Şu Kodekse laýyklykda, dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenýär. Aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçilikler döredilýär.

Men döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleriň has köp bolmagyny isleýärin. Şu Ýaşulular maslahatynyň belent münberinden, baý durmuş tejribesi bolan ýaşulularymyza, maslahata gatnaşýan ähli adamlara ýüzlenýärin. Geliň, ylymly-bilimli we tejribeli, halkymyza wepaly bolup, jany-teni bilen gulluk etmek isleýän her bir raýatymyza, syýasy partiýalardan ýa-da raýatlar toparlaryndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik etmäge mümkinçilik döredeliň.

Şu maslahata gatnaşýanlara ýüzlenip, siziň ähliňiziň ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşaýan dürli ýaşly we hünärli adamlaryň doly hukukly wekilleridigiňizi bellemek isleýärin.

Siz türkmen döwletiniň Baştutanynyň geljekki saýlawlarynyň ähmiýetiniň örän uludygy barada ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde biziň ygtybarly kömekçilerimiz bolmalysyňyz.

Diňe ähli raýatlaryň, ilatymyzyň ähli gatlaklarynyň we toparlarynyň wekilleriniň örän yhlasly, tutanýerli we işjeň gatnaşmagy netijesinde biz şu jogapkärli wezipä döwlet aladalaryny öz üstüne alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürip, dogry ýol bilen öňe alyp gitjek mynasyp adamy teklip edip we saýlap bileris! Goý, hemmeler bu hakykaty ýatda saklasyn!

Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!

Men siziň bilen ýene-de bir möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmak isleýärin. Bu mesele 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutuljak durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlarydyr. Häzir bu ugurlaryň käbir taraplary barada durup geçeýin.

Men pudaklary ýokary depginler bilen ösdürmegiň we tutuş ykdysadyýetimiziň netijeli bolmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini durnukly saklamaga örän uly üns bermeli diýip pikir edýärin.

Şoňa görä-de, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen we toplumlaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän özgertmeleri dowam etmeli. Bu özgertmeler bolsa halkara we sebit ähmiýetli, iri hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny göz öňünde tutýar.

Ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda hem alyp barýan durmuş syýasatymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir. Sebäbi biz saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de hyzmatlar ulgamynyň beýleki görnüşleriniň netijeliligini artdyrmak esasynda adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmegi maksat edinýäris.

Iň ýokary dünýä talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebap ýagdaýa getirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etmelidiris. Daşary ýurt dillerinde okatmak, täze okuw jaýlaryny açmak hem bu işlere ýardam berer diýip pikir edýärin.

Ylmy ösdürmäge hem uly üns berler. Akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler. Ylmy barlaghanalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Bu bolsa ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Kadaly iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sport bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýan milli saglygy goraýyş ulgamyny kemala getirmek dowam etdiriler. Saglygy goraýyş ulgamynda zerur özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, keselleriň öňüni almakda, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen ylmy taýdan hyzmatdaşlyk etmek boýunça giň gerimli çäreler geçiriler.

Medeniýet baradaky döwlet syýasatymyz medeniýetiň gazananlarynyň jemgyýetiň ähli agzalary üçin mümkin boldugyça elýeterli bolmagyny maksat edinýär.

Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek maksady bilen, milli sport ulgamy mundan beýläk hem ösdüriler. Şu maksat bilen, iň täze we kämil usullary hem-de tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny peýdalanmaly. Tälimçileriň we türgenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin milli hünärmenleri daşary ýurtlaryň ýokary sport merkezlerine ýörite okuwlara ibermegi dowam etmeli.

Zähmet haklaryny, pensiýalary we talyp haklaryny ýokarlandyrmak boýunça (10 göterimden az bolmadyk möçberde) çäreleri geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek biziň öňümizde duran möhüm wezipeleriň biridir. Bu işler makroykdysady taýdan durnukly ösüşi gazanmagyň we adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly binýadyny döretmäge ýardam berer diýip pikir edýärin.

Şoňa görä-de, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberi Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75 — 80 göteriminden az bolmaly däldir diýip hasap edýärin. Ilatyň girdejileri yzygiderli artmalydyr.

Ýaşaýyş-durmuş şertleri has gowulanmalydyr. Bu ýagdaý bolsa, diňe ykdysadyýetiň ygtybarly ösüşine esaslanyp biler. Jemgyýetde maliýe we durmuş taýdan durnukly ösüşi hem üpjün etmeli. Şeýle hem döwlet enäni we çagany goramak boýunça yzygiderli çäreleri görmeli.

Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak, zähmet bazarynyň meselelerini çözmek, raýatlaryň işlemäge bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çärelere hem Döwlet býujetinde uly orun berilmelidir.

Meniň öň hem belläp geçişim ýaly, durmuş-ykdysady özgertmeler ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmelidir. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga, kämil enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalary döretmäge, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, biz ýurdumyzyň maýa goýum ösüşi boýunça anyk maksatnamalary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berýäris.

2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda uglewodorod serişdelerini düýpli we köptaraplaýyn gaýtadan işlemek boýunça täze iri desgalary gurmagy göz öňünde tutýarys. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, çig maly gaýtadan işleýän we taýýar önümleri çykarýan senagat pudaklaryny döretmegi belleýäris.

Şeýle hem Maksatnamada önümleri daşary ýurtlara ibermäge, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen bilelikdäki kärhanalary döretmek meýilleşdirilýär.

Ilatyň azyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň ähli gatlaklary üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bellenilýär.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça 2017-nji ýylda düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 42,7 milliard manada barabar bolar. Şonuň 34,4 milliard manady ýa-da 80,5 göterimi önümçilik desgalaryny gurmaga goýberiler. Mundan başga-da, 8,3 milliard manady ýa-da 19,5 göterimi önümçilik bilen bagly bolmadyk desgalary gurmaga gönükdiriler.

Täze ýylyň maýa goýum maksatnamasynda 400-e golaý desgany, şol sanda önümçilik maksatly 270, durmuş maksatly 130 desgany gurmak göz öňünde tutulýar.

Düýpli maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi uglewodorod çig malyndan polietilen, polipropilen, ýokary oktanly benzin ýaly önümleriň gymmat bahaly görnüşleriniň önümçiligini ösdürmäge gönükdiriler. Maýa goýumlarynyň köp bölegini Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin goýbermek göz öňünde tutulýar.

Geljek ýylda elektrik energetikasyny ösdürmäge, täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we işläp gelýän elektrik stansiýalarynyň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler. Bu bolsa elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga we içerki sarp edijileri energiýa bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik döreder.

Ýurdumyzyň himiýa senagatynda Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynyň gurluşygy üçin düýpli maýa goýumlarynyň uly möçberini goýbermeli. Mundan başga-da, himiýa senagatynda ýod we brom öndürýän birnäçe senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmaly.

Şeýle hem 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda ulag toplumyny we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. «Aşgabat — Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýoly bu toplumyň örän möhüm gurluşyklarynyň biridir. Bu täze ýoluň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetine dünýäniň ykdysady ulgamyna has amatly goşulmaga we erkin ýörgünli daşary ýurt pulunda gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geljek ýyl Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygyna hem düýpli maýa goýumlarynyň uly möçberleri goýberiler. Bu maýa goýumlaryny özleşdirmek geljekde Halkara portuny Hazar deňzindäki iň iri logistika merkezleriň birine öwürmäge mümkinçilik berer.

«Aşgabat — Türkmenbaşy», «Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Farap» we «Aşgabat — Garagum — Daşoguz» awtomobil ýollaryny abadanlaşdyrmaga we döwrebap ýagdaýa getirmäge hem köp möçberde maýa goýumlaryny goýbermek göz öňünde tutulýar. Nesip bolsa, geljek ýyl paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň üçünji nobatdakysynyň gurluşygy tamamlanar. Ýurdumyzda umumy meýdany 1,2 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Mundan başga-da, 17 müň orunlyk umumybilim berýän mekdepler, 4 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary, 1200 orunlyk hassahanalar, birbada 3400 adamy kabul etmäge niýetlenen saglyk öýleri we merkezleri ulanmaga berler.

Umumy uzynlygy iki müň kilometrden geçýän inžener üpjünçilik ulgamlarynyň birnäçe desgalary (suw, gaz we elektrik geçiriji ulgamlar) işe giriziler.

Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly ýaşulular!
Eziz watandaşlar!


Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar.

Men egsilmez döredijilik ruhy bilen galkynýan merdana halkymyň şu belent maksatdan ugur alyp, içeri we daşary syýasatda öňümizde durýan jogapkärli wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirjekdigine, yhlasly zähmeti bilen has ajaýyp we nurana mekana öwrüljek mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etjekdigine berk ynanýaryn!

Biziň ýürekden buýsanýan ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar. Biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolan eziz Türkmenistanyň iň täze taryhyna hem ajaýyp we şan-şöhratly sahypalary ýazarys.

Biziň amala aşyran işlerimiz hem-de gazanan üstünliklerimiz bolsa, geljekki nesilleriň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döreder.

Goý, biziň Garaşsyz döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty älem-jahana ýaň salsyn!

Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk hem gülläp össün!

Goý, Türkmen döwletiniň halkara abraýy Ýer ýüzüne dolsun!

Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan!

Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen döwleti!

Ýaşasyn, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri!

Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!