Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurbanlyk sadakasyny berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurbanlyk sadakasyny berdi

view-icon 1261
Şu gün dünýäniň ähli musulmanlarynyň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurbanlyk sadakasyny berdi.

Bu baýramçylyk adamlary ruhy taýdan päkize, sabyr-takatly, kiçigöwünli, geçirimli, sahy bolmaga çagyrýan baýramlaryň biri bolup durýar. Hemişe dostlukly gatnaşyklary hem-de päk göwünliligi bilen tapawutlanýan türkmen halky öz taryhynyň dürli döwürlerinde Gurban baýramyny ynsan kalbynyň iň asylly häsiýetlerini açyp görkezýän arzyly baýram hökmünde belläp geldi.

Halkymyz häli-häzire çenli kalby sahawatly, ýagşy işleri amal etmegi, gurmagy, döretmegi başaran ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň sarpasyny belent tutýarlar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasy hem adamzadyň abadan, bagtyýar durmuşynyň bähbitlerine ýugrulan şeýle ýörelgeleriň esaslarynda gurulýar.

Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni taýdan batly depginler bilen ösmegi, köp sanly iri halkara taslamalarynyň amala aşyrylmagy, ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dünýäniň batly depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda milletiň ruhy kämilligine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna, özboluşly türkmen medeniýetini aýawly saklamaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu ýyl türkmen halky üçin aýratyn üýtgeşik ýyl. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şöhratly senesini belleýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, 2016-njy ýyl ýurdumyzda «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edildi. Bu gün hem türkmen halky ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde belent sepgitlere ýetmek, durmuşyň ýokary derejelerini gazanmak, adamlaryň ruhy we döredijilik taýdan öz başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmek maksatlaryndan ugur alyp, milli ýörelgelerimiziň esas dörediji binýadynyň daşynda jemlenip, öz däp-dessurlaryny aýawly saklaýar hem-de ösdürýär.

Köp halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň taryhy-medeni umumylygyny şöhlelendirýän bu mukaddes baýram soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Bu baýrama döwlet derejesiniň berilmegi, ýurdumyzyň ynsanperwerlik hem ruhy tämizlik, belent umumadamzat ýörelgeleriniň tarapdarydygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Şu günler ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli oba-şäherlerinde baýramçylyk sadakalary berilýär, türkmenistanlylary hasam jebisleşdirýän, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini alamatlandyrýan, ýaşlarymyzda ynsanperwerlik we watançylyk duýgularyny terbiýeleýän ajaýyp aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.

...Şu gün Ýaşulular maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» Ýadygärlikler toplumyna geldi.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança baryp durýar.

Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri hem milli gahrymanlary hatyralamak bolup durýar. Bu däbe eýerip, Türkmenistanyň Baştutany türkmen topragynyň edermen ogullary baradaky ýadygärliklere gül desselerini goýýar.

Soňra milli Liderimiz sadaka bermek üçin niýetlenen jaýa baryp, özi üçin ýörite taýýarlanan ornuna geçýär.

Bu ýere Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, il ýaşululary, Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy düzümleriň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, umumymilli foruma gatnaşyjylar ýygnanypdyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nahara başlanmazdan öň ýygnananlara ýüzlenip, gysgaça söz sözledi.

Milli Liderimiz ýygnananlary mähirli gutlap, şu günler ýurdumyzyň ähli metjitlerinde mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Watanymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadançylygyny arzuw edip, doga-dilegler edilýändigini, sadakalar berlip, baýramçylyk töwirleriniň galdyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gün möhüm taryhy waka boldy. Umumymilli forumda öz içine türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, milli aýratynlyklaryny, onuň syýasy we durmuş tejribesi bilen baglylykda binýatlaýyn umumadamzat gymmatlyklaryny öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu waka Watanymyzyň geljegi, bagtyýarlygy, abadançylygy üçin örän wajyp ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan — Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, milletiň agzybirligi ýaly düşünjeleri şöhlelendirýän ýurduň Esasy Kanunynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda, mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda kabul edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris, olara laýyklykda, bu mukaddes baýramçylyk ýurdumyzda her ýyl döwlet derejesinde bellenýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de sözüni dowam edip, bu sadakanyň türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan galan gadymy däp-dessurlaryň sarpasyny belent tutýandygynyň güwänamasydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara: «Beren sadakalaryňyz, eden doga-dilegleriňiz Alla dergähinde kabul bolsun!» diýen sözler bilen ýüzlendi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň müftüsinden tebärek çykmagy haýyş etdi.

Nahardan soň töwir galdyryldy.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň her bir raýatynyň jemgyýetdäki özgerişlikler bilen baglanyşykly işlere uly ruhubelentlik bilen, işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwleti ösdürmek boýunça meýilnamalary, milli we halkara derejelerindäki iri durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek merdana halkymyzyň agzybirliginiň netijesinde mümkin boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar bilen bilelikde saçak başynda mukaddes Gurban baýramyny belleýändigine örän şatdygyny nygtap, ýygnananlara ýüzlenip, “Goý, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk höküm sürsün!» diýip aýtdy.

Gurbanlyk sadakasy tamamlanandan soň döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

...Türkmen halky Garaşsyzlyk ýyllarynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Gurban baýramynyň mazmunyny özüne gadym döwürlerden bäri mahsus bolan özboluşly ynsanperwer däpler bilen baýlaşdyrdy. Ata-babalarymyz bu baýramçylygy ähli döwürlerde uly şatlyk bilen, milli aýratynlyklarymyza we däplerimize laýyklykda, giňden belläpdirler. Gurbanlyk günlerinde adamlar dürli tagamlary taýýarlap, bereketli saçagyň başyna goňşy-golamlaryny, dogan-garyndaşlaryny çagyrýarlar.

Häzirki wagtda üçünji müňýyllygyň ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezine öwrülen Türkmenistanda iri möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda edip gelen arzuwlary hasyl bolýar, parahatçylyk we rehimdarlyk taglymlary dabaralanýar. Muňa iri möçberli özgertmeler hem şaýatlyk edýär, onuň baş maksady ýurdumyzy durmuşyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze belentliklerine çykarylmagyndan ybaratdyr.

Türkmen halky röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar. Döredýän hem-de bagtyýar durmuşda ýaşaýan ildeşlerimiz ägirt uly özgertmelere, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasatyna, ynsanperwer taglymlaryna buýsanýarlar.

Goý, nurana Gurban baýramy günlerinde berlen sadakalar beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun, türkmen halkynyň parahat we bagtyýar durmuşy baradaky dilegler hasyl bolsun, Türkmenistan abadançylyga we bagtyýarlyga eýe bolsun!