Ï Umumymilli maslahata gatnaşan daşary ýurtly wekillere söz berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Umumymilli maslahata gatnaşan daşary ýurtly wekillere söz berilýär

view-icon 1025
Ýaşulular maslahatynyň arakesmesinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd metbugat maslahatynda çykyş edip, ýurdumyzyň metbugat we internet neşirleriniň, tele we radioýaýlymlaryň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi.

— Ilki bilen, men türkmen halkyny, Türkmenistany uly zähmeti talap edýän bu örän wajyp işiň tamamlanmagy bilen gutlamak isleýärin. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça iki ýylyň dowamynda Konstitusion topar hem-de ýurtdaky konstitusion özgertmeler işine gatnaşýan beýlekiler tarapyndan örän uly çynlakaý işler ýerine ýetirildi. Ýurtda demokratiýany we konstitusion hukugy güýçlendirmäge gönükdirilen işler döwletde geçirilýän konstitusion özgertmäniň esasy maksadydyr. Elbetde, topar hem, oňa gatnaşyjylaryň ählisi hem bu işiň üstünlikli tamamlanmagy üçin örän uly tagalla etdiler. Konstitusiýanyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy, soňra halkyň umumy ara alyp maslahatlaşmagyna çykaryldy, netijede ýurduňyzyň ilatyndan köp sanly teklipler gelip gowuşdy, olar içgin seljerildi. Ine, bu gün bolsa siziň bilen bilelikde bu möhüm işiň tamamlanandygyny alamatlandyrýan umumymilli, hakykatdan-da taryhy ähmiýetli çärä gatnaşdyk. Bu gün Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa gol çekdi.

ÝHHG meniň wekilçilik edýän guramam bolup, milli kanunçylygy özgertmekde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlere ýardam berýär. Bu bolsa Türkmenistany goşmak bilen 57 döwletden ybarat. Häzirki ýagdaýda ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy hödürnamalary, öz teswirnamalaryny taýýarlady hem-de olary hökümete ugratdy. Biz olaryň örän peýdaly bolandygyna umyt edýäris. Men ÝHHG-niň we biziň Merkezimiziň bu meseleleriň ählisi boýunça hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bermäge mundan beýläk-de taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Biz ygtyýarlygymyzyň, ýagny ÝHHG-niň ygtyýarlygynyň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmegine örän uly umyt edýäris.

— Halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga laýyk getirilmeginiň wajyplygy barada gysgaça aýdyp beräýseňiz.

— Bu hakda hemişe hökman ýatda saklamaly. Resminamany kabul etmek, ony halkara hukugynyň kadalary esasynda we elbetde, dünýä tejribesiniň esasynda işläp taýýarlamak möhümdir. Ýöne kabul edilýän kanunlary laýyk getirmek işiniň özi has-da möhüm bolup durýar. Men döwletiň içinde halkara borçnamalarynyň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeginiň hem üstünlikli boljakdygyna ynanýaryn. Biz bu ugurda hem Türkmenistana ýardam bermäge taýýar.

— Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň geljegi barada gysgaça gürrüň berseňiz?!

— Men Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň geljeginiň uludygyna berk ynanýaryn. Türkmenistandaky bu abraýly guramanyň wekili hökmünde men muny buýsanç bilen aýdýaryn. Biz ygtyýarlygymyz bilen kesgitlenen ugurlaryň üçüsi boýunça, ýagny syýasy, ykdysady, ykdysady-ekologiýa ulgamlary babatda hem-de adam maýasy boýunça hyzmatdaşlygymyzy ösdürýäris. Bu ugurlaryň ählisi boýunça biziň özara gatnaşyklarymyz oňat ösdürilýär. Biz şu ýylyň ahyryna çenli örän köp çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris. Biziň türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrýan çärelerimiz köpdür. Biz şeýle hem hemme mümkin bolan geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutýarys. Men ÝHHG-niň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bilelikdäki işimiziň ähli ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine umyt edýärin.

Men döwlet Baştutanyny we türkmen halkyny Gurban baýramy, şeýle hem ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlaýaryn. Bu örän möhüm wakadyr. Men siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan ähli çärelere höwes bilen gatnaşaryn.

* * *

BMG ÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins:

— Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjysy hökmünde gatnaşmak meniň üçin uly mertebe boldy. Bu gün taryha girer, sebäbi şu gün hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň rejelenen görnüşli Konstitusiýasyny tassyklamak hakyndaky Kanuna gol çekdi. Biz şu günki mejlisde siziň ýurduňyzyň soňky çärýek asyrda ýeten sepgitleri barada maglumatlary diňledik. Pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 25 ýyllyk baýramy bilen gutlamak isleýärin. Şeýle hem ýurduňyzyň ähli ýaşaýjylaryny Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Türkmenistanyň soňky çärýek asyrda ýeten sepgitleri bilen tanyşmak, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilişini ýatlamak tolgundyryjy boldy. Täze Konstitusiýa üýtgetmeler girizilende, siziň ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hasaba alyndy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanylan bu Rezolýusiýanyň goňşy ýurtlar bilen hem, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hem dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we saklamaga mümkinçilik berjekdigi buýsanç duýgusyny döredýär.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem täze Konstitusiýanyň taslamasy boýunça öz teswirnamasyny we tekliplerini iberdi. Men Türkmenistanyň halkyny döwletiň Esasy Kanuny ýaly möhüm resminama babatynda öz pikirini aýtmaga döredilen mümkinçilik bilen gutlaýaryn. Bu barada Ýaşulular maslahatynyň geçen ýyl geçirilen mejlisinde yglan edildi, soňra bolsa metbugatda çap edildi.

Şeýlelikde, ýurduň ähli raýatlaryna öz tekliplerini aýtmaga mümkinçilik berildi. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw mekdepleriniň we beýleki guramalaryň wekilleri tarapyndan köp sanly teklipler aýdyldy. Biz, elbetde, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamakda halka işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýän şunuň ýaly çemeleşmäni goldaýarys.

* * *

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin:

— Hormatly jenap Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular maslahatynda eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, ýurduň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi döwlet ösüşinde möhüm ähmiýetli waka bolup durýar. Ýurduň Esasy Kanunynda ilatyň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän ýörelgeleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny giňeldýän, adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün edýän kadalaryň möhüm orun eýelemeginiň döwlet ösüşiniň wajyp ugry bolup durýandygyny dünýä tejribesi subut etdi.

Şu günki Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly jenap Prezidentiň başlangyjy boýunça ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde durýan wezipeleri bilen baglanyşykly meseleleriň gün tertibine girizilmegi bu günki maslahatyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

Men özüm ýerli häkimiýet guramalarynyň düzümlerinde köp ýyllaryň dowamynda işlämsoň, ýurduň Esasy Kanunynyň milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyk derejede kämilleşdirilmeginiň halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynda bolşy ýaly, döwlet dolandyryş ulgamynda hem örän wajypdygyna göz ýetirýärin. Men sözümiň ahyrynda hormatly jenap Prezidenti we tutuş türkmen halkyny döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk forumynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we hormatly jenap Prezidente, türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk, üstünlik arzuw edýärin.

* * *

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhua:

— Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän ýylda Ýaşulular maslahatynyň şu gün geçirilýän mejlisi ýurduň ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir. Men şu pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny bu möhüm çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlamak isleýärin. Mälim bolşy ýaly, Ýaşulular maslahatynyň şu gezekki mejlisinde ýurtda geçirilýän ykdysady özgertmeler ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi, bir tarapdan, ozalky Konstitusiýanyň düýpli kadalaryny saklap galmak bilen, ikinji tarapdan, ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler hasaba alnyp, olaryň üsti ýetirildi hem-de kämilleşdirildi. Hytaý halky siziň ýurduňyzyň ýakyn dosty hem-de strategiki hyzmatdaşy hökmünde ýeten sepgitleriňize tüýs ýürekden guwanýar we geljekde-de türkmen halkynyň saýlap alan özygtyýarly ösüş ýoluny hemişe goldar. Biz gatnaşyklarymyzy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak üçin bilelikde tagalla ederis. Men uzakmöhletleýin hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn geljeginiň bardygyna ynanýaryn.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlige beslenmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

* * *

Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marko Mançini:

— Men türkmen halky üçin ykbal kesgitleýji günde bu ýerde bolanlygym üçin özümi örän bagtly hasaplaýaryn. Bu Türkmenistanyň taryhynda juda wajyp waka. Bu gün ýaş we Garaşsyz türkmen döwleti Ýaşulularyň maslahatynda Konstitusiýanyň rejelenen görnüşini kabul etdi. Munuň özi mundan beýläk hem demokratik özgerişleri durmuşa geçirmekde, türkmen halkynyň durmuş-ykdysady we medeni durmuşynda öňe ädilýän wajyp ädim. Men ýene-de bir wajyp zady bellemek isleýärin, ýurduň ösüşinde hem-de demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkyň ygtybarly goragyny üpjün edýän düzümleriň wekilleri uly ähmiýete eýedir, şeýle hem siziň ünsüňizi halkara hukuk kadalarynyň we ölçegleriniň esasynda döredilen Konstitusiýanyň täze bölümlerine çekmek isleýärin.

Konstitusion topar iki ýylyň dowamynda tutanýerli iş alyp bardy. Oňa Türkmenistanyň raýatlaryndan örän köp teklipler gelip gowuşdy. Toparyň agzalary Esasy Kanuny kämilleşdirmek üçin örän uly tagalla etdiler. Men muny geljek üçin örän möhüm ädim diýip hasaplaýaryn. Öňümizdäki güýzde Italiýada hem Konstitusiýa meseleleri boýunça sala salşyklar geçiriler. Men munuň tutuş ýurt üçin örän wajyp meseledigini bilýärin. Türkmenistanyň halkyna ähli gowulyklary arzuw edýärin. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa özgertmeleri giňeltmäge, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga hem-de türkmen halkyna ähli tarapdan goldaw bermäge gönükdirilen bu möhüm ädim üçin hoşallyk bildirýärin. Elbetde, bu siziň milli Lideriňiziň syýasy işinde örän möhüm ugur bolup durýar. Ol halka täze Konstitusiýany wada berdi hem-de öz wadasyny ýerine ýetirdi. Meniň pikirimçe, munuň özi Türkmenistanyň hem-de onuň Lideriniň terjimehalynda örän möhüm pursatdyr.

* * *

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jong Te-in:

— Men Türkmenistanda uly taryhy wakanyň şaýady bolýanlygyma juda şat. Bu gün men Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine çagyrylanlygymy özüme uly mertebe hasaplaýaryn. Bu maslahatda Türkmen döwleti juda wajyp çözgütleri kabul edýär. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde men siziň ýurduňyzy gowy bilýärin we Altaý dilleri maşgalasyna degişli bolan biziň halklarymyzyň arasyndaky taryhy, medeni umumylyklary duýýaryn. Biziň taryhymyzda hem şeýle umumylyklary görmek bolýar. Koreýanyň taryhynda hem şeýle ýaşulular maslahaty bolupdyr. Ol edil türkmen ýaşulularynyň maslahaty ýaly, juda wajyp milli çözgütleri kabul etmek üçin çagyrylypdyr. Umuman, iki halkyň arasynda taryhy we medeni umumylyklar juda köp.

Bu gün, ýaňy belleýşim ýaly, täze Konstitusiýa kabul edilýär. Bu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bellenilip geçilýär. Geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň ykdysady görkezijileri ýokarlandy, siziň ýurduňyzyň we milli Lideriňiziň dünýä bileleşiginde abraýy artdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Koreýa öz Konstitusiýasyny 1948-nji ýylda kabul etdi. Şol döwürden bäri biz Esasy Kanuna birnäçe gezek üýtgetmeler girizdik. Biz hem türkmen halky ýaly ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen şeýle işleri geçirdik.

Koreý-türkmen gatnaşyklarynyň iki dostlukly halkyň taryhy we medeni umumylyklaryna esaslanyp, mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynanýaryn. Men Türkmenistanyň röwşen geljege tarap ösüşinde okgunly ösüşe eýe boljakdygyna ynanýaryn.

* * *

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nagendra Prasad:

— Bu günki waka türkmen halkynyň öz Konstitusiýasyna şu günüň talaplaryna laýyk gelýän, parahat, döredijilikli durmuş üçin, şeýle-de ähli ýurtlar bilen, şol sanda goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşyklary barha giňeltmek maksady bilen üýtgetmeleri girizmek kararyna gelendigini görkezýär. Hindistan bilen Türkmenistan ýakyn we dostlukly gatnaşygy berkitdiler, bu gatnaşyklar giňeýär, men bu gatnaşyklaryň TOPH gaz geçirijiniň taslamasyndaky hyzmatdaşlyga esaslanyp hem mundan beýläk-de berkejekdigine umyt edýärin. Bu taslama barada hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň şu günki mejlisinde giňişleýin durup geçdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň diňe bir siziň ýurduňyzyň däl-de, tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

* * *

Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewalýow:

— Konstitusiýanyň kabul edilmegi — islendik ýurt üçin iňňän wajyp waka. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolup, ilkinjileriň hatarynda 1992-nji ýylyň maý aýynda Garaşsyz döwletiň Esasy Kanunyny kabul etdi. Mysal üçin, Ukraina, diňe 1996-njy ýylda öz Konstitusiýasyny kabul etdi. Elbetde, wagt örän çalt geçýär. Biziň häzirki dünýämiz hem edil şonuň ýaly çalt ösýär.

Muny göz öňünde tutmak gerek. Ýurduňyzyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öz wagtynda karara gelindi. Çünki, häzirki döwür Esasy Kanunyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär.

Men Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşulular maslahatynyň taryhy mejlisinde aýdan ajaýyp sözlerine ünsi çekmek isleýärin. Ol şonda “Konstitusiýa biziň abraýymyz hem mertebämizdir!” diýdi. Abraý-mertebe diýen düşünje mende uly täsir galdyrdy. Elbetde, men diplomatlaryň düzüminde şeýle möhüm resminamanyň — ýurduň Esasy Kanunynyň kabul edilmegine şaýat bolanym üçin özümi bagtly saýýaryn hem-de oňa guwanýaryn. Bu meniň üçin örän uly hormat.

Men Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bize şeýle üns berýändigi üçin hoşallyk bildirmek isleýärin. Biz Türkmenistanda bolup geçýän şeýle beýik işlere dahyllydygymyzy duýýarys.

Men köp ýyllardan bäri Siziň ýurduňyzda Ukraina wekilçilik edýärin. Siziň milli Lideriňiziň goşgusynyň we aýdymynyň ajaýyp setirlerini gaýtalamak bilen arzuw edýärin: Öňe, Türkmenistan! Diňe öňe!