Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda 14-nji sentýabrda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň netijeleri jemlendi, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, milli Liderimiz gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer ýurdumyzyň maliýe ykdysady we bank ulgamyny ösdürmek, şeýle hem bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak maksadynda görülýän çäreler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmen ykdysadyýetini has-da berkitmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maliýe ykdysady ulgamyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmegi, ýurdumyzda maliýe durnuklylygyny saklamagy, şeýle hem maýa goýumlarynyň akymy üçin oňaýly şertleri döretmegi ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy halkara tejribesini giňden ornaşdyrmak meselelerine uly üns bermegiň möhümdigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, şeýle hem bu toplumda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, olaryň hatarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga, ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol maksatnamalar ýurdumyzyň senagat we eksport kuwwatyny berkitmäge gönükdirilendir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda welaýatlarda alnyp barylýan ekiş möwsümi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, şu güne çenli ýurdumyz boýunça 316 müň 303 gektar meýdanda bugdaý ekişi geçirildi. Şonuň bilen birlikde degişli agrotehniki işler ýerine ýetirilýär.
Hasabatyň çäklerinde pagta ýygymy möwsüminiň depginleri barada habar berildi. Şu güne çenli Watan harmanyna 270 müň 597 tonna “ak altyn” tabşyryldy. Ýygnalan pagta kabul ediş bölümlerine we pagtany gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz eltilýär, tabşyrylýan pagta hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk möwsümlerini bellenilen möhletlerde tamamlanmagyň möhümdigini belläp, geçirilýän işleriň barşy bilen bagly guramaçylyk meselelerine uly üns bermegi tabşyrdy. Şol işleriň netijeleri obasenagat toplumynyň ähli bölümleriniň işine beriljek baha bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýdanda zähmet çekýän adamlaryň ýeňil bolmadyk işine döwlet tarapyndan öz wagtynda we mynasyp baha beriljekdigini aýdyp, wise-premýere ýygnalan pagta üçin daýhanlar bilen öz wagtynda we doly hasaplaşyk geçirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şol sanda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Haly önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek maksady bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynda ýylda 400 inedördül metr haly dokaýan önümçilik kuwwaty bolan enjamlar toplumy gurnaldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza halynyň ilkinji nusgalaryny görkezdi. Şeýle enjamlary “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň beýleki kärhanalarynda-da ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan senagat toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge tarap ugur almak bilen, ýurdumyzyň iň oňat dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrýandygyny belledi. Daşary ýurt önümleriniň ornuny tutýan önümçiligi döretmek strategiýasy önümçilikleriň we tehnologiýalaryň ösüş derejesini ýokarlandyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri çekmek arkaly senagatyň ylmy we ýokary tehnologiýaly önümleri çykarmaga geçmegini göz öňünde tutýar.
Milli Liderimiz haly önümleriniň teklip edilen nusgalaryny synlap, olary oňlap, çäklerinde iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar gurlan ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek we ony abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi habar berildi. Türkmenbaşy, Bitarap Türkmenistan, Magtymguly, Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň durky täzelenen bölekleri ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyny hem-de bezegini has-da gowulandyrmak maksady bilen, seýilgäh zolaklarynyň çäkleri giňeldilýär, täze suw çüwdürimleri gurulýar hem-de öňden bar bolanlarynyň durky täzelenilýär.
Jemagat hojalygy gulluklary şäherde arassaçylygy, ähli desgalaryň hem-de toplumlaryň kadaly ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek, inžener-tehniki kommunikasiýalary döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ählisini abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäherini ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada habar berip, olaryň binagärlik bezeginiň çyzgylaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ş.Durdylyýewe gözegçilik edýän pudaklarynda hem-de düzümlerinde önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamak babatda görkezme berildi. Aşgabat şäheri ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň belent derejesine doly laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň baýramçylyk lybasyna beslenmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu maksat bilen oba hojalygyna, senagat pudagyna, azyk senagatyna hem-de söwda we hyzmat ediş ulgamlaryna degişli önümçilik desgalaryny gurmak boýunça anyk teklipler we taslamalar işlenip taýýarlanyldy. Täze kärhanalarda ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de häzirki zaman önümçiligini guramakda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat desgalarynyň gurluşygy ulgamynda ykdysadyýetimiziň telekeçilik ulgamynyň mümkinçilikleriniň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň, kiçi we orta işewürligiň kärhanalarynyň hojalyk, işjeň başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow milli Liderimiziň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreler bilen baglanyşykly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ýurdumyzda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň ýokary hilini üpjün etmek boýunça gözegçiligi has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegini düzümiň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak babatda ulag ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýýandygyny belläp, bu ulgamlarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleriň görülmegini talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bir ýyl galmagy mynasybetli “Aşgabat” köpugurly stadionynda 17-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri we bu çäräniň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin medeni çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Aziada—2017-niň desgalarynyň biri bolan “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçiriljek sport baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji güýjüni, iri sport forumyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görýän halkymyzyň hyjuwyny beýan edýän ajaýyp we ýatda galyjy waka bolmalydyr.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy öz beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew 16–26-njy sentýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda tennis we ýeňil atletika boýunça synag ýaryşlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Öňde boljak ýaryşlara dünýä döwletleriniň 15-sinden türgenleri gatnaşmagyna garaşylýar. Häzir türkmen tennisçileri we ýeňil atletikaçylary şol ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek maksadynda güýçli taýýarlyk görýärler. Tennis ýaryşynda medallaryň 12 toplumyny almak ugrunda ýekeleýin we jübütleýin ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Ýeňil atletikadan medallaryň 63 toplumyny almak ugrunda 19 görnüşden ýaryşlar geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň sport meýdançalarynda halkara synag ýaryşlarynyň geçirilmeginiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek, jemgyýetde, ozaly bilen ýaşlaryň arasynda sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini berkitmek bilen baglylykda, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga ýardam etmelidigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýere geçiriljek ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, şeýle hem Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Seýdowy başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bu komitetiň başlygy wezipesine T.Kömekow bellenildi. Ol ýurdumyzyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanyp, 16—17-nji sentýabrda geçiriljek mediaforuma görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Maslahatyň çäklerinde möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, Ýewraziýa yklymynda bu ulgamda özara bähbitli gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşylar. Mälim bolşy ýaly, bu strategik ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda ady agzalan ählumumy maslahaty geçirmek barada çözgüt munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri onuň gün tertibine uly gyzyklanma bildirýärler.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem hasabatynyň çäklerinde Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanyp hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak mynasybetli 20–21-nji sentýabrda geçiriljek sport mediaforumyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň, Ýewropanyň, Aziýanyň Afrikanyň sport žurnalistleriniň birleşmeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurt habarlar agentlikleriniň wekilleri gelerler. Biziň daşary ýurtly myhmanlarymyza paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine baryp görmek, bu ýerde şu aýda Aziada —2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde tennis boýunça geçiriljek halkara synag ýaryşlaryny beýan etmek mümkinçiligi dörediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriň işini hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek, olaryň dünýäniň media giňişligine işjeň aralaşmagy, özara peýdaly tejribe alyşmak, durmuşyň ähli ugurlarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen halkara bileleşigini tanyşdyrmak maksadynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek wezipeleri bar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly Türkmenistan üçin möhüm bolan wakalara bagyşlanan media forumlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere DIM-niň, ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew harby düzümleriň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly harby ýörüşe we beýleki köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işlerine örän guramaçylykly we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümlerinde geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi, harby gullukçylar we beýleki düzümleriň işgärleri üçin döredilýän şertler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Bu düzümlerde amala aşyrylýan işleriň harby gullukçylaryň saýlap alan hünärine bolan höwesini artdyrmalydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.
Soňra hasabat bermek üçin Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowa söz berildi. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Şeýle hem häkim paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäherde meýilleşdirilen halkara derejesindäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, mundan başga-da, dürli maksatly binalaryň, ýol-ulag düzüminiň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada aýtdy.
Milli Liderimiz türkmen paýtagtynyň özüniň belent derejesine laýyk gelmelidigini belläp, ony mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny, paýtagtymyzda degişli gulluklaryň ählisiniň sazlaşykly hem-de takyk işlemegini talap edýän wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Şäherde arassaçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, şanly dabaralaryň maksatnamasyndaky çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.
Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda alnyp barylýan işler, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta hasylynyň ýygnalyp alnyşynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtap, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň alnyp barlyşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynda bar bolan maddy-enjamlaýyn serişdelerini has netijeli peýdalanyp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz sebitiň durmuş-ykdysady düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesine ünsi jemläp, häkime bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, gysga wagtyň içinde gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegi häkimden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara, şol sanda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görlüşiniň meselelerini çözmäge hem-de baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýakynda badalga alan pagta ýygymy möwsüminiň, Milli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy hem-de bina edilýän dürli ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz geljekki hasylyň bugdaý ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegine gönüden-göni baglydygyny belläp, ekiş möwsüminiň depginlerini güýçlendirmek üçin hemme çäreleri görmegi hem-de pagta ýygymy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge we oba hojalyk öndürijileriniň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin bar bolan güýçleri gönükdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň abadançylygy baradaky aladadygyny nygtap, ýerlerde ilatyň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramçylygyna hem-de oňa bagyşlanylan çärelere taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, häkime bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda ykdysady we durmuş düzümlerini ösdürmek boýunça geçirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalara taýýarlyk görlüşi hem-de olar mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şeýle hem sebitiň ýer eýeleriniň ýetişdiren “ak altyn” hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin ýygym möwsüminde ähli düzümleriň üznüksiz işlemeginiň üpjün edilişini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra mejlisde Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow hasabat bilen çykyş etdi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymy möwsüminiň depginleri barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, welaýatda alnyp barylýan täze desgalardaky gurluşyklaryň barşy, şol sanda Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesi mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen täze desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz sebitiň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny işjeň peýdalanmak maksady bilen, hemme degişli düzümleriň utgaşykly işlemegini gazanmagyň wajypdygy barada aýdyp, bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen pagta hasylyny bellenilen möhletlerde ýygnap almak ugrunda degişli tehnikalary, bar bolan güýçleri has doly peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, kärendeçileriň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 25 ýyllyk şanly baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak üçin zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmegi barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň dowamynda Ýaşulular maslahatyna köpsanly teklipleriň gelip gowuşandygyna, şeýle hem düýn geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisiniň barşynda köpsanly teklipleriň aýdylandygyna ünsi çekip, şol teklipleri düýpli öwrenmegi hem-de olar boýunça degişli çözgütleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, wise-premýerler R.Meredowa, G.Mämmedowa, S.Toýlyýewe hem-de häkimlere ýüzlenip, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze, rejelenen görnüşiniň maddalary boýunça halkara maglumatlar giňişliginde, teleradioýaýlymlarda we metbugatda giňden düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, bu mesele boýunça söhbetdeşlikleri, maslahatlary, şol sanda halkara maslahatlaryny guramagyň möhümdigini belledi we bu çärelere ýurdumyzdaky jemgyýetçilik guramalarynyň we partiýalaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, bu çärä hem häzirden taýýarlyk görüp başlamagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu möhüm çäräniň ýokary derejede we giň demokratik esaslarda geçirilmegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna birnäçe dalaşgäriň gatnaşmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowa ýüzlenip, Ýaşulularyň maslahatynda geljek ýylyň Döwlet býujeti we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary bilen bagly meseleler boýunça teklipleriň öňe sürlendigini aýtdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, bilim ulgamyny hem kämilleşdirmegiň zerur bolup durýandygyny, ýurdumyzda häzirki döwürde köp ugurlar boýunça hünärmenlere zerurlygyň artandygyny aýtdy we wise-premýere ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mekdebi üstünlikli tamamlan zehinli ýaşlary ýylda bu hünärleriň hersi boýunça daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine döwletiň hasabyna okuwa iberilse maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe, Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowa paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, bu ugurda geçirilýän işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa ýüzlenip, meşhur alymlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen «Ylham» seýilgähiniň durkuny täzelemek baradaky meselä garamagy tabşyrdy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu seýilgähde türkmen ylmynyň we edebiýatynyň meşhur wekilleriniň ýene-de birnäçesiniň ýadygärligini oturtsak, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz wise-premýer Ý.Kakaýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleriň talabalaýyk alnyp barylmaýandygy barada köp bellikleriň edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyndan soň, toplumyň ýolbaşçylary bilen nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň, zerurdygyny nygtady we bu maslahaty geçirmek üçin häzirden zerur bolan maglumatlary taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Biz çig maly daşary ýurtlara ibermän, ony gaýtadan işläp, taýýar önümleri öndürmegiň depginlerini has-da güýçlendirmeli. Şeýle etmek bilen, biz uglewodorod serişdeleriniň uly möçberdäki gorlaryny geljekki nesillerimize hem miras goýup bileris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz wise-premýer R.Bazarowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine geljek ýylyň hasylynyň düýbüni berk tutmak üçin, şu ýyl göz öňünde tutulan ähli oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba we suw hojalyk ministrliginiň işiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini aýdyp, bar bolan meseleleri düýpli seljerip, kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin ähli çäreleri geçirmek barada görkezme berdi.
Wise-premýer S.Satlykowa ulag ulgamy boýunça halkara maslahatyny ýokary derejede guramak babatda tabşyryk berildi.
Milli Liderimiz B.Atdaýewe, E.Orazgeldiýewe, A.Nurberdiýewa, B.Hojamämmedowa ýüzlenip, umumymilli maslahatyň Kararyna laýyklykda, geljek ýylda Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işlerini geçirmek barada tabşyryk berdi.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alyp baran işleri üçin, ähli jogapkär adamlara we ýolbaşçylara, Aşgabat şäheriniň zähmetkeşlerine we agzybir ilatyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Biziň alyp barýan ähli köptaraply işlerimiz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, raýatlarymyz üçin abadan, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir. Öz halal we tutanýerli zähmeti bilen döwlet sylaglaryna mynasyp adamlar bar bolsa, bu meselä ýene bir gezek serediň. Pudak edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada ýene-de tekliplerini bersinler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.