Mejlise SPEKA agza ýurtlaryň—Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem BMGN-yň Ýewropa ykdysady iş toparynyň (BMG-nyň ÝeYIT) we BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň sebit iş toparlarynyň bäşisinden biri—ESKATO-nyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibinde üstaşyr ýük daşalşynyň amatly ugurlaryny gözlemekdenbaşlap tä SPEKA ýurtlarynyň ulag infrastrukturasyny ösdürmeklige çenli özara hereketiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem halkara ulag konwensiýalrynyň we ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişiniň, milli utgaşdyryjy usullaryny ulanmagyň, maglumatlar binýadyny döretmegiň, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy berkitmegiň, SPEKA sebitinde ýollaryň howpsuzlygynyň meselelerine garaldy.
Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň geostarategiýa babatda mögüm sebitdigini, ulag ulgamynda goşulyşmagy ösdürmek bilen ýurtlaryň yklymara ähmiýetli wajyp ulag sebiti hökmünde mümkinçiligini güýçlendirýändigi nygtaldy. Şu jähtden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag we üstaşyr ýollaryň ähliumumy täze keşbini döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapynyň şu mejlisi geçirmek teklibi bilen çykyş edenligi nygtaldy.
ESKATO-nyň sebit bölüminiň Demirgazyk we Merkezi Aziýa üçin ugrunyň uly işgäri Nikolaý Pomoşnikowyň nygtaýşy ýaly: „Munuň özi SPEKA ýurtlarynyň toparlarynyň netijeli işlemegine gyzyklanýandygyna şaýatlyk edýän wajyp we döwrebap başlangyç. Şu duşuşygy Aşgabatda geçirmek pikiri duşuşyklaryň çägini giňeldip, tejribe, bilim we pikir alyşmakda täze mümkinçilikler döredýär. ESKATO-nyň we BMG-nyň ÝeYIT-iň howandarlygynda amala aşyrylýan SPEKA maksatnamasy hyzmatdaşlygy berkitmek üçin hökümetara binýat bolup, ýurtlara goşulyşmagyň has ýokary derejesine çykmaga mümkinçilik berýär. Öz gezeginde, ESKATO-nyň sekretariatynyň işi Aziýa gara ýollaryny hem-de gury ýer duralgalaryny-terminal merkezlerini ösdürmek bilen birlikde Transaziýa demir ýollaryny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen Aziýada halkara intermodal ulag-logistika ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Bu jähtde Türkmenbaşynyň deňiz duralgasynyň geljegi uludyr.“
Pikir alyşmalar oňa gatnaşyjylar ulag ulgamy babatda meselelere strategik garaýşyň umumylygyny we olary çözmäge çemeleşmäniň birmeňzeşligini görkezdi.
SPEKA-nyň iş toparynyň çäklerinde „Awtoulaglaryň we ýol hereketiniň howpsuzlygynyň statistikasy“ atly okuw-maslahaty geçirildi.Oňa çagyrylan halkara bilermenleri okuw-maslahata gatnaşyjylary maglumatlary toplamak boýunça Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ulanylýan has gowy usullar bilen tanyşdyrdylar. ESKATO-nyň wekili Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda sebit boýunça maksatlar, meseleler we görkezijiler barada habar berdi. SPEKA maglumatlary toplamagyň milli usullaryny mysal getirdi. Mejlisiň işiniň netijesini jemläp, oňa gatnaşyjylar okuw-maslahatyň awtoulaglar we ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda takyk statistika maglumatlaryny toplamagy kämilleşdirmäge mümkinçilikleri artdyryp, sebit ulag infrastrukturalarynyň netijeli we howpsuz ulanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berendigini nygtadylar.