Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.
Myhman duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamyny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, jenap Abbas Ahmad Ahundi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de abadançylyk we oňyn özgertmeler ýolunda üstünlikler arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň Eýran bilen däp bolan dostlukly, özara ynanyşmak we deňhukuklylyk esasynda guralýan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Myhman türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiniň Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Jenap Abbas Ahmad Ahundi bu maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we yklymara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ulgamynda goşulyşmak çärelerini çuňlaşdyrmaga täze çemeleşmelere kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz goňşy döwletler bilen bilelikde iri sebit-yklym taslamalaryny amala aşyrýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň tutuş adamzadyň bähbidine özüniň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny aýdyp, döwletimiziň halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde, şol sanda ulag ýaly möhüm ugurda işjeň orny eýeleýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda ägirt uly kuwwatyň bardygyny nazara almak bilen, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, iki goňşy halkyň dostlugynyň berk binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.
Duşuşykda garalan meseleleriň biri iki ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam edýän ulag ulgamyndaky möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly boldy. Hususan-da, goňşy döwletleriň arasynda hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjek “Demirgazyk — Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Jenap Abbas Ahmad Ahundi deňiz ulag we ýol-gurluşyk ulgamyndaky gatnaşyklara degip geçmek bilen, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ylym-tehnika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda hökümetara toparynyň möhüm ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň topara başlyklyk ediji ýol we şäher gurluşygy ministri netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe teklipleri aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Abbas Ahmad Ahundi özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.