Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» Işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösüş gazanýan ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmaga gyzyklanmalaryny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin hemişe açykdygyny belläp, ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýän Amerikanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine kanagatlanma bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek hakynda pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän taslamalar däp bolan gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. Halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmagy, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegini, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy esasy ugur edinýän ýurdumyz täzeçil işläp taýýarlamalary hem-de ýörelgeleri we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagy möhüm hasaplaýar.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan—ABŞ” Işewür geňeşiniň hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmegiň we maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly bolan bilelikdäki işewür maslahatlarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy türkmen-amerikan özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
ABŞ-nyň işewür toparlarynyň maýa goýum üçin amatly şertler döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan ýokary gyzyklanmalaryny ýene bir ýola tassyklap, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde netijeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de munuň Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhman türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de uzakmöhletleýin we özara bähbitli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.