Ï Türkmenistanyň Prezidenti «General Electriс Power» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «General Electriс Power» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 997
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň dünýä belli «General Electriс Power» kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA ýurtlary we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti jenap Rikardo Kordobany we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewürler ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly hormatdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de täzeçil senagat düzüminiň döredilmegine, durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen ykdysady strategiýanyň möhüm ugrudygyny belledi. Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli milli maksatnamalaryň Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilendigini aýtdy.

Amerikanyň belli kompaniýasynyň baştutany jenap Rikardo Kordoba ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen “General Electriс Power” kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyň uly buýsançdygyny we mertebedigini belledi. Işewüriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň köp möçberiniň “General Electriс Power” kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna öndürilýär.

Öz gezeginde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde “General Electriс Power” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda täze elektrik beketleriniň gurluşygyndaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem türkiýeli işewür döwlet Baştutanymyza Türkmenbaşynyň halkara deňiz menziliniň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlary aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary aldy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhmanlar dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň elektrik energetika düzümini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap işläp taýýarlamalaryň we täze ýokary netijeli enjamlary ornaşdyrmagyň esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça geljegi uly meýilnamalary nazarlap, “General Electriс Power” kompaniýasy bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalar boldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ilkinji taslama bolan Marynyň Döwlet elektrik bekediniň çäginde utgaşykly bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalaryny gurmak, elektrik energiýasynyň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde bu desganyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda “General Electriс Power” kompaniýasynyň täjirçilik wise-prezidenti we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli geçirilen gepleşikler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.