Ï Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

view-icon 736
Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata bagyşlanyp, paýtagtymyzda açylan media forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Azerbaýjanyň “Trend” Halkara habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Azerbaýjanyň “Trend” Halkara habarlar agentliginiň baş direktory Ilgar Guseýnow bilen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şol sanda internet serişdeleri we beýlekileri ösdürmegiň ýollary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi, şeýle hem bilelikdäki media taslamalary amala aşyrmagyň iki tarap üçin hem möhüm bolan hyzmatdaşlygyň ugurlary içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumatlar ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde öňde goýan ilkinji derejeli wezipeleriniň biridir. Bu wezipeler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dünýä maglumat giňişligine mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna hem-de ýurdumyzyň durmuşynyň, halkara gatnaşyklarynyň, biziň döwletimiziň halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyny hemmetaraplaýyn beýan edilmegine gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň maglumatlar ulgamynda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi iki dostlukly goňşy ýurtlaryň arasynda doganlyk halklaryň bähbitlerine barha giňelýän özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlygyň nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) we Azerbaýjanyň “Trend” Halkara habarlar agentliginiň arasynda 2015-nji ýylyň fewralynda Baku şäherinde habarlary alyşmak barada Ylalaşyga gol çekildi.