Ï Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

view-icon 892
Aşgabatda, “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda migrasiýa gullugynda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan guralan maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli edaralarynyň, şeýle hem Moldowanyň we Gruziýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda daşary ýurt hünärmenlerine migrasiýa ulgamynda möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi baradaky maglumatlar ýetirildi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän daşary syýasy ugruň möhüm meseleleriniň biri ynsanperwerlik ulgamynda, şol sanda migrasiýa babatynda hyzmatdaşlyk bolup durýar. Biziň ýurdumyz iri halkara guramalar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edip, adam hukuklary babatynda esas goýujy konwensiýalaryň we teswirnamalaryň ençemesine goşulyşmak bilen, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň agzasy bolmak bilen, ählumumy işlere işjeň gatnaşyjy hökmünde özüni görkezdi.

Biziň ýurdumyz BMG-niň “Bosgunlar hakynda” Konwensiýasyna hem-de onuň degişli Teswirnamasyna, şeýle hem BMG-niň “Apatridleriň derejesi barada” Konwensiýasyna we BMG-niň “Raýatsyzlygy azaltmak barada” Konwensiýasyna goşulyşdy. Milli derejede migrasiýa meselelerini hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň möhümdigini nazarda tutup, garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda migrantlaryň, bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini kadalaşdyrýan we olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň “Migrasiýa hakynda”, “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda”, “Bosgunlar hakynda” Kanunlaryny görkezmek bolar. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen köpýyllyk netijeli işlerde bu ulgamda möhüm meseleleriň iş ýüzünde çözülmegine gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.

Umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna hem-de milli ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilip, Türkmenistanda migrantlar, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ähli şertler döredilýär. Muňa 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adamyň meýletin esasda Türkmenistanyň raýatlygyny alandygy hem şaýatlyk edýär. Olaryň 9 müň 500-e golaýy bosgunlardyr. Mundan başga-da, 3 müňden gowrak adam ýurdumyzda ýaşamak hukugyna eýe boldular, olaryň hem 1800-si bosgunlardyr. 2011-nji we 2013-nji ýyllarda 4 müň adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. 2014-nji ýylda 800-e golaý adam, 2015-nji ýylda bolsa ýene 360-dan gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, olar biziň ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýarlar.

Şeýle hem 2012-nji ýylda Aşgabatda geçirilen “Musulman dünýäsiniň bosgunlary” atly halkara maslahatda ýörite mejlisiň barşynda ýurdumyzyň köp sanly myhmanlary bosgunlara hem-de apatridlere — raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk hukugyny bermek işinde Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi bilen tanyşdyryldy.

“Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Apatridleriň derejesi hakynda” Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem bosgunlaryň we ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli hukuklardan peýdalanmagyny üpjün etmek maksady bilen, raýatlygy bolmadyk adamlar we bosgunlar, wagtlaýyn ýaşamaga hukuk berlen adamlar üçin Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän ýol-gatnaw resminamasynyň we şahadatnamanyň täze nusgalary taýýarlanyldy, olar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan berilýär. Biometriki maglumatlary özünde jemleýän bu resminamalar birnäçe gorag nyşanlary bilen üpjün edilendir.

Şu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň kanagatlanma bilen belleýişleri ýaly, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan bu çäreler halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatynda oňyn tejribe bolup durýar.