Ï Türkmenistan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görýär

view-icon 945
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilýän media forum öz işine başlady.

Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş toparynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, Halkara deňiz guramasynyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň, halkara habarlar agentlikleriniň hem-de teleradioýaýlymlaryň wekilleri geldiler. Türkmen tarapyndan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşýarlar.


Ýük gatnawlarynyň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan öz çäginde ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgelerini üpjün edýär. Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Täze howa menzilleri, polat ýollary, awtomobil ýollary gurulýar. Gerimi we ähmiýeti ägirt uly bolan Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menzili we Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan köprüler bina edilýär. Deňiz we howa, demir ýol ulaglarynyň üsti täze döwrebap ulaglar bilen ýetirilýär. Şunda ýurdumyz ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, yklymüsti geçelgeleriň möhüm merkezi hökmünde döwletara ulag geçelgeleriniň döredilmegini öňe sürýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köpşahaly ulag düzümini döretmek we sebit hem-de ählumumy derejede halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.


Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebitara we yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrýar. Bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ozal bar bolanlaryny giňeltmäge we täze ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen ähmiýetli milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Bu çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyny, Türkmenistanda sebit ähmiýetli ýük gatnawlarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkeziň döredilmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň tutuş gurşawynda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgesine öwrüler.

Şunuň bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli birnäçe teklipleri öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini bellemeli.


2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky başlangyjyny ykrar edýän Kararnamany kabul etdi. Dünýäniň 85 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi halkara ulag ulgamy babatda biziň ýurdumyzyň öňe süren we Milletler Bileleşiginiň derejesinde goldaw tapan ikinji resminamasydyr. 2014-nji ýylda kabul edilen çözgüdiň yzysüre, ulag ulgamy boýunça Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň dürli derejede we köp ugurlar boýunça amala aşyran işjeň çäreleriniň aýdyň netijesidir.

Milli Liderimiziň ulag ulgamy babatda öňe süren başlangyçlaryny öz içine alýan halkara ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda bu ugurdaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryny durmuşa geçirmegiň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň barşynda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda sebitara we halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Onda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilmegine aýratyn orun degişlidir.


Forumyň açylyşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Andreý Wasilýew öz çykyşynda sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidini öz içine alýan meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamakda bu maslahatyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Ol dürli ýurtlaryň ulag ugurlaryny birleşdirýän çylşyrymly ulgam bolan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olaryň sebit hem-de halkara ulgamyna goşulyşmakda, durnuklylygy we özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady we durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-üstaşyr ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary artdyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Bu çözgütler geljekki nesilleriň bähbidine laýyk gelýär hem-de adamlaryň abadançylygyna gulluk etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky degişli meseleler boýunça bilelikde we yzygiderli iş alyp barmagyň wajypdygy nygtaldy.

“Ýewraziýa ulag gatnaşyklary” taslamasyna bu ugurda möhüm orun degişlidir. Onuň amala aşyrylmagy tutuş sebit we ýurtlaryň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagy üçin has-da ähmiýetlidir. Bu bolsa deňze çykalgasynyň bardygyna garamazdan, sazlaşykly ösýän döwletler üçin has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, serhet işlerini dolandyrmagy kämilleşdirmek, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm ugurlaryň ähmiýeti bellenildi.

BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri babatda işjeň we netijeli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Halkara deňiz guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara ugurdaş guramalarynyň wekilleri forumda çykyşlarynda ulag ulgamynyň ykdysady taýdan durnukly ösüşe, netijeli söwdanyň ýola goýulmagyna oňyn täsiriniň bardygyny bellediler. Munuň özi ýurtlaryň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm guraly bolmak bilen, sebitara howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam berer.


Media foruma gatnaşyjylar bu ulgamdaky özara gatnaşyklaryň möhümdigi barada aýdyp, netijeli ulag gatnawlarynyň üpjün edilmegini, serhetden geçmek çäreleriniň kämilleşdirilmegini, degişli gulluklaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, serhetüsti ulag gatnawlaryny guramagy we dolandyrmagy we beýlekileri möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdiler.

Şeýle hem ulag ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, bu ugurda halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Munuň özi ykdysady taýdan durnukly ösüşe oňyn ýardam eder.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek arkaly netijeli söwda aragatnaşyklaryny we Ýewraziýa gatnaw ugurlaryny ösdürmegiň çäklerinde awtomobil ýol-ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça öňe sürýän işjeň başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn bellediler. Şunda, milli Liderimiziň milli ulag kanunçylygyny halkara şertnamalarynyň we BMG-niň konwensiýalarynyň şertlerine laýyk getirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýändigi nygtaldy.

Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň hut Aşgabatda geçirilmegi tötänden däldir. Ýewraziýa sebitiniň esasy haryt-ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz möhüm ulag-üstaşyr we aragatnaşyk merkezi bolup durýar. Türkmenistan döwletara we sebitara özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyna ägirt uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň ulag düzüminiň düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gönükdirilýän giň gerimli taslamalar Türkmenistany sebit derejesinde öňdäki orunlara çykardy.

Media forumyň açylyş dabarasyndan soň, mowzuklaýyn maslahatlar dowam etdi. Olaryň çäklerinde birnäçe möhüm meseleler, hususan-da, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň döwrebap hukuk binýadyny döretmek, Ýewraziýa giňişliginde bu ugurdaky özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşmalar boldy.


Üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň geljekki ugurlary, sebitde ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar maslahatyň özenini düzdi. Çykyş edenler sebitde üstaşyr geçelgeleriň ähmiýetini artdyrmakda Türkmenistana möhüm ornuň degişlidigini belläp, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy bilen ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny biragyzdan nygtadylar.

Media foruma gatnaşyjylar öňde boljak maslahatyň gün tertibini içgin ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem birnäçe guramaçylyk we teswirnama meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ählumumy maslahatyň gün tertibine möhüm meseleleriň giň toplumyny girizmek meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda durnukly ulag ulgamy we daşky gurşawyň üýtgemegi, energetika hem-de ulag, şäher ulag ulgamy, şäherleriň we obalaryň arasynda ýol–ulag gatnaşyklary, ulag ulgamyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmek hem-de ony maliýeleşdirmek, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk we onuň hukuk esaslary, köp taraply ulag geçelgelerini hem-de olaryň düzümlerini ösdürmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmak ýaly ugurlar bar. Forumyň jemleri boýunça jemleýji resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek göz öňünde tutulýar.


Mowzuklaýyn maslahatlara gatnaşan bilermenler ählumumy maslahaty häzirki zaman sanly maglumat tehnologiýalarynda beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berdiler. Maglumatlary gyssagly alyp eşitdirmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem döwrebap media ulgamyň barha ýokarlanýan ähmiýetini nazara almak bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornunyň ugurlaryna garaldy.

Şeýlelikde, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilmegi döwrüň talaby bolup durýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolýandygyna güwä geçýär. Media forum öz işini 17-nji sentýabrda dowam eder.