Ï Media foruma gatnaşyjylara söz berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Media foruma gatnaşyjylara söz berilýär

view-icon 718
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumat-seljeriş bölüminiň direktory Aleksandr ZAWARZIN:

— Mälim bolşy ýaly, ulag ykdysadyýetiň ösüşinde uly ähmiýete eýedir. Onuň her bir görnüşiniň — deňiz, awtoulag, howa hem-de demir ýol ulaglarynyň öz aýratynlyklary bar we gatnawlary hem-de söwda gatnaşyklaryny, sebitleriň we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysadyýetde, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmekde okgunly ösüşlere eýe boldy, hyzmatdaş döwletleriniň sanyny artdyrdy. Ýurduňyzyň ulag ulgamyndaky başlangyçlar bilen BMG-niň derejesine çykmagy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, tutuş sebitiň we Merkezi Aziýanyň çägindäki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir.

Häzirki döwür biziň birek-birek bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegimizi talap edýär. Ulag diplomatiýasynyň wezipesi halkara gatnawlar ulgamynda zerur kanunçylyk binýadyny döretmekden, özara kabul ederlikli ylalaşyklary tapmakdan, dürli ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutmakdan, ähli taraplaryň makullaýan çözgütlerini kabul etmekden ybaratdyr. Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly öňdengörüji syýasaty ulag ulgamynda hereketleriň utgaşdyrylmagyndan alynýan netijäniň bäsdeşlikden görülýän peýdadan has ýokarydygyny bütin dünýä görkezýär. Munuň özi bilelikde işläp, oňyn netije gazanmagyň ýolunda üstünligiň esasy şertidir.

“Boeing” korporasiýasynyň uly wise-prezidenti Martin BENTROTT:

— Bu gezek meniň Aşgabada altynjy gezek gelşim, siziň paýtagtyňyzyň özgerýän keşbi meni her gezek haýran galdyrýar. Ertir täze howa menzili toplumynyň açylyşy bolar, ol özüniň gerimi hem-de özboluşly binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýar. Halkara howa menzili uly göwrümli ýük uçarlaryna tehniki hyzmat etmegiň häzirki zaman toplumyny özünde jemleýär. Howa gatnawynyň milli ulgamynyň okgunly döwrebaplaşdyrylmagy mende uly täsir galdyrdy.

Şu ýyl “Boeing” kompaniýasy özüniň döredileniniň ýüz ýyllygyny belleýär. Bir asyra golaý wagt mundan ozal Sietl şäherinde agaçdan kiçijik uçarlary ýasapdyrlar, häzirki wagtda bolsa iň häzirkizaman howa gämileri taýýarlanylýar. Şu geçen döwrüň dörtden biriçe wagt bäri siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize şatdyryn. Biz ilkinji gezek 1992-nji ýylda Türkmenistana uçarlarymyzy getirdik, indi 25 ýyla golaý wagt bäri türkmen döwleti öz howa ulagy pudagyny ösdürmek üçin uly möçberli maýa serişdelerini goýberýär.

Biz geljekde hem hyzmatdaşlygy giňeltmegi, siziň ýurduňyzyň howa ulagy düzüminiň kemala gelmegine goldaw bermegi maksat edinýäris, pudagyň hünärmenlerini — uçarmanlary, tehnikleri hem-de uçarbeletleri taýýarlamagy dowam ederis. Ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşygy, hyzmatdaşlaryň ygtybarlylygy biziň kompaniýamyza ýokary hilli we howpsuz howa gämilerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) sebitara bölüminiň başlygy Tiziana BONAPASE:

— Biziň guramamyz Türkmenistanyň hökümeti bilen ykdysady we durmuş mümkinçilikleri ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlyk edýär, multimodal ulag ulgamlarynyň utgaşdyrylyp ulanylmagy netijesinde bolsa uly mümkinçilikler açylýar. Ýöne men häzir başga meselä ünsi çekmek isleýärin. Ulag serişdeleri dünýäde öndürilýän ähli nebitiň 60 göterimden gowragyny peýdalanýar, köp möçberli zyňyndylary çykaryp, ekologiýa ýagdaýyna zyýanly täsir edýär. Ulag ulgamyny ösdürmekde bu ýagdaýlary göz öňünde tutmak zerurdyr.

“Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ulag geçelgeleri Türkmenistanyň çäginden geçýär we siziň ýurduňyz bu meselä jogapkärli çemeleşýär. Muňa mysal hökmünde, Aşgabat şäherini görkezmek bolar. Paýtagtyňyzda awtoulaglardan ýetýän zyýany azaltmak üçin ähli çäreler görülýär. Häzirki zaman ýollary gurulýar, howa zyňylýan galyndylaryň möçberi ýollaryň hiline bagly bolup durýar, ulag serişdeleriniň hereketine degişli gözegçilik edilýär, şäherde hem, onuň eteklerinde hem giň gök zolaklar döredilýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramaga hem-de daşky gurşawyň abadançylygyna aýratyn üns berýän döwletiň uly ykdysady kuwwatyna we belent durmuş jogapkärçiligine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän, energiýanyň “arassa” çeşmelerini peýdalanmak aýratyn zerur bolup durýar.