Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Kuweýt Döwletiniň Emiri şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlap, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň oňyn syýasaty bilen dünýäde tanalýan ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Kuweýt Döwletiniň Emirine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady hem-de ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly häsiýetini belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer maksatlaryna ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda anyk ädimleri ädýändigini belledi.
Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy, ony işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. AOG-nyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dürli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda döwrebap sport düzümini döretmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek meselelerine berýän ägirt uly ünsüniň netijesi bolup durýar. Milli Liderimiziň degişli ugurda başyny başlaýan öňdengörüjilikli strategiýasy türkmen sportuny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman türkmen türgenleriniň Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda gazanan üstünlikleri barada durup geçdi.
Açylmagyna laýyk bir ýyl galan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Aşgabat şäheriniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň artýan halkara abraýynyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimize öňde boljak ýaryşlary guramak meselelerinde işjeň goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we degişli ugurda ýurdumyzda geçirilýän işlere ýokary baha berdi.
Şunuň bilen baglylykda, AOG-nyň ýolbaşçysy dünýä derejesindäki täze desganyň — türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň açylmagyny hem bu abraýly oýunlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biridigini belledi. Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Türkmenistanyň Baştutanynyň öňe sürýän ähli teklipleriniň, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlary boýunça Aziada — 2017-niň alawy bilen dowam edýän atly ýörişiň olimpiýa hereketiniň ruhuna laýyk gelip, oýunlaryň taýýarlyk tapgyryna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň döwletimiz öňde boljak ýaryşlaryň guramaçylyk meselelerine düýpli we jogapkärçilikli çemeleşýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy, olara daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem çekilip, öňdebaryjy halkara tejribesi öwrenilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler. Şol gatnaşyklar bolsa dünýäde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýan halkara olimpiýa hereketiniň döredijilikli maksatlaryna laýyk gelýär.