Ï Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat» stadionyndaky dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat» stadionyndaky dabaralara gatnaşdy

view-icon 1061
«Aşgabat» köpugurly sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli bir ýyl galmagy, şeýle hem paýtagtymyzdaky Halkara howa menziliniň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, yklymyň toplumlaýyn ýaryşlaryny geçirmek başlangyjy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary gazanylanlar sportuny milletiň saglygyny berkitmäge, beden taýdan berk, ruhy taýdan baý, durnukly ýaş nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden türkmen Liderine degişlidir. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň düýpli tarapdary we wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyz — Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň iň ýokary baýragy — Hormat ordenine mynasyp bolan we taekwondo boýunça 7-nji derejeli gara guşagyň 10-njy danynyň (karatede we dzýudoda kämilligiň derejesi) eýesiniň Hormatly Diplomynyň eýesi hem-de Bütinýapon Karate federasiýasynyň agzasy bolmak bilen, bu ugurda anyk yzygiderli çäreleri görýär.

Muňa türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça döwlet baýramçylyklarynyň sanawyna girizilen Bütindünýä saglyk güni aýdyň mysaldyr. Milli saglygy goraýyş ulgamyna uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda “Saglyk” toplumlaýyn döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde soňky ýyllaryň içinde Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iň döwrebap klinikalaryň birnäçesi, şol sanda anyklaýyş we bejeriş merkezleri ulanmaga berildi.

Bu gün döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli sport desgalary guruldy. Bularyň ählisi türgenlerimiz, ilkinji nobatda, ýaşlar üçin öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge, diýmek, geljekki üstünlikler we rekordlar üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Baştutanynyň amala aşyrýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hem ýurdumyzyň sportuny depginli ösdürmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda iri we halkara ýaryşlar ýygy-ýygydan geçirilýär, türkmen türgenleri olimpiýa hereketine barha işjeň gatnaşýarlar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) çözgüdi Watanymyzyň sportuny ösdürmek üçin ähmiýetli waka öwrüldi. Şol çözgüde laýyklykda, Aşgabat Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk aldy.

...Türkmen paýtagtynyň bezegi bolan ýurdumyzyň esasy sport toplumy toý lybasyna beslenipdir. Öwüsýän şemala baýdaklar pasyrdaýar, milli aýdym-sazlar ýaňlanýar. Aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň yzy üzülmeýän akymy owadan stadiona tarap barýar. Ine-de, 20 müň tomaşaça niýetlenen häzirki zaman sport desgasy adamlardan dolýar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar bar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, olaryň arasynda bolsa işini tamamlan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata bagyşlanan media foruma gatnaşyjylar bar. Hemmeler şatlykly täsirler bilen ajaýyp dabaralaryň başlanmagyna garaşýarlar.

Sagadyň dilleri 17.00-a ýetdi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy yzy üzülmeýän şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz özi üçin bellenilen ýörite ýere geçdi.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we netijeli içeri hem-de daşary syýasaty, döwlet Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllyk şöhratly senesiniň öň ýanynda aýratyn ähmiýete eýe bolýan häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlary we üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň ýyl-ýyldan barha uly gyzyklanmasyny döredýär. Stadion boýunça döwlet Baştutanymyza V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli laýyk bir ýyl galanda ulanmaga tabşyrylan Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli gutlag sözleri ýaňlanýar.

Sport desgasynyň merkezinde ýaş oglan-gyzlar açylmagyna çenli laýyk bir ýyl galan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny şekillendirýärler.

Mälim bolşy ýaly, Aziýa döwletlerinden başga-da, şol geçiriljek oýunlara, Okeaniýa ýurtlary (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) gatnaşar. Olar sportuň 21 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Paýtagtymyzyň günortasynda uly giňişlik bölünip berlen Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda işler doly güýjünde barýar. Üç tapgyrda amala aşyrylýan bu taslamany durmuşa geçirmäge ABŞ-nyň 5 milliarda golaý dollary goýberildi.

Geçiriljek iri sport forumy Aşgabadyň düzümlerini has-da ösdürmäge, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna, ýaşlary sporta giňden çekmäge ýardam berer. Aziada—2017-niň birnäçe görkezijiler boýunça rekord derejede boljakdygyna, ondan galjak täsirleriň bolsa diňe bir tutuş ýurdumyz üçin däl, eýsem-de, sebitiň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin hem uly ähmiýete eýe boljakdygyna garaşylýar.

Baýramçylyk “Parla, ýaşyl baýdagym!” diýen teatrlaşdyrylan sport kompozisiýasy bilen başlanýar.

Stadionyň depesinde kiçeňräk uçarlar peýda bolýar. Olar asmanda uçmagyň ussatlygyny görkezýär. Paraşýutçylaryň asmanda ellerindäki Türkmenistanyň Döwlet tuguny hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny parladyşlary dabaranyň çuňňur manysyny ýüze çykardy. AOG-nyň Aşgabatda yklymlaýyn iri toplumlaýyn oýunlary geçirmek baradaky çözgüdi — munuň özi çäklerinde ägirt uly işler geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ulgamynda Türkmenistanyň syýasatynyň ýene-de bir halkara ykrarnamasydyr.

Aziýanyň iri sport guramasy hut biziň ýurdumyza şeýle ynam bildirdi. Ýurdumyzda Milli Olimpiýa komitetine ähli işi milleti ruhy taýdan galkyndyrmaga, onuň saglygyny goramaga gönükdiren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär. Çünki sport Türkmenistanda halkymyzyň ruhy taýdan täze belentliklere tarap ymtylmagynyň, ösüşiň we döredijiligiň bir ýere jemlenen nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi, wagyz edýän “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” diýen ýörelgesi bolsa ýaş türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi üçin şygara öwrüldi. Olar üçin bedenterbiýe we sport durmuş kadasyna öwrülýär.

Ajaýyp hereketleriň ikinji böleginiň öň ýanynda dym-dyrslyk aralaşýar. Türkmen döwletiniň garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýan ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň dabaraly ýörişi başlanýar. Toý lybasyna beslenen ajaýyp bedewleriň hatarlary Garaşsyzlyk nyşany astynda geçen hem-de halkymyzyň taryhy senenamasyny amala aşyrylan beýik işleriň we ähmiýetli üstünlikleriň örän köp sanlysy bilen dolduran geçen ýyllaryň özboluşly şöhrata beslenen ähli wakalaryny alamatlandyrýar.

Bu hereketlere milli gahryman — keşbi däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçijiligiň hem-de ata-babalarymyzyň ruhy wesýetleriniň nyşany hökmünde çykyş edýän Oguz han baştutanlyk edýär. Onuň yz ýany bilen ogullary we agtyklary barýar. Bedewler dabaraly owazyň astynda töwerek boýunça hereket edip, merkezi münberiň öňünde düzülýärler.

Agzybir, garaşsyz we gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwy amala aşyran nesillere asyrlardan aşyp, şu günlere gelip ýeten owaz hökmünde Oguz hanyň ýüzlenmesi ýaňlanýar.

Çapyksuwarlaryň at üstünde görkezýän ussatlygy ildeşlerimizde we myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Häzir Türkmenistanda bedewlere ählihalk söýgüsi hökmünde uly hormat goýulýar. Ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny saklamak we has-da artdyrmak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmaty bardyr. Şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiz “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň gadymy galasynyň diwarlarynyň ýanyndan 500 günlük atly ýörişe badalga berdi. Ol tutuş ýurdumyzy gurşap alyp, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Aziada—2017-niň açylýan gününde pellehana gelýär. Biziň baý medeniýetimiziň, taryhy-medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, häzirki beýik gazananlarymyzyň we üstünliklerimiziň ajaýyp nyşany bolup durýan bu atly ýöriş halkymyzy döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar, onuň şöhratly geçmişimize, özbaşdak Watanymyzyň häzirki gününe we geljegine bolan buýsanjyny artdyrýar.

Baýramçylyk şowhunyna çagalaryň, döredijilik ussatlarynyň we talyplaryň toparlary, şeýle hem türgenler goşulýarlar. Olar “Berkarar döwletiň bagtyýar ili” diýen ajaýyp kompozisiýany ýerine ýetirýärler. Stadionyň meýdançasynda türkmenistanlylaryň parahat we bagtyýar durmuşynyň keşbi, ýagny çaganyň dünýä inişinden başlap, bagtyýar maşgalanyň döreýşine çenli görnüşler janlanýar. Ine, çagalar biraz ulalyp, arkasy goş haltalyja, noutbukly we elleri gülli mekdebe bilim almaga barýarlar. Soňra meýdançada häzirki zamanda dürli hünärleri we sportuň görnüşlerini özleşdirmek boýunça giň mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlar peýda bolýarlar. Joşgunly mukamyň astynda sportuň dürli görnüşleriniň wekilleri öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Sport sahnasynda sirk sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlanýar. Adamlara gülki paýlaýan ussatlaryň çykyşlary şatlyk we göwnaçyklyk ýagdaýyny döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň deňsiz-taýsyz beýik işlerine, milletimiziň abadançylygynyň esasyny döredýän tükmenistanlylaryň döredijilikli zähmetine özboluşly sena bolup, gadymy we müdimi ajaýyp halk aýdym-sazlary ýaňlanýar. Olaryň owazy astynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden paýtagtymyza gelen halk döredijilik toparlary çykyş edýärler. Olaryň taýýarlan aýdym-sazly, tansly kompozisiýasy halk zehinleriniň gözbaşynyň arassadygynyň we egsilmezdiginiň ýene-de bir ajaýyp subutnamasy boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň, agzybir, jebis türkmen halkynyň hem-de onuň ruhlandyryjysy Gahryman Arkadagymyzyň hormatyna waspnamalar ýaňlanýar!

Soňra çykyşlary türkmen aýdym-saz sahnasynyň ussatlary, ýaş zehinli artistler, folklor-etnografiýa toparlary, ýaş zehinler dowam etdiler. Olar estrada we halk aýdymlaryny, daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. “Galkynyş”, “Serpaý”, “Dokmaçylar”, “Laçyn”, “Meňli”, “Näzli”, “Aşgabat” meşhur tans toparlary, “Güneş” hory we beýlekiler çykyşlara milli horeografiýa öwüşginini çaýdylar.

Garaňky gatlyşyp başlanda stadionda oturdylan äpet monitorlarda “Türkmen laçyny” diýen wideofilm görkezilip başlanýar.

Laçynyň uçuş belentliginden tomaşaçylaryň öňünde mähriban ülkämiziň ajaýyp keşbi janlanýar. Milletiň mümkinçiligini kuwwatly we depginli güýje jemleýän ählihalk tarapyndan saýlanan milli Liderimiziň beýik döredijilikli erkiniň netijesinde gadymy türkmen topragy gülläp ösýär, onuň şäherlerini we obalaryny ak mermerli lybasa beslenen belent binagärlik toplumlary, lukmançylyk we ylmy merkezleri, köşkler, teatrlar, muzeýler we stadionlar, bagy-bossanlykly seýilgähler we dynç alyş ýerler, oňaýly ýaşaýyş jaýlary bezedi. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda gerimi boýunça ägirt uly bolan durmuş-ykdysady maksatnamalara, iri maýa goýum taslamalaryna badalga berildi. Olar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde durmuşa geçirilen şeýle iri desgalaryň biri Halkara howa menzilidir. Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr geçiş nokady bolmaga gönükdirilendir.

“Arkadagym toý tutýar” diýen aýdymda baýramçylyk wasp edilip, milli Liderimize ählihalk söýgüsi we hoşallyk duýgulary beýan edildi.

Sport meýdançasyna ýaş nesiller çykýarlar. Ýurdumyzyň iň oňat çagalar döredijilik toparlary Türkmen döwletiniň umydyny we geljegini görkezýärler. Türkmen saz we tans sungatynyň ýaş zehinleri we kiçijik ýyldyzjyklary “Awaza — dostluk mekany” diýen kompozisiýany ýerine ýetirýärler.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda okgunly ösýän oňaýly deňiz dynç alşy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýän durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän syýahatçylygy we dynç alşy ösdürmekde ýurdumyzyň gazananlarynyň nyşany diýlip, mynasyp hasaplanylýar. Bu gün Awazada diňe bir ajaýyp dynç alman, eýsem, saglygyňy berkidip bolýar, şeýle hem sport, şol sanda onuň suw görnüşleri bilen meşgullanyp, wagtyňy peýdaly geçirmek mümkin. Arassa howa, Gün wannalary we deňizde suwa düşmek adamyň saglygyna we ruhy ýagdaýyna örän oňat täsir edip, uzak wagtlap özüni gowy duýmagyny hem-de göwnaçyk ýagdaýda bolmagyny kepillendirýär. Stadionda biri-biriniň yzyndan dürli sazly-tansly kompozisiýalar ýerine ýetirilýär. Olar Türkmenistanyň durmuşynyň keşbi we elbetde, eýýäm häzirden janköýerlerde uly gyzyklanma döredýän “Saglyk. Galkynyş. Dostluk” diýen şygar astynda geçiriljek Aziada—2017 barada gürrüň berýär.

Çykyşlaryň ählisiniň dowamynda sazly-yşykly şüweleňler ajaýyp baýramçylygyň üstüni ýetirýär. Olar artistleriň çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýýar.

“Ýaşa Arkadag bilen!” diýen meşhur aýdym baýramçylyk konsertiniň jemleýji bölegine öwrüldi. Ol Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy, türkmen halkymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy milli Liderimizi wasp edýär.

Dabaralary baýramçylyk feýerwerki jemledi. Ol geljekki Aziadany hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ajaýyp işler amala aşyrylýan tutuş ýurdumyzyň belentligini dabaralandyrdy.