Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Eziz myhmanlar!
Sizi Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherinde Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanan we 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak mynasybetli sport media forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şeýle hem Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we habar beriş serişdeleri ugurlar boýunça dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyny we rowaçlanmagyny arzuw edýärin!
Hormatly myhmanlar we maslahata gatnaşyjylar!
Halkara derejesinde aýgytly ösüşlere eýe bolýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alnyp, ynsan eşreti üçin sahawatly işler durmuşa geçirilýär. Çünki sagdyn jemgyýet, Watan binýadynyň baş daýanjy. Sagdyn ruh adamzadyň bagtyýar geljeginiň ak ýoly. Şoňa görä-de, ýurdumyzda adamlaryň sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Eziz Diýarymyzda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we sagaldyş binalary, sport we saglyk toplumlary, sportuň futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly meşhur ugurlary boýunça ýurdumyzda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi, ussat türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli şäher bolmak bilen, biz bu ýerde gurýan her bir desgamyzyň özboluşly binagärligine uly ähmiýet berýäris. Häzirki döwürde bolsa mermer paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu şäherçede sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynda geçiriler. Sport oýunlaryny alyp görkezmek we dünýä giňden ýaýmak üçin Olimpiýa şäherjiginde Metbugat merkezi we her bir desgada metbugat wekilleri üçin niýetlenen desgalar guruldy. Siz Olimpiýa oýunlarynyň geçýän döwründe bu desgalary giňden peýdalanyp, sport oýunlarynyň geçişi baradaky maglumatlary gyzgyny bilen dünýä halklaryna ýetirersiňiz diýip umyt edýäris.
Şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek Aziýadan we Okeaniýadan jemi 62 döwletden türgenler gatnaşar. Biz bu Oýunlarda türkmen milli göreşi we konkur boýunça ýaryşlaryň geçirilmegini teklip etdik. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi biziň bu teklibimizi goldady. Elbetde, ýaryşlaryň geçirilýän döwri dünýäniň çar künjeginden metbugat wekilleriniň hem uly toparynyň geljekdigine ynanýarys.
Türkmenistanda bolýan döwründe metbugat wekilleri ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, sporty ösdürmekde alnyp barylýan işler bilen giňden tanşyp bilerler. Siziň gatnaşmagyňyzda guralýan media forumyň we Aziýa sport žurnalistler gününiň üstünlikli geçmegini, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleri mahabat etmekde rowaçlyk arzuw edýärin!

Biz: «Sport — ruhubelentlik we sagdynlyk!» diýen ýörelgeden ugur alyp, türkmen sportuny dünýä sporty bilen sazlaşykly ösdürmekde tutumly işleri alyp barýarys. Häzirki wagtda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Halkara sport metbugatynyň assosiasiýasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmekleri we tejribe alyşmaklary bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär derejesiniň kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirjekdigine berk ynanýaryn. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine giňden taýýarlyk görülýär. Dünýäniň metbugat wekilleriniň bu halkara ýaryşyny ýokary derejede mahabat etmekde we alyp görkezmekde öz işjeňliklerini görkezjekdiklerine berk ynanýaryn.

Sizi Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherinde Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanan we 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak mynasybetli sport media forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow