17-nji sentýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sebitde iri Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. Daşary ýurtlaryň neşirleri Merkezi Aziýada täze aerowokzal toplumynyň deňi-taýy bolmadyk gerimi, täze desganyň binagärlik çözgüdiniň özboluşlylygy, bu ägirt uly howa menziliniň enjamlaşdyrylyşy we işiniň guralyşy üçin türkmen tarapyna gowşurylan ähmiýetli halkara sylaglary barada ýazdylar.
Russiýanyň “RIA Nowosti” habarlar agentligi öz habarlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini teswirledi. Milli Liderimiz täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda döwrebap aeronawigasiýa tehnikalary bilen üpjün edilen täze toplumyň yklym we yklymara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.
Russiýanyň “Argumenty i fakty” neşiriniň internet-saýty öz okyjylaryna Aşgabat howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynyň üçeginde dünýäde iň uly haly gölüniň şekillendirilendigi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini habar berdi. Onuň meýdany 705 inedördül metre barabardyr. Täzelikler internet neşirleriniň ählisi diýen ýaly bu wakany ünsden düşürmän, türkmen paýtagtynyň ulag düzüminiň täze desgasynyň işe girizilmegini dessine we giňden teswirlediler.
Russiýanyň “Regiony Onlaýn” habarlar agentligi täze howa menziliniň görnükli binagärlik konsepsiýasyny, taslamagyň we gurmagyň hilini ykrar edýän “Construction Excellence Award” sylagyna, binagärlik keşbi we öňdebaryjy tehnologiýalary üçin “International Star Award for Quality” baýragyna mynasyp bolandygyny belledi.
Aşgabadyň Halkara howa menzili ulanmaga bermäge taýýarlamak boýunça ähli işleriň ýerine ýetirilendigini, dolandyryş ulgamynyň halkara derejesine laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany aldy. Güwänamalar we diplomlar howa menziliniň açylyş dabarasynda şol sylaglary esaslandyran abraýly halkara kompaniýalarynyň we neşirleriň wekilleri tarapyndan gowşuryldy.
Hazarýaka döwletleriniň durmuşyna hem-de wakalaryna bagyşlanan “Kaspi täzelikleri” halkara internet-portaly täze howa menziliniň Merkezi Aziýada iri desga bolandygyna, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ornaşdyrylan we ýolagçylaryň hem-de ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalara aýratyn üns berdi. Portalyň belleýşi ýaly, täze howa menzilinde ilkinji bolup türkmen milli howa parky üçin satyn alnan “Boeing 737-800” uçary gondy.
Azerbaýjanyň AZERTAJ döwlet habarlar agentligi açylyş dabarasyna halkara we sebit guramalarynyň, dünýäniň 25 ýurdundan awiakompaniýalaryň hem-de awiasion gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelendigini habar berdi. Agentligiň belleýşi ýaly, her biriniň uzynlygy 3800 metre deň bolan uçuş-gonuş zolaklarynyň ikisiniň bolmagy netijesinde türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzili islendik görnüşdäki we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip bilýär. Habarda bu ägirt uly täze desganyň beýleki birnäçe tehniki ölçegleri barada hem gürrüň edilýär.
Azerbaýjanyň internet okyjylarynda uly abraýdan peýdalanýan “Trend” täzelikler agentligi täze howa menzili barada täzelikleriň we seljeriş habarlaryň tapgyryny ýerleşdirdi. Hususan-da, okyjylaryň ünsi Aşgabatda iri Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmeginiň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde, aýratyn-da, ýurduň bu babatda geografik ýagdaýyny nazara almak bilen Türkmenistanyň ornuny berkitmek üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyna çekilýär.
“Trend” bu ugurda beýleki ähmiýetli ädimleriň hatarynda 2014-nji ýylyň dekabrynda “Demirgazyk — Günorta” möhüm ulag geçelgesiniň bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça täze demir ýolunyň açylmagyny, gurluşygy dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýoluny, Türkmenbaşy şäherinde halkara ähmiýetli iri deňiz portunyň gurluşygyny mysal getirdi. Agentlik ýük daşamak üçin özüne çekiji şertleriň döredilmeginiň, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň bökdençsiz hereket etmeginiň dünýä möçberinde durnukly ykdysady ösüşe ýardam etmekde esasy şert bolup durýandygyny belläp, BMG-niň Bas Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” diýen Kararnamanyň ähmiýetini hem nygtaýar.
Pakistanyň News Central Asia (nCa) habarlar agentligi “Turkmenistan commissions largest airport in region” atly makalasynda okyjylaryň ünsüni täze howa menziliniň açylan senesine çekýär, çünki ýene-de, dogry bir ýyldan Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary badalga alýar. Internet neşiriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda aeromenzil toplumlary döwrebaplaşdyrylýar, Aşgabadyň täze Halkara howa menzili bolsa yklym we yklymara ulag ýollarynyň çatrygy bolup, Ýewraziýa giňişligindäki hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga hyzmat eder.
“News Central Asia” agentliginiň “Rationale for building a huge airport in Ashgabat” atly seljerme beriş habarynda iri howa menzilini döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösmegine edýän oňyn täsirine garalyp, howa menziline halkara üstaşyr ýük daşamalarynyň çekilmegini açyp biljek mümkinçiliklere üns berilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, bir ýylda 17 million ýolagça — esasy terminalda 14 million ýolagça hem-de ikinji terminalda 3 million ýolagça hyzmat etmäge, 200 müň tonna möçberde ýükleri geçirmäge ukyply Aşgabadyň Halkara howa menzili yklymyň beýleki iri howa üstaşyr merkezleriniň üstünliginden öňe geçmek mümkinçiligine eýe bolup durýar.
“News Central Asia” agentligi Aşgabatda geçirilen, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata bagyşlanan media forum barada hem ýazdy. “Media Forum in Ashgabat highlights centrality of transport for sustainable development” atly makalada bellenilişi ýaly, forum häzir dünýäde ulag ulgamynyň eýeleýän ornuny kesgitledi, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ulag ulgamynda halkara we sebit guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.
Ukrainanyň “Ukrinform” milli habarlar agentligi täze howa menziliniň özboluşly binagärlik keşbine üns berip, ýolagçy terminalynyň binasynyň ganatlaryny ýaýan ägirt uly guşuň şekilinde gurlandygyny, onuň “Türkmenistan Airlines” milli howa ýollarynyň nyşany bilen meňzeşligini tapýandygyny belleýär.
“Avesta” täjik habarlar agentligi täze howa menziliniň açylmagyna bagyşlanan habarynda döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň türkmen Lideriniň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biridigini aýratyn belleýär. Bu habarlar agentligi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Halkara howa menziliniň açylmagynyň türkmen howa ýollaryny has-da ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny, syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, döwletiň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn goşulyşmagyna ýardam etjekdigini nygtaýar.
Bu, elbetde, ulag ulgamynda ýöriteleşdirilen internet serişdeleri üçin möhüm waka öwrüldi. ATI-Media portaly täze howa menziliniň ýük terminalynyň bir ýylda ýükleriň 200 müň tonnasyny geçirmäge ukyplydygyny, menziliň ETV (Elevating Transfer Vehicle) elektron ýük ugradyş ulgamy bilen üpjün edilendigini belledi. Türkmenistanda iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa merkezlerine çykmak bilen howa we ýerüsti ýollarynyň artykmaçlyklaryny peýdalanmagyň esasynda olary birleşdirýän gatnawlaryň utgaşykly ulgamy döredilýär diýip, internet-serişde netije çykarýar.
“Total.kz” gazak habarlar saýty hem üç terminaly (ýolagçy,VIP we ýük) bolan täze Halkara howa menziliniň islendik görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge hem-de hyzmat etmegiň halkara ölçeglerini üpjün etmäge ukyplydygyny nygtaýar.
Umuman, daşary ýurtlaryň internet neşirleri Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegine bagyşlanan habarlarynda ýurdumyzyň täze “howa derwezesiniň” uly kuwwaty we öňdebaryjy üpjünçiligi bilen tapawutlanyp, ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnatmalaryň artýan möçberine gönükdirilendigi we munuň bolsa Türkmenistanda kemala getirilýän iri üstaşyr howa ýollary ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygy babatda bir pikire gelýärler.