Geçen hepdede paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazan Ýaşulularyň maslahaty geçirildi. Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahat möhüm, taryhy waka — milli hukuk ulgamynyň daýanjy, Kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezliginiň kepili bolup çykyş edýän, eziz Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine okgunly çykmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine beslendi.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, çärýek asyr mundan ozal 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek barada asyrlaryň dowamynda edip gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamanyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp boljakdygyny belledi. “Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaý bolup durýar” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlenýän ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň esasy düzgünleri barada durup geçip, onuň täze maddalaryň 28-sini, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen 107 maddany we täze girizilen bir bölümi öz içine alýandygyny belledi. Döwletimiziň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, hukuk, dünýewi we demokratik häsiýeti baradaky düzgünleri üýtgewsiz galýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde bitaraplyk hukuk ýagdaý, aýratyn maddada beýan edilip, bu teklip bütin halkymyz tarapyndan Esasy Kanunymyzyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, doly makullanyldy diýip, milli Liderimiz belledi.
Konstitusiýada beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýaly daşary syýasatymyzyň möhüm ýörelgeleri beýan edildi.
Ýurdumyzyň durmuşynda 2017-nji ýyl uly taryhy wakalaryň döwrüne öwrüler. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu saýlawlara ilkinji gezek üç partiýa, ýagny Demokratik partiýasyndan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy gatnaşar diýip nygtady.
“Men döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleriň has köp bolmagyny isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz baý durmuş tejribesi bolan ýaşulularymyza, maslahata gatnaşýan ähli adamlara ýüzlenip, ylymly-bilimli we tejribeli, halkymyza wepaly bolup, jany-teni bilen gulluk etmek isleýän her bir raýatymyza, syýasy partiýalardan ýa-da raýatlar toparlaryndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik etmäge mümkinçiligiň döredilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýygnananlaryň ünsüni 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutuljak durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryna çekdi. Ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady özgertmeler ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmelidir, şeýle hem işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga, kämil enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalary döretmäge gönükdirilmelidir.
Umumymilli maslahatyň gün teritibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga il sylagly ýaşulular, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň wekilleri, harby gullukçylar, talyplar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda häzire çenli mugt peýdalanylýan tebigy gaza, suwa, elektrik toguna we beýleki serişdelere belli bir tölegiň we öwez tölegi boýunça degişli ulgamyň girizilmegi babatda birnäçe teklipler girizildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm kuwwaty bolan tebigy serişdeler diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekki nesillere-de hyzmat etmelidir. Bellenilişi ýaly, bu mesele ýagdaýa dogry düşünmek arkaly çözülmelidir. Biz özümiziň ägirt uly tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesilleriň üstünliginiň kepili hökmünde saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Ministrler Kabinetine girizilen teklipleri öwrenip, olardan degişli netije çykarmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna girizilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de hormatly atlary dakmak hakyndaky, Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak we Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak hakynda, şeýle hem “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar bar. Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda indiki Ýaşulularyň maslahatyny Ahal welaýatynda geçirmegi teklip edip, degişli Permana gol çekdi we Ýaşulular maslahatynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine Ahal welaýatynda sylanýan ýaşulularyň biri — Gurbangeldi Aýlyýew saýlanyldy.
Foruma gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda milli Liderimize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ilkinji ýubileý medaly gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz bu hormatly döwlet sylagy üçin minnetdarlyk bildirip, munuň özi mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine mundan beýläk-de yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi.
Maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary döwlet sylagyny bermek baradaky teklip boýunça aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz hemmelere özüne bildirilen ýokary hormat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi ýygnananlar we tutuş mähriban halkymyz tarapyndan özüne bildirilen hormat-sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy we bildirilen ynama we hemmetaraplaýyn goldawa minnetdarlyk bildirip, her bir işde halkynyň goldawyna daýanjakdygyny aýtdy. Ýöne hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ol özüne ýokary dereje bermek baradaky teklipden häzirlikçe saklanýandygyny aýtdy we foruma gatnaşyjylaryň muňa dogry düşünjekdigine ynam bildirdi.
Ýaşulular maslahatynda we maslahat tamamlanandan soň, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we edaralaryň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.
Ýaşulular maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» Ýadygärlikler toplumynda gurbanlyk sadakasyny berdi, oňa Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar hem çagyryldy.
Milli Liderimiziň sadakanyň barşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwleti ösdürmek boýunça meýilnamalary, milli we halkara derejelerindäki iri durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek merdana halkymyzyň agzybirliginiň netijesinde mümkin boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň çäklerinde, şeýle hem Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Ýaşulular maslahatynyň netijelerine garaldy.
Bilelikdäki mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň dowamynda Ýaşulular maslahatyna köpsanly teklipleriň gelip gowuşandygyna, şeýle hem düýn geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisiniň barşynda köpsanly teklipleriň aýdylandygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine şol teklipleri düýpli öwrenmegi hem-de olar boýunça degişli çözgütleri taýýarlamagy tabşyrdy. Hususan-da, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze, rejelenen görnüşiniň maddalary boýunça halkara maglumatlar giňişliginde, teleradioýaýlymlarda we metbugatda giňden düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna hem häzirden taýýarlyk görüp başlamagyň wajypdygy bellenildi. Bu möhüm çäre ýokary derejede we giň demokratik esaslarda geçirilmelidir. Geljek ýylyň Döwlet býujetini düzmek meselelerine hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde çig maly daşary ýurtlara ibermän, ony gaýtadan işläp, taýýar önümleri öndürmegiň depginlerini has-da güýçlendirmegi ugur edinmegiň gerekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz şeýle etmek bilen, biz uglewodorod serişdeleriniň uly möçberdäki gorlaryny geljekki nesillerimize hem miras goýup bileris diýip aýtdy.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Baştutany Oba we suw hojalyk ministrliginiň işinde bar bolan meseleleri düýpli seljerip, kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin ähli çäreleri geçirmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda häzirki döwürde köp ugurlar boýunça hünärmenlere zerurlygyň artandygyny belläp, ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda «Ylham» seýilgähinde türkmen ylmynyň we edebiýatynyň meşhur wekilleriniň ýene-de birnäçesiniň ýadygärligini oturtmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alyp baran işleri üçin, ähli jogapkär adamlara we ýolbaşçylara, Aşgabat şäheriniň zähmetkeşlerine we agzybir ilatyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Biziň alyp barýan ähli köptaraply işlerimiz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, raýatlarymyz üçin abadan, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna işde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada ýene-de teklipleri bermegi tabşyrdy.
Geçen hepde giň gerimli binagärlik açylyş dabarasyna beslendi. 17-nji sentýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda sebitde iri Halkara howa menzilini ulanmaga bermek mynasybetli dabara boldy. Ol yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkezine öwrüler.
Ýurdumyzyň esasy “howa derwezesiniň” açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistany yklymyň iri ulag-logistik merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm halka öwürmek boýunça milli Liderimiziň ägirt uly maksadyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu öz nobatynda, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly geografik ýerleşmegi hem-de netijeli içeri we daşary syýasaty bilen şertlendirilen ägirt uly ykdysady kuwwaty amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri döreder.
Tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolup durýan howa menziliniň toplumy 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär hem-de desgalaryň 100-den gowragyny özünde jemleýär. Terminallaryň ikisi jemi adamlaryň bir ýylda 17 milliondan gowragyna ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly arkaly 200 müň tonna ýük geçer. Täze howa menzili islendik görnüşdäki we ýük göterip bilýän uçarlary kabul etmäge ukyply bolup, şunda halkara ölçegleriniň derejesinde hyzmatlary üpjün edip bilýär.
Toplumyň açylmagynyň öň ýanynda paýtagtymyzda Bitarap Türkmenistan şa ýoly bilen Gurbansoltan eje köçesiniň çatrygyndaky awtomobil ýolunyň aýrytlary hem-de Oguz han suw çüwdürimler toplumyna alyp barýan A.Nyýazow şa ýolunyň durky täzelenilen bölegi ulanmaga berildi. Ýol aýrytlarynyň açylmagy Halkara howa menzilinden şäheriň merkezine çenli päslegçiliksiz we ençeme esse çalt barmaga mümkinçilik berýär.
Aşgabat şäheriniň täze halkara howa menzili baş ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly haly gölüniň iň uly şekiliniň (705 inedördül metr) ýerleşdirilmegi bilen, Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi. Gozgalmaýan emläk we syýahatlar baradaky “International Property Awards” neşiri bolsa bu ajaýyp desgany “Construction Excellence Award” sylagy bilen sylaglady. Ol bu iri we çylşyrymly desganyň ajaýyp binagärlik taglymatyny, taslamasyny hem-de gurluşygynyň hilini ykrar edýär.
Milli Liderimiz howa menziliniň ulanmaga berilmeginiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagynyň laýyk bir ýyl öňünden bolup geçýändiginiň aýratyn mazmuna eýedigini nygtady. Çünki Milli raýat awiasiýasynyň gulluklarynyň işgärleri ýurdumyzyň köpsanly myhmanlaryny — Oýunlara gatnaşyjylary we tomaşaçylary ilkinjiler bolup garşylarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aziadanyň geçirilýän döwründe howa gatnawlarynyň sanyny, şol sanda Aziýa sebitiniň ýolagçylary üçin gatnawlaryň sanyny artdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şol gün agşamara hormatly Prezidentimiz köpugurly “Aşgabat” stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bir ýyl galmagy, şeýle hem paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Sport meýdançasynda Watanymyzyň durmuşynyň giň gözýetimi barada we elbetde, eýýäm häzirden “Saglyk. Galkynyş. Dostluk” şygary astynda geçiriljek Aziada — 2017-ä bolan artýan gyzyklanma barada gürrüň berýän ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon gepleşiginiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň Liderleri, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Abbas Ahmad Ahundi bilen geçirilen duşuşygynyň barşynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy nazara alnyp, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Ulag ulgamynda bilelikdäki ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek duşuşygyň meseleleriniň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny — “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, Bütindünýä meşhur “General Electric Power” amerkan kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA döwletleri we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti Rikardo Kordobany hem-de “Çalk Holding” kompaniýalar toparynyň müdüriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul edende, işewür hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna hem-de öňde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah bilen söhbetdeşliginiň aýratyn meselesi boldy.
Geçen hepdede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan media-forum geçirildi. Maslahatyň işine BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş toparynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, Halkara deňiz guramasynyň we beýleki abraýly düzümleriň, halkara habarlar agentlikleriniň we teleradioýaýlymlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar birnäçe wajyp meseleleri, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmäge, bu ulgamda Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli aragatnaşyklary ösdürmäge we beýlekilere degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem üstaşyr geçirmegi ösdürmegiň geljegi, sebitde ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.
Bilermenler sanly maglumat tehnologiýalaryň häzirki zaman asyrynda Maslahatyň işini beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berdiler. Habarlary dessine ýaýlyma bermek hem-de durmuşy habar beriş serişdeleriniň barha artýan ähmiýeti nazara alnyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň adaty ornunyň üýtgemeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen Azerbaýjanyň “Trend” halkara habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şol sanda Internet serişdelerini ösdürmegiň ýollary baradaky hem-de beýleki hünär meseleleri boýunça netijeli özara pikir alyşmalar boldy. Bilelikdäki media-taslamalary amala aşyrmak boýunça göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we mümkinçilikleri işjeňleşdirmegiň, iki tarap üçin hem möhüm bolan ugurlarda özara hereket etmegiň geljegine garaldy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen “Ählumumy durnukly ösüş ulgamynda ulagyň ähmiýeti” atly BMG-2016-niň talyp modeli — 1-nji talyp Nusgasyndaky forum Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata bagyşlandy. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary bilen bilelikde ulag ulgamyna we ony maliýeleşdirmäge, durnukly ulgamyň howpsuzlygyna, ekologiýa ugruna we beýlekilere maýa goýmak boýunça maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň işlerini görkezmäge mümkinçilik döredi. Olar BMG-a agza döwletleriň resmi wekilleriniň we halkara düzümleriň agzalarynyň ornunda çykyş etdiler.
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady sebitleýin bölüminiň we sosial toparynyň baştutany hanym Tiziana Bonapas Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine onuň BMG-niň “Akademiki täsir hereketi” atly ählumumy ösüş başlangyjyna goşulýandygyny alamatlandyrýan ýörite sertifat gowşurdy. Munuň özi BMG-niň Maksatlaryna goldaw bermegiň çäklerinde ýokary okuw mekdepler bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen çäredir.
Aşgabatda migrasiýa meseleleri boýunça geçirilen sebitleýin maslahatda daşary ýurtly hünärmenlere bu ulgamda wajyp meseleleri çözmekde Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesine degişli syn beriş maglumatlar hödürlenildi. Iri halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyk edip, adam hukuklary ulgamynda esas düzüji birnäçe konwensiýalara we teswirnamalara goşulyp hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissaryň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy, Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmak bilen ýurdumyz ählumumy ýagdaýlara strategik gatnaşyjy hökmünde tanalýar.
Ýaşulular maslahatynyň öň ýanynda geçirilen Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky 15-nji maslahatynda ara alyp maslahatlaşmak üçin kanun taslamalarynyň we kanunçylyk resminamalaryň birnäçesi çykaryldy. Parlament «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna garady we ony kabul etdi. Şeýle hem “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda” hem-de Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanun taslamalaryna, “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Migrasiýa hakynda” we “Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna garaldy we olar kabul edildi.
Deputatlar Mejlisiň «Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda», “Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda”, «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda» Kararlarynyň taslamalaryna garadylar we tassykladylar. Şeýle hem Mejlisiň «Aziýa awtomobil ýollary ulgamy boýunça Hökümetara Ylalaşyga goşulmak hakynda» we «Transaziýa demir ýollary ulgamy boýunça Hökümetara Ylalaşyga goşulmak hakynda» Kararlarynyň taslamalary tassyklanyldy.
Moskwanyň her ýylky halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilýän “Kitap sungaty” diýen bäsleşigiň ýokary sylaglaryna ýene-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykarylan kitap önümleri mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Neýtralnyý Turkmenistan” diýen kitaby “Gran-pri” tapgyrynda bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi boldy. Türkmen Lideri tarapyndan “Paýhas çeşmesi” diýen kitapda jemlenen we tertipleşdirilen halk nakyllarynyň we atalar sözleriniň ýygyndysy “Arkalaşyk” tapgyrynda ýeňijiniň diplomyna mynasyp boldy.
“Meniň Watanym Bitarap” diýen ösüp gelýän nesillere niýetlenen neşir “Çagalar we ýetginjekler üçin kitap” diýen tapgyrda ýeňijileriň hataryna girdi. “Medeniýetleriň gatnaşygy” diýen tapgyrda ýeňijileriň arasynda “Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary we olary esaslandyryjylar” diýen ylmy-populýar kitap bar. “Ylym we innowasiýa” diýen tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjynyň diplomyna marynyň täsin çeperçilik mekdebine bagyşlanan “Gadymy Merwiň şekillerdäki rowaýaty” diýen kitap mynasyp boldy.
Hepdäniň sport wakalary barada aýdylanda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk tennis meýdançasynda tennis boýunça halkara synag ýaryşynyň açylyş dabarasynyň bolandygyny bellemek gerek. Bu ýaryş Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda diňe bir türkmen hünärmenleriniň guramaçylyk ukybyny görkezmän, eýsem, sport desgasyny hem synag eder.
Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Ukrainadan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden 18 ýaşa çenli bolan 100-e golaý türgenler oglanlaryň we gyzlaryň toparlarynda aýratynlykda we jübütleýin görnüşlerde medallar ugrunda bäsleşerler.
Tennis boýunça ýaryşlar Aziada—2017-de hereket etjek türkmen meýletinçileri üçin hem oňat tejribe bolar.
Halkara “Ussat” (VII dan) we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew iň ýokary tapawutlandyryş nyşany bolan ITF taekwondonyň ýörite ordenine mynasyp boldy. Şeýle orden bu söweş sungatyny ösdürmekdäki aýratyn goşant üçin gowşurylýar. Ordeniň gowşurylyş dabarasy Andriýa şäherinde (Italiýa) ýakynda ýetginjekleriň we ulularyň arasynda bolup geçen dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi.
Şunuň ýaly tapawutlandyryş nyşanyna Ýer ýüzünde taekwondo eýerijileriň örän az sanlysy eýedir. Olar koreý başa-baş söweşiniň ýörelgelerini (filosofiýasyny, sazlaşygy, söweşiji usulyny) öwrenmäge öz tutuş durkuny bagyşlanlar, bilimlerini öz okuwçylaryna geçirenler hem-de ony wagyz etmek bilen işjeň meşgullananlardyr.
Şeýlelikde, geçen hepde köpsanly möhüm wakalara baý boldy. Olaryň many-mazmuny täze taryhy eýýamyň maksadyny – milletiň ruhy gymmatlyklarynyň has-da baýlaşýandygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyny, türkmen halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyny, mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň pugtalanýandygyny şöhlelendirýär.