Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 12025
I. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda, 2016 ý., № 1, 61-nji madda) şu üýtgetmäni we goşmaçany girizmeli:

1. VII babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«VII BAP. KAZYLARYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ MADDY ÜPJÜNÇILIGI WE DURMUŞ GORAGLYLYGY. KAZYLAR WE KAZYÝET IŞGÄRLERI BARADA HÖWESLENDIRIŞ ÇÄRELERI».

2. 79-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«791-nji madda. Kazylar we kazyýet işgärleri barada höweslendiriş çäreler

1. Kazylara we kazyýet işgärlerine adyl kazyýetligi amala aşyrýandygy we gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirýändigi, hünär derejesini we işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda üstünliklere eýe bolýandygy, köp ýyllaryň dowamynda döwlet gullugyny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin şu aşakdaky höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner:

1) minnetdarlyk yglan etmek;

2) sowgat bilen sylaglamak;

3) hünär derejesini möhletinden öň bermek ýa-da nobatdakysyndan bir dereje ýokary hünär derejesini bermek;

4) «Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglamak.

2. «Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Aýratyn tapawutlanan kazylar we kazyýet işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmaga hödürlenip bilner.

4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz önünde tutulan sylaglary kazyýet edaralarynyň işgärleri bolup durmaýan, kazyýetleriň işiniň kämilleşdirilmeginde we kanunylygyň pugtalandyrylmagynda uly goşant goşan beýleki adamlar babatda hem ulanyp biler.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabry.