Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 11591
I. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015ý., № 1, 38-nji madda; 2016ý., № 1, 52-nji madda ) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 1-nji madda şu mazmunly bentleri goşmaly:

«18) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary ýaşaýan/bolýan ýeri boýunça hasaba almak — ygtyýarly edilen edaralar tarapyndan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýaşaýan/bolýan ýeri boýunça, şeýle hem onuň bir ýerden başga ýere geçmegi barada maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hasaba alynmagy;

19) daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary ýaşaýan/bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň döwlet maglumatlar ulgamy — daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar babatda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda aýratyn ugurlardaky migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek üçin döredilen maglumatlar gorlarynyň jemi.».

2. 10-njy maddanyň üçünji böleginiň 11-nji bendiniň ikinji tesimindäki «uzaldylmagy daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň» diýen sözlerden soň «ýa-da gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahsyň» diýen sözleri goşmaly.

3. 12-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«12-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba alynmagy we hasapdan çykarylmagy»

1. Türkmenistana gelеn daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralarynda üç iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) hasaba durmaga borçludyrlar. Ata-eneleri, çagany perzentlige alanlar, hossarlar (howandarlar) ýa-da olaryň biri bilen Türkmenistana gelen kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar olar bilen bir wagtda hasaba alynýar.

2. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak üçin aşakda görkezilenleriň biri esas bolup durýar:

1) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistana gelmegi;

2) dogulmagy bilen Türkmenistanyň raýatlygy berilmeýän daşary ýurt raýatynyň ýa-da beýleki şahsyň Türkmenistanyň çäginde dogulmagynyň bellige alynmagy;

3) Türkmenistanda bolýan şahs tarapyndan Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi.

3. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasapdan çykarmak üçin aşakda görkezilenleriň biri esas bolup durýar:

1) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanyň çäginden gitmegi;

2) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda aradan çykmagy;

3) Türkmenistanda bolan daşary ýurt raýatyny, raýatlygy bolmadyk adamy nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek ýa-da ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

4) Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi.

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak ýa-da hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak olaryň şahsy arzasy ýa-da olary Türkmenistanda kabul edýän ýuridik we fiziki şahslaryň, guramalaryň ýazmaça ýüztutmalary esasynda geçirilýär. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak, wizanyň ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti uzaldylandan soň amala aşyrylýar. Hasaba almagyň we onuň hereket ediş möhletini uzaltmagyň, şeýle hem hasapdan çykarmagyň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden girişi we çykyşy Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe bilen bellik etmek arkaly hasaba alynýar.

Şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, üç iş gününden köp möhlet bilen Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşaýan ýa-da bolýan ýerleri boýunça degişlilikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki müdirliklerinde, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki bölümlerinde (mundan beýläk — migrasiýa gullugynyň edaralary) hasaba durmalydyrlar.

Ýönekeýleşdirilen tertipde Türkmenistana gelеn daşary ýurt raýatlary diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda hasaba alynýar we olaryň bolmaly möhletleri hökümetara ylalaşyklary bilen kesgitlenilýär. Olar Türkmenistana gelen ýerindäki Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen gitmelidirler.

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolýan möhleti bäş günden geçmeýän bolsa (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär), diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda hasaba alynýar.

Döwlet derejesinde Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlaryna, sergi-ýarmarkalaryna, ylmy maslahatlara, festiwallara, şeýle hem sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine we beýleki çärelere gelen daşary ýurt raýatlary ýeňilleşdirilen tertipde hasaba alnyp bilner. Hasaba almagyň ýeňilleşdirilen tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Şu aşakdakylar, bolýan ýerlerinde hasaba durmakdan boşadylýar:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çakylyklary boýunça Türkmenistana gelеn daşary ýurt döwletleriniň, parlamentleriniň we hökümetleriniň baştutanlary, döwlet, parlament we hökümet wekiliýetleriniň agzalary, şeýle hem hökümetara we halkara guramalarynyň wekiliýetleriniň agzalary, şonuň ýaly-da şol wekiliýetleriň personaly we sanalyp geçilen adamlaryň maşgala agzalary;

2) bellenilen tertipde Türkmenistana gelen daşary ýurt harby deňiz (derýa) we howa gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar;

3) daşary ýurt harby däl deňiz (derýa) gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar Türkmenistanyň deňiz portlarynda we deňiz portlary bolan şäherlerinde bolýan mahaly;

4) halkara howa gatnawlarynyň raýat howa gämileriniň ekipažlarynyň, halkara demir ýol gatnawlarynyň otlularynyň brigadalarynyň düzümine girýän adamlar Türkmenistanyň howa we demir ýol menzillerinde we howa hem-de demir ýol menzilleri bolan şäherlerinde bolýan mahaly;

5) Türkmenistana üç iş güninden köp bolmadyk möhlet bilen gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar (olaryň myhmanhanada ýa-da myhmanhana hyzmatlaryny berýän beýleki guramada, şypahanada, dynç alyş merkezinde, pansionatda, kempingde, çagalar sagaldyş merkezinde, ýatymlaýyn şertlerde saglygy goraýyş hyzmatyny berýän saglygy goraýyş edarasynda ýa-da durmuş hyzmatlaryny berýän guramada bolýan ýagdaýlary muňa girmeýär.);

6) «Türkmenistanyň hormatly raýaty» diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary.

5. Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam hasaba alnanda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada maglumatlaryň toplanmagy, ýazyp bellenmegi, saklanmagy, umumylaşdyrylmagy hem-de ulanylmagy amala aşyrylýar. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba alýan fiziki we ýuridik şahslardan, beýleki guramalardan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada gowuşýan maglumatlar esasynda migrasiýa gullugynyň edaralary daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň döwlet maglumatlar ulgamyny (mundan beýläk — hasaba almak ulgamy) döredýär.

Hasaba almak ulgamynda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada saklanylýan maglumatlar rugsat çäklendirilen maglumatlar bolup durýar. Hasaba almak ulgamynyň işlemegini üpjün etmegiň, onuň bilen işlemegiň we ony ulanmagyň, ulgamda saklanylýan maglumatlara üýtgetmeler girizmegiň, görkezilen maglumatlara ygtyýar bermegiň, olary goramagyň we bermegiň tertibi, şeýle hem olary saklamagyň möhletleri Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

Migrasiýa edaralarynyň beýleki edaralar bilen bilelikdäki hasaba almak ulgamlaryndaky maglumatlarynyň alşylmagynyň we bu babatda hyzmatdaşlyk etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellenilýär.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada maglumatlaryň hasaba almak ulgamyna girizilmegi üçin, şu Kanun arkaly daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlary olaryň bolýan/ýaşaýan ýeri boýunça hasaba almaga hem-de hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmaga ygtyýarly edilen döwlet edaralary bellenilen görnüşdäki maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.

Myhmanhanalar ýa-da myhmanhana hyzmatlaryny berýän Türkmenistanyň beýleki guramalary, ýatymlaýyn şertlerde saglygy goraýyş hyzmatyny berýän saglygy goraýyş edaralary, administratiw temmi hem-de jenaýat jeza çärelerini ýerine ýetirýän edaralar daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň gelen senesi, bolmaly möhleti we gidýän senesi hakynda maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ibermäge borçludyrlar.

Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň dogluşyny, ölümini bellige alýan, adyň, familiýanyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini, doglan senesi ýa-da ýeri hakynda maglumatlara üýtgetmeleri döwlet tarapyndan hasaba alýan Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralary şol maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.

6. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alnandygy we hasapdan çykarylandygy hakyndaky maglumatlar ýaşalýan/bolunýan ýeri boýunça elektron aragatnaşyk serişdeleri arkaly migrasiýa gullugynyň edaralaryna berlip bilner.».

4. 13-nji maddada:

dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Halkara sport çärelerine akkreditasiýa şahadatnamalary boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alynmagynyň aýratynlyklary, şeýle hem halkara sport çärelerine gatnaşýanlara akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kesgitlenilýär.»;

41-nji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«42. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň myhmanhanada ýa-da myhmanhana hyzmatlaryny berýän başga guramada hasaba alynmagy olaryň bu guramada bolýan ýeri boýunça gelen güni amala aşyrylýar. Şunda, daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň ýanyna onuň hasaba alnandygy barada bellenen görnüşdäki resminama berilýär.».

5. 14-nji maddada:

üçünji bölegiň birinji tesiminde «iki ýyldan az» diýen sözleriň öňüne «soňky» diýen sözi goşmaly;

ýedinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Resmileşdirilen ýaşamak üçin ygtyýarnamany tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyklyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli barmak yzynyň üýtgemegi zerarly eýesine berlip bilinmedik halatynda, oňa ýaşamak üçin ygtyýarnama täzeden resmileşdirilende, resminamalaryň gaýtadan tabşyrylmagy we döwlet pajynyň tölenilmegi talap edilmeýär.».

6. 16-njy maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly täze bendi goşmaly:

«adamyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüz keşbi üýtgände.».

7. 17-nji maddada:

birinji bölekde:

13-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«aradan çyksa ýa-da ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girse;»;

şu mazmunly bendi goşmaly:

«14) babatda Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde raýatlygy bolmadyk adamynyň şahsyýetnamasy resmileşdirilse.»;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Şu maddanyň birinji böleginiň 12-nji, 13-nji we 14-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny ýatyrmak barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy tarapyndan çözgüt kabul edilýär.».

8. 29-njy maddada:

altynjy bölegiň üçünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Pasport bäş ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär.»;

onunjy bölegiň soňky tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Raýatyň pasporty ýatyrylanda onuň sahypalary deşilip, birinji sahypasyna «Ýatyryldy/Cancelled» möhürçesi basylýar. Pasport şu bölegiň birinji bendi boýunça ýatyrylanda eýesine gaýtarylyp berilýär, beýleki ýagdaýlarda bolsa Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan bellenen tertipde ýok edilýär.».

9. 30-njy maddanyň birinji böleginiň 9-njy bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«91) onuň gitmegi janyna we saglygyna howp salýan bolsa;».

10. 32-nji maddanyň ikinji böleginde «çakylyknamasy» diýen sözden soň «, raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça bilim edarasynda hasaba alnandygy barada güwänamasy» diýen sözleri goşmaly.

11. 42-nji maddanyň üçünji we dördünji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan kyrk bäş senenama gününden köp möhlete başga ýere wagtlaýyn giden raýatlar, şeýle hem başga şäherlerdäki okuw mekdepleriniň talyplary we okuwçylary okaýan döwründe öz bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmaga degişlidir. Zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen gelen raýatlary bolýan ýeri boýunça hasaba almak degişli migrasiýa gullugynyň edaralary, gelmeginiň maksady zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen bagly bolmadyk raýatlary hasaba almak degişli häkimlikler tarapyndan amala aşyrylýar.

Bolunýan ýer boýunça hasaba almak, munuň özi belli bir salgy boýunça ýaşaýyş jaýynda raýatyň wagtlaýyn ýaşaýandygyny resmileşdirmekdir.

4. Raýatlary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň we bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.».

II.Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabry.