Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 10904
I. 2008-nji ýylyň 20-nji awgustynda kabul edilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 3, 40-njy madda; 2010 ý., № 1, 20-nji madda; 2011 ý., № 3, 61-nji madda, № 4, 82-nji madda; 2012 ý., № 2, 53-nji madda, № 4, 119-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 1-nji maddada:

1-nji bendi güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli;

2-nji bentde «Blok» we «bloklaryň» diýen sözleri degişlilikde «Toplum» we «toplumlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji bentde «Agentligiň ýa-da» we «(korporasiýanyň)» diýen sözleri aýyrmaly;

7-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«7) Konsern - şu Kanuna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça ygtyýarlyklar berlen edara görnüşli tarap («Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernleri).»;

16-njy bentde «Agentlik we (ýa-da)» we «(korporasiýa)» diýen sözleri aýyrmaly;

26-njy bentde «Agentlik ýa-da» we «(korporasiýa)» diýen sözleri aýyrmaly.

2. II bölümiň adynda «Agentligiň we» we «(korporasiýanyň)» diýen sözleri aýyrmaly.

3. 6-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«6-njy madda. Konserniň hukuk ýagdaýynyň esaslary

Konserniň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.».

4. 8-nji maddany güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

5. 12-nji maddanyň ikinji böleginiň 5-nji bendinde «Bloklaryň» diýen sözi «Toplumlaryň» diýen söze çalşyrmaly.

6. 21-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, Roýalti we salgyt şertlerinde konsessiýa barada şertnama we Töwekgelçilikli Serwis hyzmatlary üçin şertnama Konsern bilen Potratçynyň arasynda baglaşylýar. Onda Potratçy hökmünde Konserniň edara görnüşli tarap bolup durýan kärhanasy ýa-da beýleki milli kompaniýa hem çykyş edip biler.

3. Konserniň edara görnüşli tarap bolup durýan kärhanasy ýa-da beýleki milli kompaniýa Bilelikde iş alyp barmak hakyndaky şertnama Potratçy hökmünde gatnaşyp bilýärler.».

7. 48-nji maddanyň ýedinji böleginiň 10-njy bendinde «Kömekçi potratçy» diýen sözleri «Potratçy» diýen söze çalşyrmaly.

8. 51-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«51-nji madda. Konserniň girdejisiniň çeşmeleri we salgyt salmak»

1. Şu aşakdakylar Konserniň Şertnama boýunça girdeji çeşmeleri bolup durýarlar:

1) gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň möçberinden ýa-da öndürilen önümiň gymmatyndan göterim gatnaşygynda bellenilýän we Potratçy tarapyndan pul görnüşinde, ýa-da şu Kanunyň 21-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen Şertnamalara laýyklykda Nebit işleri geçirilende Potratçy tarapyndan gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň bir bölegi görnüşinde tölenilýän Uglewodorod serişdeleriniň çykarylmagy üçin roýalti;

2) Şertnama gol çekilende, Senagat ähmiýetli ýatak täjirçilik taýdan açylanda, Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň Şertnamada kesgitlenilen belli bir derejesine ýetilende we Şertnamada göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda bir gezekleýin tölegler görnüşinde tölenýän bonuslar;

3) Konserniň önümi paýlaşmak hakyndaky Şertnamanyň (ylalaşygyň) çäklerinde önümi paýlaşmagyň netijesinde alýan girdejisi;

4) Konserniň Potratçy tarapyndan Nebit işleri geçirilende Şertnamalaryň başga görnüşleriniň çäklerinde alýan girdejileri;

5) şu Kanuna laýyklykda baglaşylýan beýleki şertnamalar boýunça, şeýle hem onuň işiniň netijesinde, şol sanda aktiwleri we maliýe serişdelerini goşup, öz gozgalýan we (ýa-da) gozgalmaýan emlägini dolandyrmak boýunça Konserniň alýan başga girdejileri.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen girdejileriň milli pulda gelip gowşan bölegi Türkmenistanyň Döwlet býujetine, daşary ýurt pulunda gelip gowşan bölegi bolsa - Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirilýär.

3. Konsern şu maddanyň birinji böleginiň 3-4-nji bentlerinde görkezilen girdejileriň möçberiniň 20 göterimini Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirýär.

Agzalan geçirimleri hasaplamagyň we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy we Konsern tarapyndan kesgitlenilýär.

Şu maddanyň birinji böleginiň 3-4-nji bentlerinde görkezilen, gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň bir bölegi görnüşinde Konsern tarapyndan alynýan girdejilerden Türkmenistanyň Döwlet býujetine agzalan geçirimleriň möçberiniň hasaplanmagy şol Uglewodorod serişdeleriniň ýerlenmeginden soňra (alyjy tarapyndan tölenen) alnan düşewündiň möçberinden amala aşyrylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen geçirimler tölenenden soň galan, Konserniň şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen girdejileri salgyt salynmaga degişli däldir we beýleki hökmany tölegleriň (ýygymlaryň we geçirimleriň) hasaplanmagy üçin töleg salnyş binýady däldir, Konserniň salgyt salynýan peýdasy kesgitlenende onuň jemi girdejisine goşulmaýar, Konserniň ygtyýarynda galýar hem-de onuň çözgütlerine laýyklykda özi tarapyndan özbaşdak ulanylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen geçirimler tölenenden soň galan, şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen girdejileriň daşary ýurt pulunda gelip gowşan bölegi Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda paýlanylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen geçirimler tölenenden soň galan, şu maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen girdejileriň milli pulda gelip gowşan bölegi Türkmenistanyň Döwlet býujetine, daşary ýurt pulunda gelip gowşan bölegi bolsa - Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirilýär.

Şu Kanunyň 54-nji maddasyna laýyklykda eýeçilik hukugy Potratçydan Konserne geçýän emläge Konserniň şu bölekde göz öňünde tutulan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirimler geçirilýän girdejisi hökmünde garalmaýar. Şeýle emlägiň bahasyna ýuridik şahslaryň alan peýdasyna (girdejisine) salynýan salgydy hasaplamagyň maksatlary üçin Konserniň girdejisi hökmünde garalmaýar. Şeýle emläk satylan mahalynda Kanunyň şu maddasynyň dördünji böleginiň düzgünleri ulanylýar.

4. Şu Kanunyň 48-nji maddasynda salgyt salmagyň Potratçy babatdaky bellenilen tertibi Konserne hem degişlidir.

Eýeçilik Potratçydan Konserne geçenden soň onuň emlägini peýdalanmak hukugynyň mugt berilmegine girdeji hökmünde garalmaýar. Aýyrmalar hökmünde şeýle emläk ýerlenilende Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda kesgitlenýän onuň balans gymmaty nazara alynýar.

5. Konsern şu maddada görkezilen girdejiler boýunça aýratyn maliýe-ykdysady hasabatyny alyp barýar.».

9. Kanunyň ýazgysynda «Agentlik», «Agentligiň», «Agentlige», «Agentlikden», «Agentligi», «Agentlikde» diýen sözleri degişlilikde «Konsern», «Konserniň», «Konserne», «Konsernden», «Konserni», «Konsernde» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanunyň düzgünleri 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndan soň ýüze çykan degişli hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýar.

III. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabry.