I. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 79-njy madda; 2013 ý., № 2, 46-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
1. 3-nji madda şu mazmunly täze altynjy bölegi goşmaly:
«6. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň wezipe sanawyny we zähmet haky goruny Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanan düzüminiň we kesgitlenen işgär sanynyň çäklerinde, şeýle hem harby gullukda durmaýan işgärleriniň wezipe sanawyny we zähmet haky goruny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenilen kadalaşdyryjy ölçegnamalaryna laýyklykda hyzmat etmegiň kadalaryndan ugur alyp, Döwlet býujetinde şol ýyl üçin bölünip berlen serişdeleriň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşylan zähmet haklarynyň çyzgydyna laýyklykda tassyklaýar.».
2. 20-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«Migrasiýa gullugyna borçnama boýunça harby gulluga Türkmenistanyň raýatlary «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabry.