Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenlerini Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen II Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy. Tapawutlanan ildeşlerimizi sylaglamak dabarasy Saglyk ýolunda geçirildi. Şol ýerde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleriniň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guraldy.
Paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň ajaýyp gerişlerinden geçýän bu dag ýolunyň başlanýan ýerinde irden köp sanly sport çäresine gatnaşyjylar ýygnandylar. Bu çäre milli Liderimiziň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň dabaralanýanlygyny alamatlandyrýar. Bedenterbiýäni hem-de sporty höweslendirmek we ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýygnananlaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi bar.
Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtly myhmanlar — Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanan hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak mynasybetli geçirilýän sport media forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen degişli halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Ýygnananlaryň ählisi hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Sagdyn we işjeň durmuşyň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyz bu babatda türkmenistanlylara ajaýyp görelde görkezýär, hemmeleri, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýe-sport hereketi kuwwatly ösüşe hem-de giň gerime eýe boldy.
Ýurdumyzda “Bedenterbiýe we sport hakyndaky” Kanun hem-de degişli möhüm maksatnamalar kabul edildi, döwrebap sport desgalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň onlarçasy guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär, öňden hereket edip gelýän şeýle desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar, türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, mahlasy, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy we dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen birlikde, mekdep ýaşyna çenli edaralaryň, umumybilim berýän orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalary düzülende we gurlanda, zerur sport düzüminiň bolmagy hökmany talapdyr. Her ýyl ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly oýunlar hem-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda däp bolan biraýlyk geçirilýär. Bu çäreler onlarça müň adamy — dürli ýaşdaky we kärdäki ildeşlerimizi birleşdirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky öňdengörüjilikli strategiýasy sport döwleti hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda üstünlikli çykyş etmegi munuň ajaýyp miwesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm şertidir.
Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýär hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Şunuň netijesinde häzirki wagtda türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar, eziz Watanymyz iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär.
Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiziň halkara sport hereketini ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň giň ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem aýratyn bellenildi. Myhman paýtagtymyzdaky täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna hem-de öňümizdäki Aziada — 2017 mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Türkmen paýtagtynyň täze döwrebap howa menziliniň bu oýunlaryň başlanmagyna bir ýyl galanda ulanylmaga berilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Häzirki wagtda bu ýaryşlara taýýarlyk görmek işleri güýçli depginde dowam etdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Aziada — 2017-niň ýaryşlary Aşgabatda gurulýan, iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýän köpugurly sport toplumynyň — Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda geçiriler. Sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek bu oýunlaryň olaryň taryhynda iň giň möçberlisi boljakdygy bellärliklidir. Ilkinji gezek bu ýaryşlara Okeaniýa ýurtlaryndan türgenler gatnaşar.
Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň birnäçesi eýýäm hereket edýär, Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralýan halkara synag ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda ýetginjekleriň arasynda geçen hepdede badalga alan tennis ýaryşy dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa ýeňil atletika boýunça bäsleşikler başlanar.
Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sportuň şu görnüşleri türkmen halkynyň baý mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň girizilmegi bellärliklidir.
Häzirki wagtda türkmen pälwanlary şöhratly ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini mynasyp dowam etdirmek bilen, sportuň bu görnüşinde hem-de guşakly göreşiň we söweş sungatynyň beýleki görnüşlerinde uly ussatlyklaryny görkezýärler. Türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarda, şol sanda geçen aýda Gyrgyzystanda, Yssyk-kölüň kenarynda geçirilen II Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýaryşlara dünýäniň 62 ýurdundan türgenleriň 1 müňe golaýy gatnaşdy.
Sportuň milli görnüşleri boýunça geçirilen bu giň möçberli ýaryşlarda ildeşlerimiz göreşiň dört görnüşi — türkmen milli göreşi, guşakly alyş göreşi, gazak we gyrgyz göreşi boýunça 23 medala — 15 altyn, 2 kümüş we 6 bürünç medallara mynasyp boldular. Altyn medallara mynasyp bolanlaryň hatarynda Rejepaly Orazalyýew, Zuhra Madraimowa, Gülnar Haýytbaýewa, Rano Uzakowa, Medet Hallygurbanow, Nasiba Surkiýewa, Şatlyk Jumanazarow, Hangeldi Allakow, Gylyç Jumaýew we Jepbar Atamämmedow bar. Rano Uzakowa we Laçyn Badaglyýewa kümüş medaly eýelemegi başardylar. Batyr Gurbanýazow, Ylýas Momunow, Maksuda Egemberdyýewa, Serdar Jorakulyýew, Medet Hallygurbanow we Guwanç Ýagmurow bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu iri sport ýaryşynda çykyşy hem uly üstünlige eýe boldy. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden uzakda hem meşhurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriniň hem-de sirk sungaty festiwallarynyň ençemesiniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Halkara Gran-pri baýraklaryna ençeme gezek mynasyp bolan bu topar häzirki wagtda daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe boldy. Çolpon-Atada ajaýyp ahalteke bedewleri hem-de türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygy hemmeleri haýran galdyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, meşhur behişdi bedewler — türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlar Aziada — 2017-niň özboluşly nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda deňi-taýy bolmadyk 500 günlük atly ýöriş dowam edýär. Ol 5-nji maýda “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň gadymy galasynyň diwarlarynyň öňünde badalga alyp, V Aziýa oýunlarynyň açyljak gününde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar.
...Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanyp, dabaranyň başlanandygyny habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara, özygtyýarly Watanymyzyň buýsanjy bolan ýaşlara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtady. Ata Watanymyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Bu üstünliklerde merdana ýaşlarymyzyň uly goşandy bar.
Ýaşlar eziz Diýarymyzyň geljegidir, ertirki günümiziň eýeleridir, ata Watanymyzyň daýanjydyr we güýç-kuwwatydyr, halkymyzyň buýsanjydyr hem-de arzuw-umytlarydyr. Milli Liderimiz ýaşlara bolan ynamyň uludygyny aýratyn nygtady. Biz ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy we sagdyn bedenli watançy adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli tagallalary edýäris. Şeýle bolansoň, Garaşsyz döwletimizde bedenterbiýä we sporta hem örän uly üns berýäris — diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar Watanymyzda sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň, yzygiderli berkidilýändigini, ýaş nesilleri bedenterbiýä we sporta çekmek üçin giň gerimli işleriň geçirilýändigini, ýokary derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu ugurda amala aşyrýan işleriň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sportuň we sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de bagtyýarlygyň hakyky mekanyna öwrülýär.
Soňra milli Liderimiz geljek ýylyň güýzünde ak şäherimiz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belledi. Sportuň 21 görnüşini öz içine alýan bu oýunlara Aziýanyň we Okeaniýanyň 62 döwletinden türgenler gatnaşar. Döwlet Baştutanymyz munuň Bitarap Watanymyz üçin örän uly abraýdygyny, mähriban halkymyz üçin belent mertebedigini nygtady.
Häzirki döwürde V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu oýunlaryň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda örän uly sport baýramçylygyna öwrüljekdigini aýtdy. Aziada — 2017-ni ýokary derejede geçirmek üçin gözel paýtagtymyz Aşgabatda bahasy 5 milliard amerikan dollary bolan Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Häzirki döwürde iň öňdebaryjy tehnologiýalar we binagärlik tejribesi ulanylyp bina edilýän bu sport şäherjiginiň gurluşygynyň soňky tapgyry alnyp barylýar.
Milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginiň Halkara olimpiýa komitetiniň ähli talaplaryna doly laýyklykda enjamlaşdyrylan döwrebap desgalaryň 30-a golaýyny öz içine alýandygyny belledi. Bu desgalarda türgenlere sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, türkmen türgenleriniň V Aziýa oýunlarynda ýokary netijeleri gazanyp, ata Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu günler ýurdumyzda Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanan we 2017-nji ýylda boljak V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak boýunça sport media forumynyň geçirilýändigini belledi. Bu çärä 29 ýurtdan 82 žurnalist gatnaşýar.
Oýunlaryň çäklerinde geçiriljek ýaryşlary alyp görkezmek we dünýä giňden ýaýmak üçin Olimpiýa şäherjiginde ähli şertler döredildi. Häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen Metbugat merkezi we her toplumda metbugat wekillerine niýetlenen ýörite binalar guruldy.
Mundan başga-da, media foruma gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerimiz, sporty ösdürmek boýunça alyp barýan tutumly işlerimiz bilen giňden tanşyp bilerler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de metbugat wekilleriniň V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede mahabatlandyrmakda we dünýä ýaýmakda uly işjeňlik görkezjekdiklerine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýakynda ýurdumyzyň durmuşynda ýene-de bir şatlykly wakanyň bolandygyna ünsi çekdi. Sentýabr aýynyň başynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlary geçirildi. Bu oýunlara türkmen türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenlerimiziň gazanan bu ajaýyp üstünliginiň Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak wakadygyny nygtady. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Ýaşyl tugunyň Ýer ýüzüniň islendik künjeginde belende göterilmegi her bir türkmeniň ýüregini tolgundyrýan we buýsandyrýan pursatdyr.
Milli Liderimiz Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda gowy netijeleri gazanyp, ata Watanymyzyň sport abraýyny ýene-de bir gez beýgelden ussat türgenlerimizi we tälimçilerimizi, dabara gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy bu ajaýyp ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlap, şu tolgundyryjy pursatlarda Çarwadarlaryň oýunlarynda öz gujur-gaýraty we başarnygy bilen ýokary netijeleri gazanyp, Garaşsyz döwletimiziň ýaşyl tuguny belentde parladan ussat türgenlerimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ildeşlerimiz halkara ýaryşda gazanan ajaýyp ýeňşi bilen merdana halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýdylar, ata Watanymyz — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny arşa göterdiler. Hormatly Prezidentimiz türgenleri gazanan ajaýyp ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olaryň ählisine berk jan saglyk, uzak ömür, sport äleminde has uly üstünlikleri, mundan hem belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer dabaraly ýagdaýda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna pul baýragyny gowşurmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda baýrakly orunlara eýe bolan türgenlere sowgatlary bermek hakyndaky Buýrugy okaýar.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna ABŞ-nyň 30 müň dollar möçberindäki pul baýragyny, tapawutlanan türgenlerimize bolsa täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň adyndan onuň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew milli Liderimize berýän goldawy hem-de at üstündäki oýunlar sungatyny ele almak, halkara derejedäki çykyşlara üstünlikli taýýarlyk görmek babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda behişdi bedewlere uly sarpa goýýan, ussat çapyksuwar hem-de atçylyk sportuny işjeň wagyz edýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda meşhur ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen çapyksuwarlarynyň bütin dünýäde abraýynyň we şan-şöhratynyň barha artýandygy nygtaldy.
Türkmen türgenleriniň adyndan çykyş eden G.Jumaýew we Z.Madraimowa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu oýunlara gatnaşmaga döreden mümkinçiligi, gazanan üstünliklerine beren ýokary bahasy, sport bilen meşgullanmak we ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ýurdumyzda zerur şertleriň döredilmegi barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ýurdumyzyň türgenleriniň Çolpon-Atada geçirilen ýaryşlarda gazanan üstünligi Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça gurlan, döwrebap, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlarynda geçirilen yzygiderli türgenleşikleriň netijesidir. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň elinden sylaglary almagyň özleri üçin uly hormat-sarpadygyny nygtap, türkmen türgenleriniň eziz Watanymyzyň halkara sport giňişliginde abraýyny has-da artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Sylaglary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz ýokary netijeleri görkezen türgenleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap we olaryň ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirip, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende göterjekdigine ynam bildirip, Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykmak dabarasyna badalga berdi.
Çärä gatnaşyjylar ruhubelentlik ýagdaýynda dag ýoly bilen ýokaryk ýöräp ugradylar. Şol ýerden ýerli tebigatyň hem-de ak mermerli Aşgabadyň täsin ajaýyp görnüşi açylýar. Indi köp ýyllaryň dowamynda Saglyk ýoly iri sport-medeni çäreleriniň geçirilýän ýeri hem-de aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin iň gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp we hemmelere bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmakda üstünlikler arzuw edip, bu ýerden welosipedde ugrady. Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen bilelikde gün-günden ajaýyp keşbe eýe bolýan türkmen paýtagtynyň günorta bölegi boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyzy sport media forumyna gatnaşyjylar — Türkmenistana gelen daşary ýurtly žurnalistler, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýurdumyzda işleýän wekilleri hem-de olaryň türkmen kärdeşleri mähirli mübäreklediler. Olar bu iri çäräniň geçirilýän ýerine ajaýyp döwrebap awtobuslarda ugradylar. Aşgabadyň gözel ýerlerine syn etmäge ajaýyp mümkinçilik alan media foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sport ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi, žurnalistleriň we işewür toparlaryň netijeli işlemegi üçin ajaýyp şertleri döredendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de türkmen türgenlerini gazanan üstünlikleri bilen gutladylar.
...Şu ýerden, Arçabil şaýolundan Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlere hem-de täsin binalary özünde jemleýän ak mermerli türkmen paýtagtyna ajaýyp görnüş açylýar.
Hormatly Prezidentimiz özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin hemişe wagt tapýar. Milli Liderimize bu endik ýetginjeklik döwründen mahsusdyr. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ajaýyp türgen hem bolup durýar. Milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanyp, özüniň sport ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň şahsy göreldesi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sporty barha meşhurlyga eýe bolýar. 2013-nji ýylda döwlet Baştutanymyz ýörite Karara gol çekip, ýurdumyzyň welosiped sportuny höweslendirmäge we ösdürmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga, ilaty sportuň şu görnüşi boýunça meşgullanmaga giňden çekmäge gönükdirilen degişli maksatnamany tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanan ýaş türkmenistanlylar, ähli ildeşlerimiz ýaly, milli Liderimiziň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek baradaky başlangyçlaryny gyzgyn goldaýarlar.
Şu ýylyň aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň çäklerinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda nobatdaky köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Bu çäre müňlerçe adamy birleşdirdi. Türkmenistanda ýaşlygyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň arasynda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň raýatlary welosipedi uly höwes bilen özleşdirip, sport bilen meşgullanmak we saglyga peýdaly gezelençleri amala aşyrmak üçin, şeýle hem amatly we ekologiýa taýdan oňaýly ulag görnüşi hökmünde onuň artykmaçlyklaryna mynasyp baha berýärler. Saglyk üçin örän peýdaly bolmakdan başga-da, welosipedli gezelençler uly kanagatlanma duýgusyny döredýär hem-de daşky gurşaw, tebigatyň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Welosiped sportunyň Aziada — 2017-niň maksatnamasyna hem girizilendigi bellärliklidir. Sportuň bu gyzykly görnüşi boýunça ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynyň birinde — ajaýyp üsti ýapyk welotrekde geçiriler. Onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri 6 müň orunlykdyr. Desganyň welosiped ýodajygy (trek) ähli görkezijiler babatda halkara standartlaryna hem-de şeýle desgalara bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň we sagdynlygyň bir bitewi düşünjedigini belledi. Güýç-gaýratyň, gözelligiň we sazlaşygyň aýdyň beýany bolan sport adamyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsanyň saglygyna hem-de özüni duýşuna oňyn täsir edip, maksada okgunlylyk hem-de zähmetsöýerlik ýaly duýgulary terbiýeleýär, döredijilik kuwwatyny artdyrýar, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmäge ýardam edýär.
2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlary hem Türkmenistanda sportuň meşhurlygyny we abraýyny has-da artdyrmaga, ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli çärä öwrülip, halkara sport hereketini ösdürmek işine hyzmat eder. Sport hereketi bolsa ählumumy parahatçylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmagyň, döwletleriň we halklarynyň arasyndaky dostluk, doganlyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şertidir.
Welosipedli gezelenç tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen hoşlaşdy we hemmelere işinde hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.