Gadyrly myhmanlar!
Eziz ildeşler!
Sizi berkarar Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilmegi däbe öwrülen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XI halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu halkara sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halky şöhratly taryhy, edebi mirasy, sungatda, ylym-bilimde ýeten belent derejesi, çeper edebiýaty bilen dünýäde öçmejek yz goýupdyr. Onuň şeýledigine soňky ýyllarda halkymyza ýetirilen milli mirasymyzyň dürdäneleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Ata-babalarymyz milli gymmatlyklarymyz bilen birlikde kitap neşir etmegiň ajaýyp ýörelgelerini hem miras goýupdyr. Taryhda öçmejek yz goýan türkmen halky kagyz oýlanylyp tapylýança çap etmegiň gowaklarda, gaýalaryň ýüzüne şekiller görnüşinde ýazmak ýaly döwürlerini geçipdir. Onuň şeýledigine ýurdumyzyň çäginde geçirilen dürli gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Şeýle ýazuw ýadygärlikleri Marguşdan, gadymy Nusaýdan we ýurdumyzyň başga-da köp künjeklerinden tapyldy. Bu bolsa halkymyzyň ähli döwürlerde hem söze, kitaba aýratyn sarpa goýýandygyny aýdyň görkezýär.
Hormatly adamlar!
Adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemlän kitap durmuşyň aýnasy, taryhyň beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanýar. Durmuşa düşünjeli çemeleşmekde, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde we halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ylmy nukdaýnazar esasynda ösüşleri gazanmakda metbugatyň, kitabyň täsiriniň uludygy düşnüklidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda neşirýat-çaphana ulgamy yzygiderli ösdürilýär.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 2015-nji ýylda ulanmaga berlen Metbugat öýi toplumy we onda öndürilýän önümler neşirýat-çaphana ulgamyndaky ösüşleriň aýdyň mysalydyr. Biz bu ulgama köp möçberde maýa goýumlary gönükdirip, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrdyk we olardan oňat baş çykarýan milli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berýäris. Bu toplumda ulgamyň işgärleri üçin ähli amatly şertler döredildi.
Neşirýat-çaphana ugrundan milli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, biz 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär mekdebini döretdik.
Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda adamlaryň ruhy taýdan kämilleşmegine, jemgyýetiň, döwletiň ösmegine, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giňden dabaralandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýän kitaplary hem-de beýleki neşir önümlerini taýýarlamak we çap etmek neşirýat-çaphana işgärleriniň öňünde möhüm wezipe bolup durýar. Olar ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, oba hojalygy, senagat, ulag we aragatnaşyk hem-de beýleki pudaklarynyň işgärleri, döredijilik adamlary bilen ysnyşykly işleşip, çeper bezelen, ýokary hilli, çuň many-mazmunly ajaýyp eserleri we beýleki neşir önümlerini çap edip, halkymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmalydyrlar. Syýasatda, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolup geçýän täzelikleri, dünýä habarlaryny halk köpçüligine takyk we öz wagtynda ýetirmegi başarmalydyrlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çap edilýän kitaplar, gazet-žurnallar we beýleki neşir önümleri neşirýat ulgamynyň ýeten derejesini görkezmelidir.
Hormatly neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!
Ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň çeper bezegli, dürli reňkler bilen ýokary hilli çap edilmegi, okuw kitaplarynyň, ylmy işleriň, halk döredijiliginiň, nusgawy we häzirki zaman edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň ýokary hilli neşir edilmegi neşirýatçylaryň ýadawsyz zähmetiniň we çaphana işgärleriniň ussatlygynyň netijesidir.
«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XI halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty milli neşir önümlerimiziň aýratynlyklaryny dünýä ýaýmaga, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga ýardam eder. Sergi-ýarmarkada dünýäniň çar künjeginden gelen myhmanlara ýurdumyzda çykarylýan kitaplary we beýleki neşir önümlerini synlamaga, täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşmaga, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga, döredijilik hem-de önümçilik tejribesini alyşmaga giň mümkinçilik dörediler.
Hormatly halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Sizi dostlugyň we hoşniýetliligiň mekanyna öwrülen ýurdumyzda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XI halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow