Ï Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 886
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakaony kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllyk şöhratly senesi bilen gutlap, türkmenistanlylara parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, özbaşdak ösüşiniň ýyllary içinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiniň belent sepgitlerine ýetdi, onuň halkara abraýy artdy, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan alyp barýan içeri we daşary syýasaty doly goldawa eýe boldy.

Jenap Takehiko Nakao sebitiň iri maliýe düzüminiň depginli ösýän Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan meýli barada aýdyp, ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan, dünýäde özüni jogapkär we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanadan ýurdumyz bilen işewür aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň uly geljegini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyna mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, bilelikde üstünlikli işlemegiň tejribesi toplanan bu abraýly maliýe guramasy bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar yzygiderli ykdysady ösüşiň ähmiýetli ýagdaýlarynyň biridir.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar, häzir durmuşa geçirilýän hem-de geljege niýetlenen milli we halkara ähmiýetli wajyp taslamalar babatda netijeli özara hereketleri mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiz Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Tranzaksion Geňeşçisi hökmünde çykyş edýändigini kanagatlanma bilen nygtap, bankyň prezidentine hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşmeleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk we “açyk gapylar” syýasatyny diňe bir goňşy ýurtlar babatda däl, eýsem-de, sebitiň döwletleriniň we bütin adamzadyň bähbitlerine işjeň durmuşa geçirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu babatda Türkmenistanyň Owganystanda durnukly ösüşi üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigi nygtaldy. Türkmenistan bu ýurtda bar bolan meseleleriň diňe parahatçylykly çözülmegi hem-de uzak möhletli geljege niýetlenen täze ykdysady taslamalary herekete getirmek ugrunda çykyş edýär. Döwletimiz doganlyk owgan halkyna kömek bermek üçin mundan beýläk-de tagalla etmäge hem-de bu meseleler boýunça iri halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen işjeň özara hereket etmäge meýillidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Öz gezeginde, jenap Takehiko Nakao wekilçilik edýän bankynyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny we netijeli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny hem-de olary durmuşa geçirmek işine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman türkmen Lideriniň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň Merkezi Aziýa sebitindäki umumysyýasy ýagdaýlara oňyn täsir edýändigini belledi. Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň abadan durmuşy gurmakda Owganystana hakyky kömek we goldaw berýändigini kanagatlanma bilen nygtap, energiýa serişdelerini we elektroenergiýany ibermek, täze ulag geçelgelerini çekmek we olary sebitiň ulgamyna goşmak we beýlekiler ýaly strategik ugurlarda yzygiderli durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajypdygyny belledi.

Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň üstünde bilelikdäki üstünlikli işler diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, umuman, sebitiň döwletleriniň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir eder. Çaklamalara görä, bu taslama üstünlikli amala aşyrylanda Owganystanyň görjek ägirt uly ykdysady bähbidinde, ol ýerde 12 müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu gün TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäklerindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen ylalaşyk baglaşmak hakynda Karara gol çekilendigini belledi.

Bu transmilli gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasynyň Tranzaksion Geňeşçisi hökmünde Aziýanyň ösüş banky bu täzeligi goldaýar diýip, myhman aýtdy hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryna mundan beýläk-de maliýe taýdan goldaw bermäge meýillidigini nygtap, olaryň sebitiň döwletleri üçin ykdysady taýdan bähbitli bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli teklipleriniň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine degip geçip, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de tutuş Ýewraziýa yklymyny ösdürmek üçin oňaýly şertleri üpjün etjekdigini nygtady. Şu ugurda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň geljegi örän uly görünýär diýip, myhman aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Aziýanyň ösüş bankynyň prezidentini durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriler.

Elektroenergetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz elektroenergiýany Owganystana ýeňillikli şertlerde iberip, ýurdumyzyň geljekde onuň möçberlerini artdyrmagy meýilleşdirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli berkidilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň Aziýanyň ösüş banky tarapyndan hödürlenjek hyzmatdaşlyk baradaky täze teklipleri öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakao ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.