Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy noýabrynda çykaran 14471-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.