Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, işden soň — agşamara ahalteke bedewleriniň saklanylýan ýerine — atçylyk sport toplumyna baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy.
Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgeleri şu ýyl Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.
Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan, olaryň hüý-häsiýetine belet döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmak we atly gezelenç etmek bilen meşgullanmaga wagt tapyp, bu ýörelgäni yzygiderli dowam edýär. Ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap okgunly hereketi ýelden ýüwrük bedewleriň okgunly badyna meňzedilýär.
Milli Liderimiz özüniň ahalteke bedewlerine bagyşlan eserlerinde milli atşynaslyk ýörelgesiniň rowaçlanýandygyny, ýurdumyzda bu pudagyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini, şunlukda, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny belleýär. Türkmen halkynyň asylly atşynaslyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlere goşulmagy, milli atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.
...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewler bilen didarlaşyp, Miras atly bedewde çapuw ýodasyna çykyp, birsellem gezim etdi. Döwlet Baştutanymyz çapuw ýodasynda bedewi öz erkine goýberdi. Milli Liderimiziň ajaýyp bedewi çapyp barýan pursatlary häzirki döwürde täze belentliklere gadam urýan halkymyzyň beýik ýeňişlere bolan hyjuwynyň aýdyň alamaty hökmünde aýratyn many-mazmuna eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ahalteke bedewlerine gadyr goýmak ýaly gadymy milli ýörelgeleriniň dikeldilmegine, ahalteke bedewleriniň we türkmen atşynaslarynyň, çapyksuwarlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende göterilmegine gönükdirilen syýasaty oňyn netije berýär. Ýurdumyzyň atçylyk sporty boýunça çykyş edýän çapyksuwarlary halkara bäsleşiklerde we ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanýarlar.
Milli we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewler gözelligi, çeýeligi, wepalylygy hem-de ösen aňy bilen asyrlaryň dowamynda şahyrlar, suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Çünki şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä beren milli gymmatlygy dünýäniň belli alymlarynyň, atşynaslarynyň ünsüni özüne çekýär.
Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolsa arassa ganly atlaryň baş sanynyň artdyrylmagy, bedewler, seýisler, çapyksuwarlar we atşynaslar üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, milli atçylyk sportunyň halkara derejedäki abraýynyň ýokary göterilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň atçylyk sporty boýunça çykyş edýän çapyksuwarlary, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, yzygiderli ýeňiş gazanýarlar we türkmen Tuguny al-asmanda pasyrdadýarlar.
Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk toplumyna gelip, ajaýyp bedewler bilen didarlaşmagyny öz milli Lideriniň baştutanlygynda täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan türkmen halkynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ruhy dessurlarynyň we nurana arzuwlarynyň dabaralanmasy diýip atlandyrsa bolar. Çünki ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklaryny, döwrüň döredijilikli ruhy göterilişini özünde jemleýär.