Ï Halkara kitap forumy işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara kitap forumy işini tamamlady

view-icon 676
Paýtagtymyzda çäklerinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahat geçirilen XI halkara kitap-ýarmarkasy işini tamamlady.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan her ýyl guralýan däp bolan sergä Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Pakistandan, Albaniýadan, Polşadan, Ukrainadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we beýlekilerden, dünýäniň jemi19 ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Wekiliýetleriň düzüminde ýazyjylar, şahyrlar we terjimeçiler, suratkeşler, žurnalistler, daşary ýurtlaryň iri neşirýatlarynyň wekilleri bar.


Owadan bezelen köp sanly diwarlyklarda çagalar çeper edebiýatynyň, okuw, ylmy-populýar, maglumat-ensiklopedik edebiýatlaryň, milli nusgawy edebiýatyň we dünýä edebiýatynyň ajaýyp neşirleriniň iň oňat nusgalary, sport baradaky ýörite neşirler giňden görkezildi. Myhmanlar hem-de sergä gelenler neşirýat, poligrafiýa we kitaphana işiniň gazananlary, täze tehnologiýalar we media önümleri bilen tanyşdylar.

“Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahatyň barşynda kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde neşirýat işiniň hünärmenlerini taýýarlamak we poligrafiýa tehnologiýalary, terjimeçilik işi, kitaphana ulgamynda özara hereket etmek hem-de döredijilik alyşmalary babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.


Forumyň barşynda depginli durmuş-ykdysady we ylmy-medeni ösüşler eýýamyna gadam goýan hem-de halkymyzyň köpasyrlyk däplerine ygrarlylygyny saklaýan ýurt bolan häzirki zaman Türkmenistany dünýä açýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan işleri köp sanly myhmanlaryň we gatnaşyjylaryň dykgatyna hödürlendi.

Kitap forumy ajaýyp döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary bilen oňa gatnaşyjylaryň ýadynda galdy. “Tegelek stollar” we çekişmeler, täze neşirleriň tanyşdyrylyşy geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtly suratkeşleriň işleri aýratyn gyzyklanma döretdi. Şol işler neşirlere aýratyn öwüşgin çaýýar.

Myhmanlar her ýylda ýüzlerçe täze neşirler çap edilýän ýurdumyzda kitap işiniň okgunly ösüş depginlerine anyk baha berip bildiler. Häzirki wagtda bu senagat iň häzirki zaman neşirýat tehnologiýalaryny peýdalanyp, milli mirasy gorap saklamaga we artdyrmaga, adam mümkinçiliklerini we ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn işlere uly goşant goşýar.


Forumyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda neşirýatçylaryň we awtorlaryň, dünýäniň dürli ýurtlarynyň çaphana senagatynyň wekilleriniň arasyndaky işewür hem-de medeni aragatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrülen bu wekilçilikli kitap forumynyň ýokary derejede guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirilýär.