Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşiniň ýokary depginleri, köpsanly iri möçberli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlar boýunça düýpli özgertmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň dünýäniň batly depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrülip barýandygyna güwä geçýär. Garaşsyzlygyň şöhratly 25 ýyllyk senesini bellemäge taýýarlanýan ýurdumyzyň döwlet syýasatynda milletimiziň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine, özboluşly türkmen medeniýetini aýawly saklamaga, jemgyýetimizde belent ynsanperwer we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi. Duşuşygyň barşynda myhman ýurdumyz bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Tranzaksion geňeşçisi bolan AÖB-niň netijeli hyzmatdaşlygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, bu taslama üstünlikli amala aşyrylanda Owganystanda 12 müňden gowrak täze iş orunlary dörär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen ylalaşyk baglaşmak hakynda Karara gol çekilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepde geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hem-de Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hususanda, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 26-27-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek 12-nji mejlisine taýýarlygyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. 28 — 30-njy sentýabrda «Türkmentel — 2016» atly halkara sergisini hem-de «Türkmenistan we dünýä maglumat telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahata taýýarlyk barada hasabat aýdyldy.
Gün tertibiniň beýleki meseleleriniň arasynda milli kanunçylygy Türkmenistanyň täze rejelenen Konstitusiýasynyň düzgünlerine hem-de halkara kadalara we ölçeglerine laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak, paýtagtymyzyň ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek bar. Oktýabr aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni çäreleriň meýilnamasy, şeýle hem beýleki milli hem-de halkara şanly seneler barada, olara gabatlanyp ulanylmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalar barada habar berildi.
Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary özlerine ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy we geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu kararyň esasy maksady dürli maksatly täze desgalaryň gurluşygyna we ozaldan bar bolan binalary we desgalary abatlamaga gönükdirilýän maýa goýumlaryny netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.
Nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky meseleleri üstünlikli çözmek üçin kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, bu pudagyň önümlerini daşary ýurtlara satmak boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2017-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň demir ýol pudagyny ösdürmegiň we özgertmegiň maksatnamasynyň taslamasyna garady.
Mejlise çagyrylan Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň prezidenti Mohammad Kasym ýolbaşçylyk edýän guramasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy milli sport hereketini ösdürmäge we sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin ýokary derejeli Altyn medal bilen sylaglamak hakynda karar kabul edendigini habar berdi. Jenap Mohammad Kasymyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Baştutany ilkinji bolup şeýle ýokary sylaga mynasyp bolýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň üstünlikleriniň halkara sport hereketinde ykrar edilmegine güwä geçýän hormatly sylag üçin minnetdarlyk bildirip, parahatçylygyň ilçisi bolan sportuň dürli ýurtlarda we yklymlarda ýaşaýan halklary birleşdirmäge ukyplydygyny belledi. Bu sylag her bir türkmen türgeniniň, tälimçisiniň we tutuş sportuň üstünliklerini ykrar etmegiň nyşanydyr. Şeýle ýokary baha biz üçin uly buýsançdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Sport ugry, Aziada — 2017-ni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk geçen hepdäniň wakalarynyň köpüsinde beýanyny tapdy. Saglyk ýolunda türkmen türgenlerini — Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen II Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary hem-de sportuň milli görnüşleri boýunça geçirilen bu iri ýaryşlarda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny sylaglamak dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz türgenlere sylaglary gowşuryp, ýaşlara bolan ynamyň uludygyny aýratyn nygtady. «Biz ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy we sagdyn bedenli watançy adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli tagallalary edýäris. Şeýle bolansoň Garaşsyz döwletimizde bedenterbiýä we sporta hem örän uly üns berýäris» diýip belledi.
Soňra milli Liderimiz egindeşleri bilen barha gözelleşýän türkmen paýtagtynyň günorta bölegi boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Hormatly Prezidentimiz işiniň juda köplügine garamazdan, sport bilen meşgullanmaga wagt tapyp, işden soň atçylyk sport toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşyp, birsellem atly gezim etdi.
Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan, olaryň hüý-häsiýetine belet milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ahalteke bedewlerine bagyşlan eserlerinde milli atşynaslyk ýörelgeleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň esasynda atçylyk sporty işjeň ösdürilýär, onuň halkara atçylyk sporty ulgamyna goşulyşmagy üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Türkmen halkynyň milli buýsanjy — meşhur ahalteke atlary Aziada —2017-niň nyşanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda 500 günlük deňi-taýy bolmadyk atly ýöriş dowam edýär. «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň gadymy diwarlarynyň alkymynda badalga berlen bu atly ýöriş paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň baş binasynda V Aziýa oýunlarynyň başlanýan güni pellehana geler.
Türkmen Lideriniň atçylyk pudagynyň işgärleri, gadymdan gelýän ahalteke atçylyk däplerini aýawly saklamak hem-de dowam etmek barada edýän ýadawsyz aladalaryna Sport žurnalistleriniň gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmaga bagyşlanyp, geçen hepde Aşgabatda geçirilen media foruma gatnaşyjylar hem ýokary baha berdiler. Myhmanlar medeni maksatnamanyň çäklerinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara atçylyk sport toplumyna hem-de onuň ýanynda ýerleşýän atçylyk sport toplumynyň hünärmenleriniň we olaryň maşgalalarynyň önjeýli işlemegi we ýaşaýşy üçin ähli şertler göz öňünde tutulan Aba Annaýew adyndaky oba baryp gördüler.
Ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetine ýokary netijeli sporty wagyz etmegi hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna çykaran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmegi çuňňur many- mazmuna eýedir. Döwlet Baştutanymyz media foruma gatnaşyjylara ýüzlenmesinde «Sport —ruhubelentlik we sagdynlyk!» diýen ýörelgeden ugur alyp, türkmen sportuny dünýä sporty bilen sazlaşykly ösdürmekde tutumly işleri alyp barýarys» diýip belledi.
Foruma dünýäniň 29 döwletinden iri teleradio ýaýlymlaryň, çaphana neşirleriniň, halkara we sebit assosiasiýalaryň Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS), Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň we beýlekileriň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Geljek ýyl Aziada — 2017-niň geçirilmeli ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň binalary bilen tanşyp, daşary ýurtly žurnalistler sport ýaryşlaryny tutuş dünýä alyp görkezmek we habar bermek üçin döredilen metbugat merkeziniň, şeýle hem her binadaky degişli desgalaryň bolmagyny aýratyn bellediler. Mejlisiň bölümlerinde ýokary derejeli sport çärelerini taýýarlamak we guramak işinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine garaldy. Türkmen tarapynyň wekilleri myhmanlary ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak, meýletinçiler hereketini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň göwrümli işler bilen tanyşdyrdylar.
Şeýle hem myhmanlar sport binalarynyň we ýaryşy guramagyň ýokary hilini bellediler. Çünki, olara tennis boýunça halkara ýaryşynyň açylyşyna gatnaşmak miýesser etdi. Türkmen türgenleriniň ýekelik we jübüt bäsleşiklerde iki altyn we bir kümüş medala mynasyp bolup, umumy toparlaýyn bäsleşikde birinji orny eýeländiklerini bellemek gerek.
Ondan soňra sport çäreleri Olimpiýa şäherjiginde ýeňil atletikaçylaryň halkara ýaryşy bilen dowam etdi. Bu ýaryşlarda türkmenistanlylar jemi 44 medal – 15 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ynamly birinji orny eýelediler.
Media forumyň işi jemlenende, sport çärelerini beýan etmäge goşan uly goşandy üçin iň gowy daşary ýurtly žurnalistlere Aziýa sport metbugaty bileleşiginiň hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň barşynda foruma gatnaşan köpsanly žurnalistler Türkmenistanyň dünýä ýüzüne diňe bir ösen ykdysadyýeti döwlet hökmünde tanalman, sport döwleti hökmünde ýyl geldigiçe giňden tanalýandygyny bellediler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary iri sport ýaryşlaryny geçirmekde, şol sanda habar berişde özleriniň ýolbaşçylyk edýän neşirleriniň türkmen tarapy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdiler.
Syny dowam etmek bilen, geçen hepde Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Mejlisiň başlygynyň Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hillden ynanç hatyny kabul edendigini bellemelidiris.
Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly täze eseriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň öňýanynda neşir edilip, onda beýik türkmen sazandasy Şükür bagşynyň keşbinde medeniýetiň parahatçylyk dörediji ähmiýeti beýan edilýär.
Milli Liderimiz ady rowaýata öwrülen sazandanyň köptaraply keşbini açyp görkezmek bilen, bu keşpde beýan edilýän taglymyň umumadamzat ähmiýetini nygtaýar hem-de onuň çeperçilik we döwrüň çäklerinden çykýandygyny nygtaýar. Bu taglymda sungatyň parahatçylyk döredijilik we umuman, parahatçylyk dörediji sungatyň wezipesi öňe sürülýär.
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitap belli türkmen suratkeşleriniň surat eserleri, şeýle hem “Şükür bagşy” kinofilminden alnan şekiller bilen bezelipdir.
Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri beýleki köp eserleri ýaly işjeň durmuş-ykdysady we ylmy-medeni ösüş zamanasyna ynamly gadam basan we şunda halkymyzyň köp asyrlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny saklaýan häzirki zaman Türkmenistany dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezýär. Täze kitap paýtagtymyzda “Kitap-- hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen XI Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň merkezi böleginde görkezildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy bilen ýurdumyzyň söwda-senagat edarasy tarapyndan her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre dünýäniň 19 döwletinden – Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Pakistandan, Albaniýadan, Polşadan, Ukrainadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we beýlekilerden kitap neşirçileri we bu ulgamyň beýleki wekilleri gatnaşdylar.
Serginiň köpsanly diwarlyklarynda çeper çagalar, okuw, ylmy-köpçülik, maglumat-ensiklopediki edebiýatlaryň, ýokary çaphana derejesinde bezelen milli we dünýä nusgawy edebiýatynyň iň gowy nusgalary, sporta bagyşlanan ýörite neşirler giňden görkezildi. Myhmanlar we kitap sergi-ýarmarkasyna gelip görýänler neşir, çaphana we kitaphana işiniň soňky ýeten sepgitleri, täze tehnologiýalar we media-önümler bilen tanyşdylar.
“Kitap - hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahatyň barşynda bu ulgamda, terjimeçilik-kitaphana işinde hünärmenleri taýýarlamak, hyzmatdaşlygy we döredijilik alyşmalary baradaky meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän we giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen Aşgabat kitap forumy ýurdumyzyň medeni durmuşymyzyň esasy we iň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän çäreleriň hatarynda geçen hepdede türkmen paýtagtynda guralan Wena balyny aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Awstriýa — Тürkmen jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan bu çäre Indi üçünji gezek geçirilýär. Aýdym-sazly agşamyň maksatnamasyna milli we dünýä saz sungatynyň naýbaşy eserleri, horeografiýa çykyşlary girizildi. Olary türkmen sungat ussatlary we döredijilik toparlary, şeýle hem awstriýaly artistler ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda “Lukmançylyk bilimini we ylmyny ösdürmekde telelukmançylygyň orny” atly ylmy-amaly maslahaty bellemelidiris, ol döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Ýöriteleşdirilen maslahata Germaniýadan, Ispaniýadan, Nikaraguadan alymlar çagyryldy. Forumyň barşynda daşary ýurt hünärmenleriniň tanyşdyryş-çykyşlarynyň onlarçasy diňlenildi. Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň hem-de Ylmy-klinika merkezli kardiologiýa hassahanasynyň arasynda guralan teleköpri uly gyzyklanma eýe boldy, oňa degişli kafedralaryň professorlary we mugallymlary gatnaşdylar. Lukmançylyk uniwersiteti bilen Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň arasynda geçirilen teleköpriniň esasy mowzugy lukmançylyk kömegini bermek boýunça maslahatlardan ybarat boldy.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her gününde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän we döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň belent döredijilik ruhuny şöhlelendirýär.