Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly jahankeşdeler!
Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlaýaryn!
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän däbe öwrülen halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, erkin ykdysady zolak bolan «Awazada», paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ajaýyp myhmanhanalar toplumlarynyň, ähli amatly şertler göz öňünde tutulan dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk ulgamynda möhüm orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Ata Watanymyzda halkara syýahatçylyk sergisini we maslahatyny geçirmek häzirki döwürde ajaýyp däbe öwrüldi. Bu maslahat Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň özara peýdaly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, dünýä syýahatçylyk ulgamynyň üstünlikleri, şypahana-sagaldyş we dynç alyş ugurlarynda iň täze gazanylanlar babatda alymlaryň hem-de hünärmenleriň tejribe alyşmagyna ýardam edýär. Garaşsyz Watanymyzda häzirki zaman syýahatçylyk ulgamyny döretmek halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, ýurdumyza innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Biz alyp barýan döwlet syýasatymyzda syýahatçylyk babatda halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, şol sanda berkarar Watanymyz bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine, syýahatçylyk ulgamynda gol çekilen hökümetara ylalaşyklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda geçirilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, ýörite hünär okuwlarynyň we beýleki halkara derejesindäki çäreleriň syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we köp görnüşliligini giňeltmäge, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, ökde hünärli işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem ýurdumyzy dünýä tanatmaga ýardam berýändigi bizi örän guwandyrýar.
Sergä gatnaşýan hormatly myhmanlar!
Eziz adamlar!
Halkara maslahaty dürli döwletler we halklar bilen täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň we dünýäniň syýahatçylyk iş tejribesine innowasion çemeleşmeleri üstünlikli ornaşdyrmaga, halkara syýahatçylygynda geljegi uly bolan bitarap döwletimiziň doly ykrar edilmegine ýardam berer diýip pikir edýärin.
Sizi «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we bagtyýar durmuş, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow