Paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika bölümi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralan halkara söwdanyň statistikasy boýunça sebit maslahaty öz işine başlady.
Maslahatyň esasy maksady harytlaryň we hyzmatlaryň halkara söwdasy boýunça statistika maglumatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr. Duşuşygyň gün tertibine bu ulgamy kämilleşdirmek, halkara söwdasynda maslahatlaryň esasy ugurlary we milli isleglere laýyklygy, statistika maglumatlaryny düzmegiň usullary, halkara söwdanyň statistikasynyň töleg deňeçerligi bilen özara baglanyşygy, daşary söwdanyň nyrh ýagdaýy hem-de beýleki meseleler girizildi.
Maslahata BMG-niň Statistika bölüminiň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri, Gazagystanyň hem-de Hindistanyň ykdysadyýet we söwda döwlet edaralarynyň hünärmenleri gatnaşýarlar. Bu çäräniň ýurdumyzda guralmagy Türkmenistanyň statistika edaralarynyň BMG-niň utgaşyk düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň ösýändigine şaýatlyk edýär.
Mejlisiň açylyşynda BMG-niň Statistika bölüminiň direktory Stefan Şwaýnfestiň wideoşekilli ýüzlenmesi görkezildi. Ol gutlagynda halkara söwdanyň statistikasynyň ykdysady ösüşiň we düzümleýin üýtgetmeleriň ýagdaýyna syn bermek üçin möhümdigini hem-de şu duşuşygyň tejribe alyşmak we bu ulgamda umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetini nygtady.
BMG-niň Statistika bölümi statistika maglumatlary toplamagy, seljermegi hem-de işlemegi we ählumumy statistika ulgamynyň çäklerinde işleri utgaşdyrmagy amala aşyrýan BMG-niň Sekretariatynyň çäginde esasy gural hökmünde çykyş edýär. Bu bölüme BMG-niň Statistika topary ýolbaşçylyk edýär, ol halkara statistika işlerini utgaşdyrmak boýunça çözgütleri kabul edýär hem-de bütin dünýä boýunça BMG-niň agza döwletleriniň esasy statistika edaralaryny birleşdirýän ýokary edara bolup durýar.
Statistika bölümi ählumumy statistika maglumatlaryny toplaýar hem-de ýaýradýar, statistika işleriniň ölçeglerini we kadalaryny düzýär, şeýle hem ýurtlaryň öz milli statistika ulgamlaryny pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny goldaýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins çykyş edip, şu çäräniň statistika maglumatlaryny kämilleşdirmek hem-de sebitiň ýurtlarynyň dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy babatynda ähmiýetini nygtady. Türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy hem-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanmasy beýan edildi.
Mejlisiň ilkinji gününde hyzmatlar söwdasynyň halkara statistikasynyň esasy ýörelgeleri hem-de syýahatçylyk statistikasy boýunça maslahatlar, halkara söwdasy boýunça statistik maglumatlary toplamagyň usulyýeti we töleg balansynyň ýagdaýy, täjirçilik kärhanalarynyň statistik sanawy we söwda bilen täjirçilik işiniň statistikasynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak ýaly möhüm meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda şeýle hem halkara söwdanyň statistikasy boýunça BMG-niň Statistika topary tarapyndan 2010-njy ýylda makullanylan Gözükdirmäniň sebitde amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, daşary söwdanyň nyrh görkezijileri hem-de sarp ediş harytlarynyň nyrhlary, hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşleri — gurluşyk, ulag, syýahatçylyk we beýlekiler boýunça iş tejribesi seljerildi. Çäräniň maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň tanyşdyryşy girizildi, olaryň wekilleri milli tejribe barada pikir alşarlar.
Dürli ýurtlaryň statistika barlaglary, olaryň bir usulyýet boýunça utgaşdyrylyp geçirilen ýagdaýynda deňeşdirilip bilner. Şonuň bilen baglylykda, BMG-niň statistika standartlary halkara guramalary üçin hökmanydyr hem-de milli statistika edaralarynyň işlerinde ulanmak maslahat berilýär, şunda olar halkara ölçeglere laýyklykda ýa-da öz maglumatlarynyň aýratynlyklaryny teswirlemek bilen BMG-ä maglumat berýärler.
Göni daşary ýurt maýa goýumlaryny hasaba almak bilen halkara söwdanyň işewür toparlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ýeke-täk ulgamyna birleşip, ykdysady ösüşiň möhüm bölegi bolup durýandygy ählumumy ykrar edilendir. Maslahatda bellenişi ýaly, halkara haryt söwdasy we hyzmatlary boýunça statistika maglumatlaryndan peýdalanýan döwlet düzümleri, işewürler, pudak edaralary üçin bu maglumatlar öz aýratyn ykdysady statistik görkezijilerini, meselem, hasaplaşyk balansyny ýa-da milli hasaplar ulgamy boýunça makroykdysady görkezijileri işläp düzmek üçin möhümdir.
Bu maglumatlar söwda we umumy ykdysady syýasatyň strategiýasy işlenip düzülende, söwda gepleşikleri alnyp barlanda, bazarlarda seljerme geçirilende hem-de başga-da köp ýerlerde ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, dürli statistik maglumatlary peýdalanyjylaryň dürli maglumatlara zerurlyk çekýändigi hem-de olaryň ýokary hilli statistik maglumatlara islegini kanagatlandyrmagyň milli hem-de ählumumy statistik ulgamlarynyň esasy wezipesidigi bellenildi.
29-njy sentýabra çenli dowam etjek maslahatyň wezipesi hasaba almagyň ýeke-täk görnüşli usulyny işläp düzmek we umumy kabul ederlikli toparlara bölmek arkaly statistik görkezijileriň halkara barabarlygyny gazanmaga, dürli ýurtlaryň statistik ulgamlarynyň ylmy we beýleki işgärleriniň tejribe alyşmagyna ýardam etmekden ybaratdyr.