Ï Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ugry bilen

view-icon 816
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sinin şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan guralan köptaraply forum, esasan, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bilim syýasatynyň üstünliklerine bagyşlanyldy.

Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň bu çäresiniň geçirilmegi üçin Sinin şäheriniň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Sinhaý welaýatyndan bolan wekiliýet Türkmenistanda ýygy-ýygydan bolýan myhmanlardyr, olaryň arasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi tarapyndan guralýan çärelere gatnaşýan, Hytaýda ýaşaýan ildeşlerimiz hem bar.

Sinhaý welaýatynyň Milletler uniwersitetinde 26-njy sentýabrda geçirilen sport, bilim, ykdysadyýet ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlarynyň myhmansöýer hytaý topragynda tanyşdyryş çäreleriniň başyny başlady. Myhmanlaryň arasynda bu welaýatyň bilim departamentiniň ýolbaşçylary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly mugallymlar we talyplar tanyşdyryş çäresiniň myhmanlary boldy. Olara Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, onuň medeni mirasy, Hytaý bilen ýola goýlan özara bähbitli işewür we ynsanperwer aragatnaşyklar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Muny häzirki çäre hem nobatdaky gezek tassyklaýar.

Şol gün Sininde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sinhaý welaýatynyň Bilim departamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Ol talyplary alyşmagyň, tejribeleri paýlaşmagyň, alyşmagyň, türkmen we hytaý dillerini öwrenmek boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklarda gazanylan, şol sanda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berer. Bu günki waka Türkmenistanyň bilim edaralarynda hytaý dilini okatmagy çuňlaşdyrmak boýunça bellenilen işler babatda aýratyn wajypdyr.

Ähtnama gol çekmek dabarasyna gatnaşan welaýatyň wise-gubernatory Çeng Lihuanyň belleýşi ýaly, bu resminama hyzmatdaşlyk etmek, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagy ugrunda ähmiýetli ädim bolup, iki ýurda dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.

27-nji sentýabrda Sinin şäheriniň Medeniýet we sungat merkezinde Aziada—2017-ä hem-de Garaşsyzlygyň 25 ýylynda bilim ulgamynda Türkmenistanyň gazanan täsir galdyryjy üstünliklerine bagyşlanylan sergi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşan Sinin şäheriniň meri Çžan Sýaorun bu çäräniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Gadymy Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýoluna öwrüldi. Bu bolsa Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň we Türkmenistanyň geografiýa taýdan örän amatly ýerleşmegi bilen hem şertlendirilendir. Häzirki gözden geçiriliş Hytaýyň bu şäheriniň ýaşaýjylary üçin türkmen halkynyň gazanan üstünlikleri we mirasy bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir diýip, mer nygtady.

Sergide V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Bilim ministrligi bilelikdäki diwarlygy görkezdiler.

Inženerçilik işi, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki isleg bildirilýän hünärler boýunça Sinin şäherinde bilim alýan türkmen talyplary hem serginiň myhmanlary boldular. Türkmenistan dünýä ykdysadyýetinde has üstünlikli ösýän ýurtlara, şol sanda Hytaýa hem her ýyl zehinli oglanlary we gyzlary bilim almaga ugradýar. Talyplary alyşmagyň netijesinde Hytaýdan bolan ýaşlar Türkmenistanda okaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri barada bu ýerde görkezilen maglumatlar myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Serginiň aýratyn diwarlygy zehinli türkmenistanlylar tarapyndan halkara talyp we mekdep ders bäsleşiklerinde gazanylan baýraklara bagyşlandy.

Sergide Türkmenistanyň baý milli mirasy we şu güni barada gürrüň berýän neşirler görkezildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şol sanda hytaý diline terjime edilen kitaplary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Häzirki gözden geçirilişde ýurdumyzda syýahatçylygyň ösdürilişi baradaky giňişleýin maglumatlar aýratyn orun tutýar. Onda “Syýahat” žurnalynyň ýörite sanlary, taryhy ýadygärlikler baradaky maglumatnamalar, V Aziýa oýunlaryny wagyz etmäge, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanan, şeýle hem milli türkmen tagamlarynyň dürli-dümenligini açyp görkezýän diwarlyklar bar.

Serginiň eksponatlarynyň hatarynda Türkmenistanyň we geljekki oýunlaryň nyşanlary bolan önümler — “Aziada — 2017-niň” alawy, sowgatlyklar, dokma önümleri, hytaý ilatyny aýratyn gyzyklandyran meýletinçileriň egin-eşikleri bar.

Uly ekranda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň surata düşüren öňde boljak oýunlara, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmäge, dürli pudaklarda türkmen halkynyň gazananlaryna hem-de köptaraply türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dürli öwüşginli wideofilmler we şekiller görkezildi.

Sergide türkmenleriň medeni mirasy barada gürrüň berýän ajaýyp fotoişler, şeýle hem çeper suratlar, milli egin-eşikleriň nusgalary we ýurdumyzyň modelýerleriniň döwrebap işleri hem görkezildi.

Sinin şäherindäki çäreleriň maksatnamasynda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmak dabarasy bar, onda harytlaryň dürli görnüşlerini ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi görkezdi. Häzir ýurdumyzda öndürilýän önümler daşary ýurtlaryň önümleri bilen ynamly bäsdeşlik edýär, muňa bolsa olaryň ýokary hili, önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassa çig malyň ulanylmagy ýardam berýär. Barha artýan görnüşler we önümçiligiň möçberleri ýurdumyzyň harytlarynyň daşarky bazarlara eksportunyň artdyrylmagy üçin hem şertleri döredýär. Sinin şäherinde Türkmenistanyň söwda merkeziniň açylmagy hem bu ugurda nobatdaky ädimdir.

Bu ýerde halk döredijiliginiň serişdeleri, haly önümleri, keteniden tikilen milli egin-eşikler, türkmen dokma önümleri, dermanlyk otlardan taýýarlanylan önümler alyjylara hödürlenildi .

Harytlaryň görnüşleriniň içinde türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen miwe suwlary, süýji-köke önümleri, balygyň gaýtadan işlenilmeginden taýýarlanylan gaplama önümleri we beýlekiler ýaly azyk önümleri aýratyn orun tutýar. Şäheriň ýaşaýjylary uly gyzyklanma bildirip, Söwda merkeziniň işiniň ilkinji gününde onuň alyjylary boldylar.

Sinhaý welaýatynyň Milletler uniwersitetiniň sport toplumynda sport festiwaly hem açyldy. Onuň barşynda futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi.

Şeýle hem 27-nji sentýabrda Hytaýyň Urumçy şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Sindzýan welaýatynyň uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi özara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, tejribe, usulyýet işläp düzmeleri alyşmaga ýardam eder.

28-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Sinhaý welaýatynyň Sinhua-Salarsk awtonom okrugyna baryp görer. Şol ýerde ýerli dolandyryş merkezinde duşuşyk hem-de bu etrabyň ykdysady üstünlikleri we medeni däpleri bilen tanyşlyk geçiriler.

Dostluk we hyzmatdaşlyk forumy 29-njy sentýabrda Sinin şäherinde tamamlanar.