Ï Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2016» atly X halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2016» atly X halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

view-icon 878
Gadyrly myhmanlar!
Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!


Sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň we kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2016» atly X halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Aragatnaşyk pudagyna täze tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ata Watanymyzyň milli telekommunikasiýa ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmekde ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti uludyr. Size Aşgabatda her ýyl geçirilýän bu sergide we maslahatda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda, däp bolan dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistan özüniň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen, älem giňişligini öwreniji we özleşdiriji döwletleriň hataryna goşuldy. Bu örän guwandyryjy wakalaryň biridir. Indi ýurdumyz dürli görnüşli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmaga we Ýer ýüzüniň beýleki onlarça döwletine hödürlemäge mümkinçilik aldy. Munuň özi ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm orny eýeledi. Hususan-da, ýokary tizlikli Internet ulgamynyň elýeterliligini, telegepleşikleriň görkezilişiniň ýokary hilliligini, hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek bilen birlikde ýurdumyzyň innowasion ösüşine, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine, halk hojalygynyň maglumat-aň-bilim mümkinçilikleriniň artmagyna, täze ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Geljekde älem giňişligini öwrenmek, ylmy-barlag işlerini geçirmek, howa şertlerini we ýer serişdelerini özleşdirmek, olary gorap saklamak ýaly ugurlar boýunça hem degişli işler durmuşa geçiriler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösdürmekde, bu ugurda häzirki zaman hyzmatlaryny ilata ýetirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän kämil telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň çäginde gurlan halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlary diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hem üstaşyr ulgamlaryň biri bolup durýar we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähmiýetli ugry hökmünde milli aragatnaşyk pudagynyň has-da ösmegine ýardam berýär.

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!


Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi täze wezipeleri, şol sanda kommunikasiýa we elektron aragatnaşyk serişdeleriniň has-da kämilleşdirilmegini öňe sürýär. Ýokary maglumat tehnologiýalar ulgamynda hödürlenýän dürli hyzmatlara bolan isleg yzygiderli artýar. Biziň ýurdumyz aragatnaşygyň häzirki şertlerinde ilatyň islegini kanagatlandyrmak üçin maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär we raýatlarymyz üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Telefon beketleri döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekilýär, aragatnaşygyň hemra ulgamy hereket edýär, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamy giňeldilýär. Guramalaryň, kärhanalaryň we okuw mekdepleriniň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanýar, Internetden peýdalanýanlaryň sany yzygiderli artýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan transmilli telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşi babatda gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyr. Şeýle gatnaşyklar sebitiň ägirt uly üstaşyr kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini, aragatnaşygyň häzirki zaman hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, diňe bir Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna däl-de, eýsem, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşine täze itergi berer.

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!
Gadyrly dostlar!


Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2016» atly X halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bu serginiň we maslahatyň dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.