Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!
Sizi bütindünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem giňden bellenýän Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny beýik zähmet üstünlikleri bilen garşy alýan, eziz Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň hem-de ýaşuly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna, eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan ajaýyp halkara baýramdyr. Bu halkara baýram gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýaly milli ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. Ýaşulularyň halkara güni jemgyýetimiziň durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. Şoňa görä-de, agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň älem-jahana ýaň salýan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Ýaşulularyň halkara gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, belent ruhy joşguna eýe bolýar. Pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşuly nesillerimiziň hormatyna mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Garaşsyz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Munuň özi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda halkymyzyň durmuşynyň düýpgöter özgerýändigini, medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, milli aň-düşünjämizi ösdürmek, abadan durmuşy üpjün etmek hem-de gülläp ösýän jemgyýeti kemala getirmek üçin çäksiz mümkinçilikleriň döredilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Mähriban halkym!
«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda zähmetsöýer, mert, gujur-gaýratly, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin Garaşsyz ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär, örän möhüm özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäde abraýly we uly hormata mynasyp bolan berkarar döwletimizde mähriban halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Biz berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň esaslaryny berkitmäge, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny artdyrmaga, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýän giň gerimli durmuş syýasatyny alyp barýarys. Biziň ýokary depginler bilen ösýän döwletimiziň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy ykrar edilýär. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşuly nesillerimiz hakynda uly alada edýäris. Ýaşuly nesillerimiziň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Şoňa görä-de, iň öňdebaryjy dünýä tejribeleri esasynda gurlan dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda halkymyza, şol sanda ýaşuly nesillerimize ýokary derejede hyzmat edilýär. Döwlet syýasatymyzyň möhüm ynsanperwer ugurlarynyň biri hökmünde ýaşulularymyza uly sarpa goýulýar, olar üçin möhüm şertler döredilýär.
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy, döredijilik başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde hem belent hormata mynasyp paýhasly ýaşulularymyz biziň daýanjymyzdyr. Jebisligimizi, agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň uly hyzmaty bardyr. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan asylly işlerimize, beýik başlangyçlarymyza, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň köp sanly taryhy wakalary hem muňa anyk şaýatlyk edýär.
Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyz, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir.
Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!
Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ýurt parahatçylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.