Ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýerli gurluşyk kärhanalarynyň kuwwatyny has-da doly peýdalanmak hem-de maýa goýumlarynyň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde aýratyn möhüm senagat desgalaryndan we binalaryndan beýleki desgalary we binalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek barada daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplary bilen baglaşýan şertnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň (materiallaryň we enjamlaryň bahalaryny hasaba almazdan) azyndan 80 göteriminiň ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylmagy bellenildi.